​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
28.01.2026

DEMOKRATIÝANYŇ SÜTÜNI

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda jemgyýetçilik durmuşynda möhüm wakalaryň biri boljak 29-njy martda geçiriljek saýlawlary demokratik ýörelgeler esasynda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň demokratik sütünlerini has-da berkitmekde möhüm ähmiýeti bolar.

     Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz hormatly  Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ösüşlere beslenýär. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan döwletimiziň milli kanunçylygyny halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek, döwlet dolandyryşyny has-da demokratiýalaşdyrmak babatda işler yzygiderli alnyp barylýar.

     2025-nji ýylda kabul edilen, 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanda saýlawlarda we sala salşyklarda ses bermäge hukugy bolan raýatlaryň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň hukuk  hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Bu Kanunyň hereket etmegi ýurdumyzyň saýlaw ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny, ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirmek üçin saýlawçylaryň sanawyny düzmekden ybaratdyr.

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga, saýlawlaryň açyk-aýdyňlygyny üpjün etmäge uly üns berilýär. Häzirki wagtda demokratik saýlawlar babatda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän we saýlawçylaryň erkin, açyk ses bermegini üpjün etmek üçin ygtybarly hukuk binýady bolup durýan Türkmenistanyň saýlaw kodeksi hereket edýär. Türkmenistanyň saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, halk maslahatynyň, Geňeşiň agzasy möhletinden öň çykyp giden halatynda, degişli saýlaw okrugynda täze saýlawlar geçirilýär.

     Mälim bolşy ýaly, welaýatlarda täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary bellemek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwaryndaky kararyna laýyklykda, şu ýylyň 29-njy martynda saýlawlary geçirmek bellenildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze döredilen Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk, Gubadag etraplarynyň, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap, Garabekewül etraplarynyň hem-de Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň halk maslahatlarynyň agzalarynyň,  Lebap welaýatynyň 74-nji «Amyderýa», 79-njy «Darganata», Mary welaýatynyň 104-nji «Peşanaly»  we 106-njy «Wekil» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň möhletinden öň çykyp gidendikleri bilen baglylykda, şol saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, şeýle-de welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň möhletinden öň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin häzirki wagtda zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, 14-nji ýanwarda ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisde saýlaw möwsüminiň 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlanýandygy yglan edildi.

     Döwletimizde adam hakyndaky alada hemişe baş wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär, adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek Kanunlar bilen kepillendirilen ýörelgedir. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwletimiz adam hakyndaky halkara hukuk kadalaryny doly ykrar etmek bilen, adamyň bähbitlerini we hukuklaryny döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde öňe sürýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýlip bellenilýär. 

     Milli kanunçylygymyzy demokratik esaslarda kämilleşdirmek babatdaky tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

 

Allaýar OMAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.