The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

17.01.2026

KUWWATLY MILLI RUH — DÖWLETLILIGIŇ BERK BINÝADY

 

     Ýur­du­myz­da 2026-njy ýy­lyň «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türkme­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýyly diý­lip at­lan­dyryl­ma­gy, il­ki bi­len, Gün­do­gar mü­çe­na­ma­sy bo­ýun­ça ýylky ýy­ly, ýag­ny be­dew ýy­ly bi­len bag­ly bol­sa, ikin­ji ta­rap­dan, türk­men halky­nyň çuň­ňur ru­hy ga­ra­ýyş­la­ryn­dan ge­lip çyk­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň esas­landy­ran, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän döw­let sy­ýa­sa­tynyň, döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si­niň esa­syn­da duran kuw­wat­ly mil­li ru­hy güýç äh­li ösüş­le­rimi­ziň mi­ze­mez bin­ýa­dy­dyr.

 

     Mil­li Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserlerinde halkymyzyň asyrlaryň kynçylygyna ýan bermedik synmaz erkiniň, belent ruhunyň gözbaşlary örän giň we çuň açylyp görkezilýär. Akyl-paýhasyň, sabyrlylygyň, çydamlylygyň döwürleriň synagyndan geçmekde ilkinji we iň zerur şertlerdigine çyndan uýup gelen, bu düşünjäni ruhy-ahlak ýörelgesine öwren halkymyzyň, häzirki zamanyň çylşyrymly şertlerine garamazdan, berkarar döwletiň binýadyny pugtalandyrmakda, ösüşiň ýokary derejelerini gazanmakda oňyn netijeleri görkezmegi ýöne ýere däldir. 

     Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda şeýle belleýär: «Eliňizdäki bu kitap — eziz halkymyzyň beýik häsiýetleriniň hem-de onuň guwançly netijeleriniň bir beýany. Türkmenleriň parahatçylyk söýüjiliginiň taryhy kökleri, halkymyzyň belent häsiýetleri we ahlak düşünjeleri, medeniýetde, sungatda, durmuş ýörelgelerinde  parahatçylygyň  keşpleri, Türkmenistanyň häzirki zaman Bitaraplygynyň döwlet syýasaty hökmünde kemala gelşi hem-de iş ýüzünde durmuşa geçirilişi, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky orny, şeýle-de geljegi bilen tanyşmak isleseňiz, bu kitap size ýolgörkeziji bolup biler».

     Bu sözler türkmen Bitaraplygynyň gözbaşlaryna aralaşmaga çagyrýar. Edil şonuň ýaly, berkarar döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durnuklylygynyň, çalt depginli durmuş-ykdysady ösüşleriniň, daşary gatnaşyklar strategiýasyny durmuşa geçirmekde gazanýan üstünlikleriniň kuwwatly güýjüne göz ýetirmek üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryna ýüzlenmek zerurdyr. Ol kitaplarda beýik türkmen ruhy giňden açylyp görkezilýär. Halkymyzyň kämil, ideal durmuşy üpjün etmek ugrundaky tagallalary giňişleýin beýan edilýär. Halkyň durmuş filosofiýasynyň aýratynlygyna uly üns berlip, milli durmuş ýörelgeleriniň ýaşaýşyň ähli maddy, ruhy ugurlarynda şöhlelendirilişi örän inçelik bilen ýüze çykarylýar, türkmen ruhunyň genji-hazynasy döwrüň belentligine çykýar.

     Ata-babalarymyzdan miras galan asylly ruhy-ahlak ýolumyzyň täze döwrüň ösüşlerinde, keşbinde, durkunda dowam etdirilmegi  milli döwletlilik  ýörelgelerini dünýäde ykrar edilýän, umumadamzat gymmatlygynyň ynsanperwer ugry hökmünde nusgalyk tejribä öwürýär. Dünýä bolsa medeniýetleriň köpdürlüligi bilen gyzyklydyr, manylydyr. Her bir halkyň milli ruhy, mirasy, sungaty, medeniýeti adamzat ýaşaýşynyň baky ösüşiniň kepilidir. Çünki Ýer ýüzündäki durmuşyň maddy tarapy bilen birlikde, ruhy ýaşaýyş hem adamzady bu dünýäni özgerdiji, ösdüriji güýç, bu barlygyň iň gudratly eýesi hökmünde örän belent derejä galdyrýar. Şol belentligiň nazaryýeti adamzat ruhunda jemlenýär. Muny durmuş hakykaty diýip kabul etmek mümkindir. Adamzady gurujy, dörediji, öndüriji, ösdüriji hökmünde öňe, geljege alyp barýan kuwwatly güýjüň aň bilen birlikde, ynsanyň hemişe gözellige, ýagşylyga ymtylýan joşgunly ruhudygy ykrar edilen hakykatdyr. Bu hakykatyň durmuşylygyny, asyrlarda mizemeýändigini, tebigatyň durky ýaly müdimidigini döwürler aýdyň görkezýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň häzirki zaman ösüşleriniň egsilmez güýji milli ruhuň örän baý çeşmesidir. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen ruhunyň many çuňluklaryndan gelip çykýan buýsanjyň alamatydyr.

     Buýsanç, ynam, ruhubelentlik türkmen jemgyýetiniň owal-ahyr durmuş ýörelgelerine pugta ornaşan kalp duýgusydyr. Türkmenleriň durmuşy, tebigaty inçeden duýmak, ömrüň manysy, ýaşaýşyň aňyýet ýollary hakdaky paýhasly garaýyşlary «türkmençilik» diýen düşünjäniň nesilleriň aňynda berk kök urmagyna, halkyň milli häsiýetine öwrülmegine, asyrlar aşyp gelmegine sebäp bolupdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň häsiýetindäki milli ruhuň durmuşyň dürli ugurlarynda ýörelge hökmünde ýüze çykyşy barada çuňňur pikirler öňe sürülýär. Eserde bellenilişi ýaly, ata-babalarymyz ynsaby ahlak kadalaryna laýyk ýaşamagyň kanunlary hasaplapdyrlar, halkymyzyň medeniýetinde, ynam-ygtykatlarynda türkmençilik ýörelgeleri esasy orun eýeläpdir. Türkmençiligiň tutuş mazmuny ynsaplylykda jemlenendir.

     Gahryman Arkadagymyz halk döredijiliginiň güýjüniň ynsanperwerligi terbiýeleýändigi bilen baglydygyny belläp, munuň ömürboýy öwrenilmeli taglymatdygyny nygtaýar. «Ruhy baýlyk ebedi ýaşaýar», «Il-ulus agzybir bolanda, döwlet kuwwatly, ýurt asudadyr» diýen pent-nesihatlary nesilleriň dykgatyna ýetirýär. Milli Liderimiz halkyň häsiýetindäki ajaýyp durmuş kadalarynyň tutuş jemgyýete ýetirýän täsiri barada şeýle diýýär: «Türkmençilikde agzybirlik öýüň baş döwletidir. Agzybirlik maşgaladaky terbiýäniň özenini düzýär. Maşgalada özara gadyrly gatnaşygyň kemala getirilmegi jemgyýetiň jebisleşmegine täsir edýär». Bu pikir ählumumy ösüşi parahatçylykly, sazlaşykly alyp gitmekde zerur bolan ruhy-ahlak jähetlerine üns bermegiň möhümdigi, derwaýysdygy baradaky garaýyşlary hem ýüze çykarýar. Dünýä ösüşiniň häzirki çylşyrymly ýagdaýlary hut şeýle paýhasly pikirleriň, çemeleşmeleriň halkara syýasatynda hökmany şert bolmalydygyny aýdyň görkezýär.

