The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

RAÝAT JEMGYÝETINIŇ HUKUK BINÝADY

 

     Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenen kadalar we ýörelgeler döwletiň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek, halkyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda gazanylan we gazanylýan üstünlikleriň möhüm hukuk esasy bolup durýar. Konstitusiýa raýaty we döwleti özara hukuklary, borçlary ykrar etmek arkaly baglanyşdyryp, olaryň ylalaşykly işiniň hukuk esaslaryny kesgitleýär. Konstitusion kadalardyr ýörelgeler adamyň hem-de raýatyň syýasy, durmuş ykdysady hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi üçin zerur şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyz dünýäde, ýurtda bolup geçýän öňegidişlikleri, döwletliligiň dowamly ösüşini, demokratik tapgyrlaryň kämilleşdirilmegini hasaba almak bilen,üsti ýetirilýän, ösdürilýän resminamadyr.

 

     Adam hukuklary we azatlyklary döwletliligiň berkligine, onuň demokratik derejesine, hukuk binýadyna, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygyna baha bermegiň baş çelgisidir. Ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmekde adam hukuklarynyň goraglylygy esasy orunda durýar. Bu ugurda gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak bilen, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş derejesini düýpli gowulandyrmaga ýardam berýär.

     Ýurdumyz halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak maksatlaryndan ugur alyp, halkara gatnaşyklary berkitmekde Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklaýar. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ilat gaznasynyň, Çagalar gaznasynyň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň goldaw bermeginde ýurdumyzda «Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» we «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023—2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy», «Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025—2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» işlenip taýýarlandy we olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olaryň mysalynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň her bir adamyň bilim almaga, zähmet çekmäge, dynç almaga we saglygyny gorap saklamaga bolan hukugyny beýan edýän kadalarynyň durmuşa ornaşdyrylýandygyna göz ýetirmek bolýar.

     Ýurduň Esasy Kanunynda we konstitusion kadalarynda adamyň we raýatyň haýsydyr bir hukugynyň ýa-da azatlygynyň berkidilmezligi şol hukugyň ýa-da azatlygyň bikanundygyny ýa-da tebigatda ýokdugyny aňlatmaýar. Ählumumy ykrar edilen ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda, adamyň we raýatyň özgeleriň kanuny bähbitlerine, daşky gurşawa, milli howpsuzlyga, jemgyýetçilik tertibine, şeýle hem ahlak kadalaryna zelel ýetirmeýän islendik hukugy we azatlygy kanunydyr. Hukuk adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary täsir ediş, gözükdiriş güýjüne daýanyp tertipleşdirse, ahlak kadalary jemgyýetçilik garaýyşlary, ruhy gymmatlyklar bilen rejeleýär.

      Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli alyp barýan syýasatynda jemgyýetiň we döwletiň, her bir raýatyň demokratik ýörelgelerini hem-de hukuk esaslaryny berkarar etmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlendi. Bu wezipeler hukuk ulgamynyň ähli düzüm böleklerini gurşap almak bilen, ol aň-düşünjeliligiň, edep-terbiýäniň, ýaşaýyş-durmuşyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. 

     Halkyň öz erk-islegini göni beýan etmeginiň kanuny görnüşi bolan saýlawlar raýatlaryň döwlet häkimiýet edaralarynyň emele gelmegine işjeň gatnaşmaklaryny üpjün edýär. Muňa mysal edip, demokratiýanyň iň möhüm ýüze çykmalarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň saýlawlaryny görkezmek bolar. Munuň özi Adam hukuklary hakyndaky ählumumy Jarnamanyň 21-nji maddasynyň 3-nji böleginiň 1-nji bendindäki: «Halkyň erk-islegi hökümetiň (häkimiýetiň) esasyny düzmeli» diýen halkara hukuk kadasynyň amal edilýändigini aýdyň görkezýär.

     Soňky ýyllarda ýurdumyzda köppartiýaly ulgam döredildi, jemgyýetiň öz-özüni dolandyryşy ösdürilýär. Raýat jemgyýetiniň binýady bolan we onuň mazmunyny kesgitleýän institutlara goldaw berilýär. Türkmenistanda syýasy köpdürlülik we köppartiýalylyk ykrar edilýär. Döwlet raýatlaryň Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde hereket edýän syýasy partiýalary we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge bolan hukugyny, dine uýmagyň erkinligini, jemgyýetçilik birleşikleriniň kanunyň öňündäki deňligini hem-de her bir adamyň pikir we söz azatlygyny kepillendirýär, raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleri üpjün edýär.

     Mahlasy, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň, ony durmuşa ornaşdyrmagyň gurallaryny döretmek wajyp wezipe bolup durýar. Jemgyýetde hukuk medeniýetiniň derejesiniň kämil bolmagy döwletiň hukuk kadalarynyň bökdençsiz durmuşa geçirilmegine, adam hukuklarynyň goraglylygyna, halkyň aň-düşünjesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýär. Hukuk medeniýetiniň derejesini dürli görnüşli hukuk gatnaşyklarynyň işjeňligi, kanunçylyk ulgamynyň we hukuk tertibiniň, hukuk resminamalarynyň dogry ýöredilişiniň ýagdaýy kesgitleýär.

