The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýyllar öz şygary bilen gelýär. Täze taryhy döwürde öňde goýlan ägirt uly wezipeler, tutumly maksatlar her bir ýylyň şygarynda öz beýanyny tapýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan üçin 2026-njy ýyl hem aýdyň maksatlar, tutumly başlangyçlar bilen badalga aldy. Şu ýyl ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy uly dabara bilen toýlanar. Bu arzyly we şanly senäni bedew batly ösüşlerdir zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrmak öňümizde duran baş maksatdyr.
Şu jähtden hem, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipler göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Ýylyň ajaýyp şygarynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ähli ugurlar babatda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň bedew batly depgini, merdana türkmen halkynyň asyrlar boýy gursagynda göteren döwletlilik, özygtyýarlylyk babatdaky maksat-myradynyň wysaly şöhlelenýär.
2026-njy ýyl — Gündogaryň müçe hasaby boýunça bedew ýyly. Türkmen halkynyň bedew ata aýratyn gadyr goýýandygy ony maksat-myradyna deňeýändiginden hem äşgär görünýär. Türkmen halkynyň gadymy dessuryna görä, ata atlanmak — kämilligiň, gujur-gaýratlylygyň alamaty. Döwlet tugramyzda bedew atyň şekillendirilmegi hem çuň taryhy-ruhy mazmuna eýe bolup, halkyň gadymyýetden gözbaş alýan döwletlilik ýörelgeleriniň dowamatynyň dowam bolýandygyny alamatlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlarda gazanylýan ösüşlerdir üstünlikler ata Watanymyzyň rowaçlygyň aýdyň ýolunda belent maksada okgunlylyk bilen öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidir. Baky bagtyýarlygyň, rowaç ösüşleriň mekanyna öwrülen berkarar döwletimizde amala aşyrylýan döwrebap özgertmelere, gazanylýan ösüşlere şaýat bolup, halkyň göterilen ykbalyny çarpaýa galan bedewe meňzedesiň gelýär. Milli Liderimiziň ägirt tagallasy we egsilmez yhlasy bilen binýat bolan Arkadag şäherinde çarpaýa galyp duran Akhan atly bedewiň heýkelinde hem täze taryhy döwürde gazanylýan ösüşleriň, täze galkynyşyň simwoliki alamaty şöhlelenýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Bedew» atly ajaýyp şygrynda hem:
Bir belent ykbal sen illere, bedew!
diýlip, aýratyn nygtalýar. Şeýle hem onda:
Ilime bagyş edip buýsanç baýlygyn,
Ýol açar sen ýyldan-ýyllara, bedew!
diýen çuň manyly setirler bar.
Mälim bolşy ýaly, halkymyzda «At agynan ýerde toý bolar» diýen parasatly söz bar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýram ediljek 2026-njy — bedew ýyly hem toý-baýramly, rysgal-döwletli ýyl bolsun!
Rasul SADULLAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty