​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
16.09.2025

YLYMLY ÝAŞLAR NURANA GELJEGIMIZDIR

 

     Ýaş­lar — bi­ziň şu gü­nü­miz hem-de gel­je­gi­miz. Hä­zir­ki döwür­de ýaş­la­ra örän uly ynam bil­di­ril­ýär. Şol be­lent ynam bu gün­ki gün dur­mu­şy­my­zyň äh­li ugur­la­ryn­da aý­dyň du­ýul­ýar. Şoňa gö­rä-de, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan ýaş­lar bara­da­ky pa­ra­sat­ly döw­let sy­ýa­sa­ty hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tara­pyn­dan üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş­lar ýur­du­myz­da giň ge­rim­li özgert­mele­ri ama­la aşyr­ma­ga iş­jeň gat­naş­ýar­lar

 

      Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýaşlary ylmy-barlag işlerine çekmekde uly üstünlikler gazanyldy. Ýokary okuw mekdeplerinde ylmy jemgyýetler döredildi, ýaş alymlaryň ylmy gözlegleri alyp barmaklary üçin döwrebap barlaghanalar işe girizildi. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi bolsa ýaşlaryň dünýä derejesindäki ylmy maglumatlardan peýdalanmagyna giň ýol açdy. Ýaş alymlaryň ylma bolan höwesini artdyrmak maksady bilen döwlet tarapyndan ylmy grantlaryň berilmegi, döredijilik taslamalarynyň goldanylmagy hem üstünlikli çäreleriň biridir. Şeýle goldawlaryň netijesinde ýaş alymlarymyzyň ylmy täzelikleri dünýä derejesindäki ylmy žurnallarda çap edilýär, halkara maslahatlarynda diňlenilýär. Şu jähetden, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda döredilen Ýaş alymlar merkezi zehinli ýaşlaryň döredijilik gözlegleriniň, çeperçilik meýilleriniň barha rowaçlanmagyna oňyn täsir edýär. Ýaşlaryň ylmy taslama işlerini durmuşa geçirmekde, startap başlangyçlaryny goldamakda we höweslendirmekde, ylmy-döredijilik ukybyny artdyrmakda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlary hem tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. 

     Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy netijesinde ýurdumyzyň ýaş alymlaryny maddy taýdan goldamak, olaryň alyp barýan ylmy-barlag we tejribe-gurnama işlemelerini, taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasy döredildi. Her ýylda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde ýaşlaryň arasynda geçirýän ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglary hut şu gaznadan maliýeleşdirilýär. Bu bäsleşik ýaşlaryň täze pikirlerini ýüze çykarmakda, olaryň ylma bolan höwesini goldamakda hem-de ýaş alymlaryň öz işlerini ykrar etdirmeklerinde möhüm ähmiýete eýedir. Ýeňijiler diňe bir sylag bilen däl, eýsem, täze gözlegleri dowam etdirmek üçin giň mümkinçilikler bilen hem üpjün edilýär. Ýylyň-ýylyna geçirilýän bu bäsleşigiň ýeňijileriniň sanynyň barha artmagy, ýagny 2020-nji ýylda 46, 2021-nji ýylda 57, 2022-nji ýylda 72, 2023-nji ýylda 67, 2024-nji ýylda 107, 2025-nji ýylda bolsa 118 sany ýaş alymlaryň ýeňiji bolmagy ylmy jemgyýetçiligiň täze nesliniň kemala gelýändigini görkezýär. 

     Täze taryhy döwrümizde halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy hem barha işjeňleşdirilýär. Şunda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna resmi taýdan kabul edilmegi ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet ýaşlar syýasatynyň oňyn netijelere beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr. Bu üstünlik halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmakda hem-de ylym babatynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm başlangyç boldy. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ylmyň taryhynda ilkinji gezek resmi internet saýtlarda we diplomatik ýollar arkaly nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa hem-de genetika ugurlary boýunça «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara ylmy işler boýunça bäsleşik ýokary guramaçylykly geçirildi. 

     Ýaşlaryň bilim, sport, medeniýet ulgamlarynda gazananlaryny, şol sanda ylmy işleri we täzelikleri, türkmen ýaşlarynyň ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde görkezýän oňyn netijelerini, gazanýan üstünliklerini wagyz etmek babatda alnyp barylýan işler hem barha giň gerime eýe bolýar. Şunda çeper­-publisistik, ylmy-populýar žurnal bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň her sanynda hem-de yashlar.gov.tm internet saýtymyzyň bilim bölüminde ýaş alymlaryň ylmy täzelikleri boýunça makalalaryň halk köpçüligine yzygiderli ýetirilýändigini buýsançly bellemelidiris. Mundan başga-da, guramamyzyň ýanynda hereket edýän Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziň «Ýaş şahyrlar we žurnalistler», «Ýaş dilmaçlar we halypalar», «Ýaş telekeçiler we sanly mümkinçilikler» ýaly gurnaklaryna Ýaş alymlar merkeziniň agzalary, esasan hem, talyp ýaşlar işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa olaryň ylym-bilim babatynda özara tejribe alyşmaklaryna, halypa-şägirtlik gatnaşygyny pugtalandyrmaga giň ýollary açýar. 

    Jemläp aýdanyňda, ylym jemgyýetçilik ösüşine kuwwatly itergi berýän özgerdiji güýçdür. Şunda ýurdumyzyň okgunly ösüşi, esasan, ylymly, bilimli, zehinli ýaşlara we olaryň netijeli ylmy işlerine baglydyr. Ylym çygrynda ýaş alymlary goldamak we olary ylmy işlere çekmekde gazanylan üstünlikler bolsa döwletimiziň ýaşlara döredip berýän giň mümkinçilikleriniň ajaýyp miwesidir. Ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy, döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, ylym we çeper döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama üstünliklere beslensin!

 

 Ýazpolat KERIÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.