     Ýurdumyzda häzirki döwürde hereket edýän kanunçylyk namalary Konstitusiýada berkidilen düzgünler we kadalar esasynda berkarar Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň her bir kadasy adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de öňünde durýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň ýörelgelerini açyp görkezýär. Bu bolsa ýurtda jebisligi, raýdaşlygy we sazlaşykly durmuşy üpjün edýär. 

 

Merjen BORJAKOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş 

syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.

 

11.06.2025 Details

BELENT ÜSTÜNLIGIŇ BEÝANY

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler syýasaty ýurduň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Döwleti we jemgyýeti mundan beýläkde demokratiýalaşdyrmakda, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny berkitmekde, milli kanunçylygymyzyň hukuk binýadyny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmekde, sanly hyzmatlary milli ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna ornaşdyrmakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bu işler üstünlikli ösdürilýär. Adamzadyň ýaşaýşyny hakyky eşrete öwrüp bilýän güýje eýe bolan sanly ulgamyň esasy ugurlary kesgitlenip, milli bilim, kanunçylyk, saglygy goraýyş, şäher gurluşyk, oba hojalygy ulgamlarynda netijeli işler amala aşyrylýar. Jemgyýetiň we döwletiň galkynyşy bilimiň, ylmyň ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Bu günki­gün ylym we bilim ösüşleriň kämil binýady hökmünde kesgitlenilýär. Bilimiň, ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň baglanyşygy netijesinde

durmuş­ykdysady özgertmeler sazlaşykly alnyp barylýar. Şonuň netijesinde bolsa ýurdumyzda önümçiligiň ähli pudaklaryna sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar.

 

     Häzirki wagtda Ýer ýüzünde sanly ulgam, maglumat tehnologiýalary durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşyp ugrady. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti, innowasion we intellektual ösüşi ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetiň hukuk we institusional düzümini özgertmek boýunça netijeli işler amal edilýär. Hut şu nukdaýnazardan hem,ýurdumyzyň depginli ösüşini artdyrmak we durmuş ykdysady ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly kadalaşdyryjy hukuk namalary döwrebaplaşdyrylyp, kämilleşdirilip, kanunlar, konsepsiýalar, döwlet maksatnamalary kabul edilýär. Ýurdumyzda sanly ulgamyň kanunçylyk binýady berkidilýär. Bu babatda «Elektron hökümet hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda»,

«Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we bu Kanunlara esaslanýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny görkezmek bolar. 

     Häzirki wagtda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak döwletimiziň baş maksadynda goýuldy. Döwletiň, jemgyýetiň medeni, ykdysady, intellektual, mümkinçilikleriniň ösmegi üçin ýurduň geljegi bolan ýaş nesle öwredilýän bilime aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ulgamy sanlylaşdyrmak, ösdürmek hem-de hukuk binýadyny berkitmek esasy wezipeleriň biridir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda her bir adamyň bilim almaga bolan hukugy kepillendirilip, ähli bilim edaralary üçin hökmany bolan döwlet bilim standartlary bellenilýär. Milli bilim babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň toplumlaýyn we bitewi häsiýete eýe bolmagy kanunçylyk namalarynda aýdyň şöhlelenýär. Esasy Kanunymyzyň kadalaryna esaslanýan Türkmenistanyň «Bilim hakynda» Kanuny döwletimizde üstünlikli dowam edýän bilim özgertmeleri bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Bilime sanly ulgamy ornaşdyrmak Kanunyň 6-njy maddasynda görkezilýär.

    Türkmenistan milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara şertnamalaryna ilkinjileriň hatarynda goşulmak bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmekde maksatnamalaýyn işleri alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň dördünjisi bolan «Hemmeleri öz içine alýan we adalatly hem-de ýokary hilli bilimi üpjün etmek we hemmeleriň bütin ömrüniň dowamynda

 

okamak mümkinçiligini höweslendirmek» atly maksadyny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler muny tassyklaýar. Bilim ulgamyny okgunly ösdürmegiň her bir ugrunyň Milletler Bileleşigi tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna wezipelerine kybap gelýändigini aýratyn bellemek gerek. 

     Häzirki zaman şertlerinde jemgyýetiň ösüşi ýurdumyzyň bilim ulgamynda sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanyp, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, okatmakda, pedagogik işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmakda giň gerimli ulgamlaýyn özgertmeleri geçirmegi, umumy bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda umumy bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmegi nazarlaýar. Sanly ösüşiň durmuşyň ähli ugruny gurşap almagy, täze tehnologiýalaryň döredilmegi ýaş nesliň taýýarlygynyň barha kämilleşdirilmegini talap edýär. Okatmagyň täze usullaryny we tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak döwrüň wajyp meseleleriniň birine öwrüldi. Häzirki döwürde geljekki hünärmenleri halkara ülňülerinde sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösen derejede taýýarlamak möhüm wezipeleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, täze taryhy döwürde ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary öwrenmäge,

kompýuter programmalaryny düzmäge uly üns berilýär. Elektron maglumatlar asyrynda iň zerur ugurlar hökmünde kompýuter programmalaryndan baş çykarmak, robototehnikany kämil özleşdirmek we kämil tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak möhümdir. 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik işleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi Watanymyzyň bilimler ýurdy hökmünde rowaçlyklara beslenmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim edaralarynyň, hünär bilimi edaralarynyň döwrebap binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, olarda sanly ulgamdan peýdalanmaga döredilen mümkinçilikler we şertler ýurdumyzy ösüşlere besleýär.

