Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Paýhasly hem merdana ata-babalarymyz Garaşsyz döwletli bolmagy, erkana, abadan, asuda durmuşda ýaşamagy asyrlarboýy arzuw edip gelipdirler. 1991-nji ýylyň altyn güýzünde şol arzyly arzuw hasyl boldy. Şondan bäri geçen 34 ýylyň içinde eziz Diýarymyzda asyrlara barabar ösüş-özgerişler gazanyldy. 30 ýyla golaý wagt bäri bolsa ata Watanymyz dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ýeke-täk Bitarap döwlet hökmünde aýratyn uly abraýdan peýdalanyp gelýär. Elbetde, bu zatlaryň ählisi Garaşsyzlygyň eçilen ajaýyplyklarydyr.
Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny dünýä nusgalyk derejede berkiden we kämilleşdiren Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni giň gerimde ýaýbaňlandyrmak, sporty ösdürmek babatda badalga beren beýik işleri barada naýbaşy baýramymyzyň öňüsyrasynda söhbet etmek aýratyn ýakymlydyr. Çünki syýasy, ykdysady, medeni hem-de beýleki ugurlarda durnukly we dowamly ösüşi gazanmak üçin jemgyýetiň sagdyn bolmagy hökmany şertleriň biridir. Şol esasdan, sanlyja ýyllaryň içinde ýurdumyzyň çar künjeginde dünýäniň iň ýokary hil derejesindäki dürli sport desgalary we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Türkmen sporty ösüşiň täze ýoluna düşdi. Sportuň güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we hyjuwly ýaşamagyň gözbaşydygyny, sporta söýginiň durmuşa söýgüdigini nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren bu beýik işleriniň häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ösüşlerimiz ösüşlere ulaşýar, jemgyýetimiziň sagdynlygy barha berkäp, milli sportumyzyň dünýädäki abraýy täze belentliklere göterilýär.
Garaşsyzlyk – biziň baky bagtymyz. Garaşsyzlyk ýyllarynda, esasan hem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen belent sepgitlere, Watanymyzyň, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň dünýä içre barha belende göterilýän at-abraýyna, şan-şöhratyna bolan buýsanç kalplarymyzda, dillerimizde şygyr bolup, aýdym bolup ýaňlanýar.
Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.