     Gahryman Arkadagymyzyň ýaşaýşyň, umumadamzat gatnaşyklarynyň ruhy jähetleri baradaky pikir-garaýyşlaryny dowam etdirmek bilen, hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Biziň dünýämiz umumy öýdür. Bu öýde parahatçylygy, deňligi, özara hormaty gorap saklamak hemmämiziň bähbidimizedir. Dünýä — umumy öýümiz, parahatçylyk umumy geljegimizdir». Döwlet Baştutanymyzyň belläp geçişi ýaly, parahatçylyk — bu ruhy güýjüň, ahlak beýikliginiň, ynsanperwer paýhaslylygyň alamatydyr. Türkmenistanyň çalt ösýän, halkara hyzmatdaşlygy barha giňeltmekde mümkinçiligi uly bolan döwlet hökmünde dünýä giňişliginde ornunyň has pugtalanýan döwründe türkmen halkynyň ata-babadan dowam edip gelýän milli ruhy-ahlak ýoly döwletliligiň binýady bolmak çygryndan has belentliklere çykyp, umumadamzat ösüşine täsir edýär. Türkmeniň ruhy kuwwatyny, paýhasly millet derejesindäki beýik ornuny görkezýär. Munuň özi halkymyzy buýsandyrýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda çykyş eden döwlet Baştutanymyzyň: «Ählumumy parahatçylygy, özara düşünişmegi üpjün etmek meseleleri häzirki zaman ösüşiniň ugurlary, medeni we ruhy gatnaşyklary gorap saklamagyň hem-de ýakynlaşdyrmagyň zerurlygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu babatda ýüzýyllyklaryň dowamynda Gündogar bilen Günbataryň arasynda medeni köpri bolan Merkezi Aziýa häzirki günde öz taryhy wezipesini gaýtadan dikeldip, dialog, hyzmatdaşlyk babatda dünýägaraýyşlary we gymmatlyklary ýakynlaşdyrýan giňişlige öwrüldi» diýip bellemek bilen, halkara gatnaşyklaryň ynsanperwerlik, birek-birege hormat goýmak, milli bähbitleri umumy bähbitlere sazlaşdyrmak ruhunda ýola goýmagyň adamzadyň geljegini kepillendirmekdigine ünsi çekýär.

     Berkarar türkmen döwletiniň Merkezi Aziýa, Hazarýaka sebitlerinde asudalygyň, parahatçylykly ösüşiň, ylalaşykly gatnaşyklaryň merkezine, ynsanperwer ideýalaryň ýaýraýan mekanyna öwrülmeginde Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen döwlet syýasatynda, milli aňyýetde, jemgyýetçilik, durmuş gatnaşyklarynda halkyň ruhy-ahlak ýörelgelerine, milli garaýyşlara ägirt uly orun bermeginiň örän ähmiýetli we netijeli çözgüt bolandygy bellidir. Şunda oýlanyşykly, öňdengörüjilikli taýýarlanan her bir ösüş maksatnamasynyň düýp mazmunynda halkymyzy geljege ruhlandyrýan, ynamyny artdyrýan wezipeleriň giňden we çuňdan beýan edilmegi halk bilen döwletiň arasyndaky jebisligi pugtalandyrýan altyn sapak bolup, ol ata-babalarymyzyň milli ýol-ýörelgesine bolan hormat-sarpany has-da berkidýär. Bu bolsa uly ruhubelentlik, pugta ynam bilen öňe, belent ösüşlere tarap işjeň hereket etmegiň esasy şertidir.

     Türkmen halky berkarar döwletimiziň iň uly taryhy gymmatlykdygyna, geljekki röwşen ýaşaýşymyzyň, asuda durmuşymyzyň mizemez binýadydygyna çyn ýürekden düşünmek bilen, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de beýgelmeginiň, şan-şöhratynyň artmagynyň hatyrasyna arman-ýadaman zähmet çekýär, gurýar, döredýär, öndürýär, durmuşy, ýaşaýşy baýlaşdyrýar. Beýik geljek baradaky tagallalarda halkymyza ata-babalarymyzyň miras goýan belent ruhy kuwwat berýär, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesi nusga bolýar.

 

 Ata SERDAROW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Mejlisiň deputaty.