 

Nepes ROZYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

11.06.2025 Details

BILELIKDÄKI TAGALLALARDA ZENANLARYŇ ORNY

 

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz BMG-niň düzüm birlikleri we beýleki halkara guramalary bilen adam hukuklary, gender deňligi, enäniň we çaganyň saglygyny goramak we beýlekiler babatda meseleleriň giň gerimi boýunça yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şeýle çemeleşme Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy. Bu ýörelgä laýyklykda, ýurdumyzda «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Döwletimiz adam hukuklary boýunça esasy halkara resminamalara, şol sanda zenanlaryň hukuklary hakynda konwensiýalara we deklarasiýalara goşuldy.

     Gender deňligi meselesine diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde ýokary ähmiýet bermek maksady bilen, 2021-nji ýyldan başlap, her ýyl Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy geçirilýär. Bu däbiň dowamy hökmünde 2025-nji ýylyň 29-njy maýynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde «Zenanlar we buzluklar» at bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Forum «Howanyň üýtgemeginiň öňüni almakda we oňa uýgunlaşmakda zenanlaryň orny», şeýle hem «Buzluklary gorap saklamakda zenanlaryň üstünlikli başlangyçlary» diýen iki sany plenar mejlisden ybarat boldy.

     Bilşimiz ýaly, köp döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde suw diplomatiýasy çykyş edýär. Oňa köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy diplomatik görnüşi hökmünde garalýar. 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitinde eden çykyşynda: «Buzluklaryň Türkmenistandan uzakda ýerleşýändigine garamazdan, biziň ýurdumyz üçin olaryň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Buzluklar sebitde ýaşaýşyň, oba hojalygynyň we ekoulgamyň esasy serişdesi bolan Amyderýa ýaly derýalaryň tebigy çeşmeleri bolup durýar. Biz diňe iň häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly buzluklary gorap saklamagyň mümkindigine ynanýarys» diýip belledi. 

     Ýurdumyz Merkezi Aziýanyň ähli beýleki ýurtlary ýaly arid zolagynda ýerleşmek bilen, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini özünde duýýar. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we täsirini gowşatmak boýunça çärelere diňe bir ekologiýa çygrynda däl, eýsem, ykdysady we durmuş çygyrlarynda hem aýratyn üns berilýär. 

     Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýasy suw we oba hojalygy, toprak we ýer serişdeleri pudaklary, ekoulgamlar we tokaýlar üçin uýgunlaşdyryş çäreleriň, şeýle hem senagat, energetika we ulag pudaklary boýunça çäreleriň giňişleýin sanawyny öz içine alýar.

     Her ýyl Tokaý maksatnamasynyň çäginde bütin yurt boýunça 3­million düýbe çenli ýaprakly, pürli we miweli agaçlar ekilýär. Suw serişdelerini gorap saklamak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen bagly ählumumy meseleleri çözmäge saldamly goşantlaryň mysallarynyň biri hem «Altyn asyr» türkmen kölüniň gurluşygy bolup durýar. Bu gidrotehniki taslama ýurduň çäginde, şonuň ýaly-da bütin Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge ýardam etmegi maksat edinýär. Şunda Türkmenistanyň zenanlarynyň ekologiýa maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga, tassyklamaga we amala aşyrmaga işjeň çekilýändigini bellemek zerurdyr.

     Häzirki zaman tehnikasyna ussatlyk bilen erk etmek we zerur bolan çeşmeleri peýdalanmak bilen, zenanlar azyk howpsuzlygyny gazanmak, ýerden peýdalanmak, howanyň üýtgemeginiň zyýanly täsirlerini azaltmak boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýarlar. Duşenbe şäherinde geçirilen «Zenanlar we buzluklar» atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda çykyş edenler bular barada giňişleýin

durup geçdiler. 

     Türkmen zenanlaryna şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.

 

Çemen REJEPOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ýerli wekilçilikli 

häkimiýet we öz-özüni dolandyryş edaralary bilen 

işlemek baradaky komitetiniň agzasy.

10.06.2025 Details

YNAMA YGRARLY NESILLER

 

     Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde, rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda giň gözýetimli, çuňňur dünýägaraýyşly we täzeçe pikirlenmäge ukyply ýaşlary kemala getirmäge aýratyn üns berilýär. Çünki ýaş nesil baradaky alada eziz Watanymyzyň geljegi baradaky aladadyr.

 

     Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Men türkmen ýaşlaryna kalbymyň töründen orun berip, olary ezizleýärin» diýýän bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» diýip nygtamagy ýaş nesillerimize bildirilýän uly ynamyň beýanydyr. Milli Liderimiziň hem­de döwlet Baştutanymyzyň durmuş tejribelerine esaslanyp berýän öwüt­ündewleri ýaş nesillerimiz üçin nusgalyk ýol­ýörelgedir. 

     Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler, ilkinji nobatda, köpugurly bilim bermäge, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. 

     Mälim bolşy ýaly, 2022­nji ýylyň 1­nji sentýabrynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Jemgyýetiň iň işjeň bölegini düzýän ýaşlaryň pikir­garaýyşlary çuňňur öwrenilip taýýarlanylan, 10 bapdan we 57 maddadan ybarat bu kanunda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlary, wezipeleri, ýörelgeleri, esasy ugurlary kesgitlenilip, ylym­bilim, döredijilik, telekeçilik, maşgala babatda ýaşlarymyzyň goldanylmagy we goralmagy göz öňünde tutulýar.

     «Bir ýyl öňüňi görjek bolsaň, däne ýetişdir. On ýyl öňüňi görjek bolsaň, bag ýetişdir. Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň, terbiýeli nesil ýetişdir» diýlişi ýaly, ata Watanymyzyň at­abraýynyň has­da ýokarlanmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Şu jähetden, Kanuna «Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi» atly täze babyň girizilmegi ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işleriň kanunçylyk binýadyny döretmekde uly ähmiýete eýedir.

     Dünýäniň häzirki şertlerinde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işlerinde ýaşlara wajyp ähmiýet berilýär. Şoňa görä­de, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030­njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO­nyň  Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiliginde ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. 

     Ýaşlar syýasatyny halkara derejede ýaýbaňlandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň hem esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä­de, 2023­nji ýylda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministsliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halklaryň dostlugy — ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň kepili» atly Ýaşlaryň halkara maslahatynyň, şeýle hem Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumynyň geçirilmegi taryhy wakalaryň hataryndan orun aldy.

     Jemläp aýdanyňda, türkmen ýaşlary jemgyýetiň ähli gurşawynda bolup geçýän özgerişleri, täzelikleri durmuşa geçirmäge we ösdürmäge ukyplydyrlar. Ýaşlar döwletiň işjeň we örän wajyp güýjüdir, olaryň islegleri, gymmatlyklary, garaýyşlary geljegiň binýadydyr. Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, ýaş nesle uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem­de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Maksat JANMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 

Mary welaýat geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

10.06.2025 Details

MILLI KANUNÇYLYKDA ÇAGA HUKUKLARY

 

     Nirede parahatçylyk, asudalyk, bagtyýarlyk bar bolsa, şol ýerde çagajyklaryň şadyýan sesleri belentden ýaňlanýar. Olar biziň kalbymyzyň buýsanjy, dünýämiziň iň uly şatlyk­şowhuny, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül­gunçalary, ömrümiziň dowamaty.

 

     Täze taryhy döwürde ösüşleriň röwşen ýolundan bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda ýetilen belent sepgitleriň hözirini görüp, erkana durmuşda ýaşaýan çagalar baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Çaga hukuklarynyň goragynyň binýadynyň berkden tutulyp, bu ugurdaky milli kanunçylygyň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmegi bagtyýar nesilleriň bähbidinden ugur alýar. «Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýip ykrar edýän Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan kanunçylyk namalarynda çaga hukuklarynyň goragynyň kanuny esaslarynyň, şeýle-de ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilmegi meselelerine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasynda: «Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar» diýlip berkidilýär. Milli kanunçylygymyzda Konstitusiýadan ugur alýan Türkmenistanyň Zähmet, Maşgala, Ýaşaýyş jaý, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda Kodeksleri, «Ýaşlaryň zähmet 

çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Hossarlyk we howandarlyk hakynda», «Durmuş hyzmatlary hakynda», «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary çagalygy goramagyň, bu ugurdaky işleri höweslendirmegiň kanuny hukuk esaslary bolup durýar. Bu Kanunlara esaslanýan milli strategiýalaryň, maksatnamalaryň we olary amala aşyrmak boýunça meýilnamalaryň kabul edilmegi, durmuşa ornaşdyrylmagy ýurduň geljegi bolan ýaş nesiller hakdaky aladanyň döwlet derejesindedigini tassyklaýar. 

     «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 6-njy maddasynda: «Çaganyň iň gowy bähbitleriniň üpjün edilmegi onuň bähbitleri babatda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar» diýlip bellenilýär. Bu Kanunda çaganyň azatlyklary, borçlary, gowy ýaşamaga, mynasyp terbiýelenmäge, şahsy aýratynlyga we durmuş taýdan goralmaga, ýaşaýyş jaýyna, maşgalada ýaşamaga, saglygyny goramaga, bilim almaga hukuklary anyk kesgitlenýär. 

     Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 12-nji babynda çaganyň hukuklary, ata-enäniň olar babatdaky hukuklary we borçlary giňişleýin beýan edilip, körpe nesliň hukuklary hakdaky Konwensiýanyň kadalary öz beýanyny tapýar. Ýaş nesliň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, çagalary okatmak, durmuşa taýýarlamak, döwrebap dynç alşyny guramak, olar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň halkara şertnamalar esasynda çaga hukuklaryny üpjün etmek barada öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmek maksady bilen, 2023-nji ýylda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 - 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasynyň» tassyklanmagy çagalar hakyndaky aladalaryň üns merkezinden düşürilmeýändiginiň ýene-de bir güwäsine öwrüldi. 

