The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzda uly ösüşleriň gazanylan, şanly wakalaryň biri-birine ulaşan ýyly hökmünde taryha altyn harplarda ýazyldy. Bu ýylda durmuşymyzyň ähli ugurlarynda badalga berlen hem-de rowaçlyklara beslenen il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumlar belent maksatlara ýetmegiň esasyny düzdi. Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasaty, beýik başlangyçlary, halkymyzyň agzybirligi bilen öňde goýlan wezipeler üstünlikli berjaý edildi.
Geçen ýylda welaýatymyzda hem amala aşyrylan işler sanardan köpdür. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň uludan toýlanylan ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň, «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň ýokary derejede geçirilendigini, bu ajaýyp künjekde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň dabaraly açylandygyny muňa mysal görkezmek bolar.
Mälim bolşy ýaly, ata Watanymyzda dürli maksatly binalaryň, desgalaryň gurulmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmeklige gönükdirilendir. Şöhrata beslenen ýylda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen Balkanabat Halkara howa menzili dabaraly ýagdaýda açyldy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze döwrebap awtomobil köprüsiniň ulanmaga berilmegi hem-de Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygyna girişilmegi şanly ýylyň unudylmajak taryhy wakalarynyň üstüni ýetirdi. Bulardan başga-da, welaýatyň dürli künjeginde ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalardyr desgalar ulanmaga berildi. Şeýle tutumly işler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeleriň miwesidir.
Hawa, her bir güni ösüşlere beslemek ajaýyp zamanamyzda öňde durýan esasy wezipeleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz: «Ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, biz ýetip gelen 2026-njy ýyla «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip at berdik. Hoşniýetli arzuw-umytlar bilen garşy alýan täze ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny belläp geçeris» diýip, türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda aýratyn nygtap aýtdy. Şundan ugur alnyp, üstümizdäki ýylda hem her bir maksatly tutuma rowaçlyklar ýaran bolar. Halkymyz agzybirlikli zähmetiň nusgasyny görkezer.
Goý, ajaýyp döwrümizde gadamlarymyz batly, her günümiz şuglaly bolsun! Diýarymyzy belent ösüşlere, rowaçlyklara besläp, halkymyzy nurly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Wezirgeldi Aşyrow, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.