Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy döwletimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da artdyrmaga, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda bedew batly beýik ösüşlere gönükdirilen işleri dowam etdirmäge uly ruhy güýç berdi. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, bu şanly ýylymyzda hem ähli ugurlar boýunça giň gerimli maksatnamalaryň çäginde düzülen meýilnamalary ýokary derejede ýerine ýetirmek boýunça tutanýerli işler durmuşa geçirilýär. 9-njy ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýyl üçin niýetlenen iş meýilnamalarynyň taslamalaryna garalyp, olar hormatly Prezidentimiz tarapyndan makullanyldy.
Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ilkinji derejeli we uly ähmiýetli wezipe hasaplanýar. Şoňa görä hem, 2026-njy ýyl üçin niýetlenen iş meýilnamalarynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipelerden ugur alnandyr. Olarda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini gazanmak bilen Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ýaly wezipeler, ilkinji nobatda, göz öňünde tutulýar.
Meýilnamalarda Türkmenistanda makroykdysady durnuklylygy we ýurdumyzyň durmuş ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmek, maýa goýum syýasatyny kämilleşdirmek, amatly maýa goýum, işewürlik gurşawyny döretmek, sanly ulgamy we döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak ýaly işler esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazanmak hem möhüm işleriň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini döretmek, halkymyzy ýurdumyzda ýetişdirilýän we öndürilýän azyk önümleri bilen doly derejede üpjün etmek hem esasy wezipeler bolmagynda galýar. Meýilnamalarda daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak bilen baglanyşykly wezipeler hem göz öňünde tutulýar.
Meýilnamalara laýyklykda, ýurdumyzda döwrebap kärhanalary gurmak, himiýa we gurluşyk senagaty pudaklarynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, awtomobil ýollaryny we köprüleri, döwrebap demir ýol menzillerini, deňiz gämilerini, önümçilik we durmuş ähmiýetli desgalary gurmak hem meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda ulanmaga berlen ulag infrastrukturasyny sebitiň üstaşyr mümkinçilikleri bilen netijeli utgaşdyrmak arkaly ýük dolanyşygyny artdyrmak, bu ugurlarda maýa goýumlar üçin amatly şertleri döretmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenilýär.
Garaşsyz döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, dünýäde ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar. Ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen gatnaşyklaryny berkitmek, halkara maliýe-ykdysady düzümler bilen alyp barýan işlerini pugtalandyrmak ugrunda zerur işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar.
Meýilnamalarda göz öňünde tutulýan giň möçberli işleriň amala aşyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik taglymatlarynyň dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Allaýar OMAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.