     Türkmenistan 1994-nji ýylda BMG tarapyndan kabul edilen «Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýany» tassyklamak bilen, ösüp gelýän nesilleriň hemmetaraplaýyn kämilleşmegi üçin oňaýly şertleri üpjün etmäge işjeň gatnaşýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň iş meýilnamalaryna laýyklykda, ýaş nesliň abadançylygyny üpjün etmek boýunça bilelikde alnyp barylmaly işleriň meýilleşdirilmegi bu ugurdan gatnaşyklarymyzy has-da berkidýär. Türkmenistanyň BMG-niň çaga hukuklary we bähbitleri babatda esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezmegi ÝUNISEF-niň uly goldawyna eýe bolýar. Munuň şeýledigini milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi, meýilnamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilýän toplumlaýyn çäreler, şeýle hem Türkmenistanyň 2024 — 2026-njy ýyllar üçin ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy hem doly tassyklaýar. Ýurdumyzda çagalaryň şu güni, nurana geljegi barada alnyp barylýan işler BMG tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlarynyň «Sagdyn durmuşy üpjün etmek we hemmeler üçin islendik ýaşda abadançylyga ýardam etmek» atly üçünji maksadyna ýetmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

     Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen eneleriň we çagalaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen hukuk resminamalarynyň kabul edilmegi, olaryň döwrüň talabyna görä kämilleşdirilip durulmagy, paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde welaýat merkezlerinde çaganyň we enäniň saglygyny goraýan «Ene mähri» merkezleriniň hereket etmegi, çaganyň irki döwürden hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini, ajaýyp durmuşyny üpjün etmekde zerur şertleriň döredilmegi, şeýle hem köp çagaly maşgalalara durmuş ýeňillikleriniň berilmegi mähriban halkymyzy guwandyrýar we buýsandyrýar. 

     Çagalaryň jemgyýetde öz ornuny tapmagynda, olaryň saglygyny goramakda, bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde, ýurduň ösüşlerine öz goşantlaryny goşmagyna höweslendirmekde, ähli taraplaýyn ösüşini üpjün etmäge zerur şertleri döretmekde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan nusgalyk işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Bu çäre hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, olaryň nurana geljeginiň üpjün edilmegine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilip, ýaş nesil barada edilýän çynlakaý tagallalaryň halkara derejede uly goldawa eýe bolýandygyny aýdyň şöhlelendirdi. 

     Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizilen Çagalary goramagyň halkara güni 1-nji iýunda, bütin dünýäde bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda hem giňden bellenildi. Bu senäniň şanyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinde medeni-köpçülikleýin çäreler, döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary guraldy. 

     Bilşimiz ýaly, tomus paslynyň gelmegi bilen, mekdep okuwçylary dynç alyş möwsümine gadam basýar. Tomsuň güneşli günlerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaş türkmenistanlylaryň sapaly dynç, döwrebap bilim-terbiýe almagy, sagdyn ösmegi üçin ähli şertler döredilen. Munuň özi körpeleriň arzuwynyň hasyl bolýan ýurdunda maşgala institutlarynyň döwlet bilen gatnaşyklarynyň has berkemegine mümkinçilik berýän şertlerdir. Awazada, Gökderede we welaýat merkezlerinde gurlan dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň müňlerçesi wagtyny şatlykly hem manyly geçirýär. 

     Körpeleriň arzyly islegleriniň hasyl bolýan şeýle ajaýyp zamanasynda bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen eziz Watanymyzyň ýaş nesliniň okamagy, öwrenmegi üçin ajaýyp mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize il-halkymyz tüýs ýürekden alkyş aýdýar.

 

Nepes ROZYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň  deputaty, Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky  komitetiniň agzasy.

09.06.2025 Details

ABADAN ÝAŞAÝYŞ UGRUNDAKY TAGALLALAR

 

     Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işler, ilkinji nobatda, adamlaryň sagdyn ýaşaýşy, arassa howadan dem almagy, uzak ömür sürmegi bilen bagly belent maksatlaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanda her ýylyň 5­nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň giňden bellenilmegi­de ata Watanymyzda bu ugurdaky möhüm wezipelere uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30­ýyllygy giňden bellenilýän şanly ýylda bu ählumumy baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça öňde duran wezipeler we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy­amaly maslahatda hem şeýle möhüm meseleler, wajyp wezipeler bilen bagly çykyşlara uly orun berildi. Biz ylmy­amaly maslahata gatnaşyjylaryň käbiriniň pikir­garaýyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

 

Serdar GAÝYPOW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky

komitetiniň başlygy:

 

  - Peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, biologik köpdürlüligi ylmy 

taýdan öwrenmek we gorap saklamak, çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we oňa uýgunlaşmak boýunça milli, sebitleýin hem-de halkara derejelerde giň gerimli işler maksatnamalaýyn esasda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol işleriň kanunçylyk binýady-da yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň özenini düzýän energetika, ekologiýa, suw diplomatiýalaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Esasy Kanunymyzda ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça kadalar berkidilendir. Döwletimiz ekologiýa syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görmek bilen, ilkinji nobatda, bu ugurdaky işleri kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýadyny döredýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 20-den gowragy hereket edýär we olar yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Täze Kanunlaryň kabul edilmegi bilen, olaryň üsti ýetirilýär. 

     BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň maslahatlaryny nazara almak bilen, bu guramanyň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldamagynda ýurdumyz howa boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandyny (NDC) taýýarlady we ony 2022-nji ýylyň maýynda tassyklady. Bu strategik resminamada 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny, 2010-njy ýylyň derejesine görä, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar. 2023-nji ýylda ýurdumyzda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli pudagara topar döredildi. Şol ýylyň dekabrynda bolsa BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulandygyny resmi taýdan yglan etdi. Howada metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň “Ýol kartasy” kabul edildi. Bu işleriň netijesinde, diňe 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda metan zyňyndylarynyň 11 göterim azaldylmagy gazanyldy. Merkezi Aziýa ýurtlary üçin ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşjek howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegi barada öňe süren başlangyçlary Türkmenistanyň borçnamadan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalardyr maksatnamalar babatda halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen netijeli işleri alyp barýandygynyň güwäsidir.

07.06.2025 Details

ASYLLY ÝÖRELGELER DABARALANÝAR

 

     Her ýyl ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen bellenilýän Gurban baýramy halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has­da berkidýär. Ol hoşmeýillilige, mähribanlyga we

ýagşylyga çagyryp, adamlaryň köňlüni päkleýär. 

     Gahryman  Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly eserinde: «Gurban baýramy günlerinde hiňňildik uçmak uly şadyýanlygy, ruhubelentligi döredýär. «Hiňňildik uçmak bilen günäleriň dökülýär» diýen gadymy ynanç şu günlerde-de ýaşaýar. Hiňňildik uçulýan ýerlerde joşgunly aýdym sazlar belentden ýaňlanýar. Adamlar, aýratyn hem, ýaşlar ol ýerlere köpçülikleýin barýarlar. Bu ýagdaýlar adamlara uly lezzet berýär, ruhubelentlik paýlaýar, olaryň birek­birek bilen gatnaşygyny, agzybirligini berkidýär» diýip belleýär. 

     Türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan bu baýramçylyk milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň sanawyna girizilmegi bilen, ata­babalarymyzyň ajaýyp däplerini dowam edýän halkymyz ony şatlyk bilen garşy alýar. Şol günler täze egin­eşikler geýilýär, öý içerä serenjam berilýär, her bir öýde myhmanlar üçin datly tagamlar taýýarlanylýar. Gatlama, ýagly petir, çelpek, maýaly petir, pişme, owmaç ýaly dürli nygmatlar bereketli saçaklarymyzda bol bolýar. Myhmanlara palaw, dograma, ýarma, çekdirme, gowurma ýaly milli tagamlar hödürlenýär.

     Türkmen halkynyň ruhy­ahlak gymmatlyklaryna kybap gelýän, hoşniýetliligi, päk ýürekliligi we ynsanperwerligi ündeýän Gurban baýramyny ýokary ruhubelentlikde bellemäge ähli mümkinçilikleri döredýän, milli däp­dessurlarymyza aýratyn ähmiýet berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem­de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Gurbanlygyňyz kabul bolsun, eziz ildeşler!

 

Ýakup ATABAÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Halkara we 

parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.

07.06.2025 Details

TÜRKMEN-MONGOL GATNAŞYKLARYNDA TÄZE SAHYPA

 

     Ýer ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyryp, dünýä halklarynyň, bütin adamzadyň bähbidine köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürýän hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar. Häzirki döwürde ýurdumyz dünýä döwletleri bilen diňe bir däp bolan gatnaşyklary berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň çar künjüne dost-doganlygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň köprülerini gurýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa amala aşyran ilkinji döwlet sapary hem şol hakykaty aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bu sapar soňky ýyllarda yzygiderli ösdürilýän türkmen-mongol gatnaşyklarynyň has-da ilerledilmeginde nobatdaky möhüm ädime öwrülip, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerine ýol açdy. Bu barada türkmen wekiliýetiniň düzüminde bolan wekiller şeýle gürrüň berýärler:

 

Maksat KULYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy:

 

   — Hormatly Prezidentimiz Mongoliýa bolan döwlet saparynyň çäklerinde bu ýurduň milli parlamentiniň — Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy. Onda döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenilip, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegi parlamentler derejesinde goldamagyň maksadalaýykdygyna üns çekildi.

    Türkmenistanyň Mejlisinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huraly bilen parlamentara dostluk topary döredildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisiniň Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huraly bilen parlamentara gatnaşyklaryň çäklerinde birnäçe maksadalaýyk işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar. Hususan-da, parlament wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn iş saparlaryny guramak, parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, ugurdaş komitetleriň arasynda kanunçykaryjylyk işi boýunça tejribe alyşmagy guramak hem-de ýaş parlamentarileriň, zenan deputatlaryň işjeň hyzmatdaşlygyny ýola goýmak meýilleşdirilýär. 

      Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde parlamentara forumy geçirmek meýilleşdirilýär. Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet foruma gatnaşmaga çagyryldy.

 

Guwançmyrat AGAÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy:

 

— Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýanyň döwlet Baştutany Uhnaagiýn Hurelsuh bilen geçiren ýokary derejedäki duşuşygynda syýasy, ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, bu ugurda tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny hem-de Türkmenistanyň ýurtlaryň ençemesiniň çäklerini öz içine alýan utgaşdyrylan ulag-logistika geçelgelerini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmegi maksat edinýän «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» başlangyjyny öňe sürendigini bellemegi diýseň möhüm ähmiýete eýedir. 

     Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň biri bolan Mongoliýanyň hem ulag ulgamyndaky maksatlarynyň biziň döwletimiziňki bilen kybapdaşdygyny bellemek gerek. Mongoliýanyň başlangyjy bilen «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara barlag merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn ylalaşygyň» işlenip düzülmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň şu ýylyň aprel aýynda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara barlag merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn ylalaşyga» resmi taýdan goşulmagy döwletimiziň Ulan-Batorda ýerleşýän bu merkez bilen işjeň özara hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny görkezýär. 

     Söwda-ykdysady, ýeňil senagat, ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň 14-sine gol çekilmegi hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa döwlet saparynyň örän netijeli geçendiginiň güwäsidir. Döwlet saparynyň çäklerindäki Türkmen-mongol işewürler forumy hem döwletara dialogyň täze tapgyrynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmaga bagyşlandy. Forumda Mongoliýanyň işewür toparlary Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hem-de bu babatda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalar we özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Işewürler forumynyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi özara bähbitli ykdysady gatnaşyklara täze itergi bermekde uly ähmiýete eýedir. 

     Taryhy sapar dünýä döwletleriniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatyny işjeň goldap, ýurdumyz bilen uzak geljegi nazarlaýan gatnaşyklary yzygiderli berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyňlygy bilen tassyklady.

06.06.2025 Details

Экологическое благополучие под охраной закона

 

    Сегодня уже ни у кого не вызывает сомнения, что благополучие стран и народов во многом неразрывно связано с сохранением и уважением к окружающей нас природе. Мы, люди, являемся её неотделимой частью, и всё, что происходит с природой, непосредственно отражается на нашей жизни. Особое звучание тема обеспечения экологического благополучия получила вследствие глобального изменения климата и связанных с этим социальных проблем. Всё это обуславливает необходимость чёткого правового регулирования в сфере природопользования и экологии. О том, какой потенциал имеет законодательство Туркменистана для осуществления природоохранной политики, в интервью корреспонденту «НТ» рассказала депутат Меджлиса Туркменистана, член Комитета по законодательству и его нормам Дженнет Овекова.

   

    «НТ»: В Конституции Туркменистана прописано, что каждый человек имеет право на благоприятную для жизни и здоровья окружающую среду, достоверную информацию о её состоянии и на возмещение вреда, причинённого здоровью и имуществу в результате нарушения экологического законодательства или стихийных бедствий. Государство контролирует рациональное использование природных богатств в целях защиты и обеспечения здоровых условий жизни населения, охраны и сохранения стабильного состояния окружающей среды. Таким образом, можно утверждать, что вопросы экологии и охраны окружающей среды в нашей стране подняты на самый высокий уровень правового регулирования?

   – Безусловно. Более того, важно также отметить, что Туркменистан выстраивает природоохранную политику исходя из двух основополагающих конституционных принципов, а именно: высшей ценностью общества и государства в Туркменистане является человек, его жизнь, здоровье, безопасность. И второй, все природные богатства – это наше национальное достояние. 

     «НТ»: Исходя из сказанного, какие задачи поставлены во главу экологической и природоохранной политики? 

   – Главное, это обеспечить благоприятную для здоровья и жизни человека окружающую среду. Кроме того, задача состоит в том, чтобы рачительно использовать природные ресурсы и сохранить природу для следующих поколений. Немаловажным является развивать плодотворное региональное и международное сотрудничество в этой области. 

     «НТ»: С обретением независимости одним из первых законов в области природоохранных мер был Закон «Об охране природы». Данным законом предусматривается целый ряд запретных мероприятий для сохранения окружающей среды, регламентируется контроль и ответственность за экологические правонарушения. Как с тех пор развивалось природоохранное законодательство Туркменистана? 

        –Стратегическими приоритетами в сфере природоохранной политики определены водные и земельные ресурсы, предотвращение загрязнения воздуха и истощения озонового слоя и промышленного загрязнения, сохранение биоразнообразия; решение проблем деградации природной среды Приаралья. В этом направлении и развивалось законодательство страны. В Туркменистане также введено обязательное экологическое страхование для осуществляющих экологически опасные виды деятельности учреждений, предприятий, организаций независимо от форм собственности, в том числе иностранных юридических лиц, их филиалов, представительств, а также физических лиц, занимающихся предпринимательской деятельностью без образования юридического лица. Принятые законы способствуют установлению правовых, экономических, социальных и организационных норм сохранения окружающей среды, рационального использования природных ресурсов, обеспечивают сбалансированное гармоничное развитие отношений между человеком и природой, гарантируют права граждан на благоприятную окружающую среду. В целом можно сказать, что экологическое и природоохранное законодательство страны охватывает комплекс вопросов соответствующей деятельности, регламентирует права, функции, полномочия и меры ответственности государственных органов и хозяйствующих субъектов, а также применение экономических механизмов для рационального природопользования. 

    «НТ»: Природоохранная политика Туркменистана отличается комплексным подходом, что подразумевает как принятие законов, так и разработку, и реализацию национальных целевых программ, стратегий и концепций. Прокомментируйте основные из них. 

  – Глобальным вызовом XXI века является изменение климата. В этом плане отмечу «Национальную стратегию об изменении климата», принятую в новой редакции в 2019 году. Она нацелена на принятие мер по адаптации к наблюдаемым и ожидаемым климатическим изменениям и ограничению выбросов парниковых газов. В Стратегии также определены основные направления и приоритетные сектора для адаптации к изменению климата, намечены адаптационные мероприятия, направленные на снижение рисков, связанных с изменением климата. Стратегия призвана стимулировать подготовку экономики страны к возможным последствиям изменения климата путём повышения экономической, продовольственной, водной и экологической безопасности. 

    Особое внимание в Туркменистане уделяется улучшению качества окружающей среды на территории с повышенной степенью риска для здоровья человека. В этом плане отмечу «Национальную Аральскую Программу Туркменистана на 2021 – 2025 годы». Она была разработана по инициативе Президента Туркменистана на основе положений Конституции Туркменистана и в соответствии с целями и приоритетами Президентских программ социально-экономического развития страны. Программа предусматривает три главных аспекта: экологический, т.е. необходимость решать вопросы охраны, окружающей среды усилиями всех стран региона; социально-экономический, что предполагает принцип приоритета в охране здоровья и сохранения благоприятных условий жизни населения; политический аспект предопределён тем, что решение экологических и гуманитарных вопросов является важнейшим фактором безопасности в регионе. Главной целью Национальной Аральской Программы Туркменистана является улучшение экологической и социально-экономической обстановки и минимизация последствий аральской катастрофы на территории Туркменистана, то есть обеспечение благоприятных условий для жизнедеятельности человека. 

    «НТ»: Туркменистан присоединился ко многим основополагающим природоохранным Конвенциям ООН и уделяет большое внимание международному сотрудничеству в этой области. 

  – В целом Туркменистан поддерживает все основные экологические и природоохранные конвенции ООН. Совместно с Программой развития ООН, Программой ООН по окружающей среде, Глобальным экологическим фондом и другими авторитетными международными структурами на национальном и региональном уровне реализуются десятки экологических программ и проектов. 

    Туркменистан является стороной Рамочной конвенции ООН об изменении климата и Парижского соглашения по климату. Наряду с этим Туркменистан был инициатором принятия Генеральной Ассамблеей ООН двух Резолюций «Сотрудничество между ООН и Международным фондом спасения Арала» и выступает за утверждение специальной программы ООН по Аралу. Наша страна также выступает за создание действенных многосторонних механизмов сотрудничества для обеспечения экологической и техногенной безопасности на Каспийском море.

    Туркменистан также выступает с инициативой о создании в Ашхабаде Регионального центра по климатическим технологиям для стран Центральной Азии. Чтобы увеличить свой вклад в глобальные усилия по борьбе с изменением климата, Туркменистан ставит цель сократить выбросы парниковых газов на 20 процентов в 2030 году относительно уровня выбросов 2010 года. Туркменистан также присоединился к международной программе «Деревья в городах», объявленной Европейской экономической комиссией ООН для поддержки действий по борьбе с изменением климата в городах. Ежегодно по всей стране высаживаются миллионы саженцев лиственных, хвойных и плодовых пород. Успешно реализуются Национальная лесная программа на 2021–2025 годы, Национальный план действий по адаптации здоровья населения Туркменистана к изменению климата и его неблагоприятным последствиям на 2020–2025 годы. Кроме того, действует Национальная стратегия по развитию возобновляемой энергетики Туркменистана до 2030 года, Национальная программа по обеспечению здорового благополучия населения в Туркменистане на 2023–2028 годы. В стране на системной основе осуществляются работы по борьбе с опустыниванием, деградацией земель, по эффективному управлению водными ресурсами.

   Сохранению экологического благополучия всесторонне способствует наращивание научно-технического потенциала страны. Во все отрасли национальной экономики внедряются инновационные, ресурсосберегающие технологии, принимаются меры в целях повышения эффективности контроля за чистотой атмосферы, соответствия экологическим стандартам и требованиям строящихся заводов и фабрик, других объектов, которые в обязательном порядке проходят соответствующую экспертизу по их безопасности для окружающей среды. 

    «НТ»: Таким образом, мы можем констатировать, что в области экологии и охраны окружающей среды в Туркменистане решаются серьёзные и масштабные задачи. Все национальные преобразовательные программы в экономическом секторе и социальной сфере самым тесным образом увязаны с экологической составляющей как неотъемлемым условием благополучной во всех отношениях жизни людей.

05.06.2025 Details
1 ... 6 7 8 9 10 ... 89