Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
24.01.2026

BEDEW BATLY, BELENT MAKSATLY WATAN

 

     2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy döwletimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da artdyrmaga, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda bedew batly beýik ösüşlere gönükdirilen işleri dowam etdirmäge uly ruhy güýç berdi. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, bu şanly ýylymyzda hem ähli ugurlar boýunça giň gerimli maksatnamalaryň çäginde düzülen meýilnamalary ýokary derejede ýerine ýetirmek boýunça tutanýerli işler durmuşa geçirilýär. 9-njy ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýyl üçin niýetlenen iş meýilnamalarynyň taslamalaryna garalyp, olar hormatly Prezidentimiz tarapyndan makullanyldy.

 

     Ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni yzygider­li ýo­kar­lan­dyr­mak il­kin­ji de­re­je­li we uly äh­mi­ýetli wezi­pe ha­sap­lan­ýar. Şo­ňa gö­rä hem, 2026-njy ýyl üçin niýetlenen iş me­ýil­na­ma­la­ryn­da «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýamy­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nistany 2022 — 2052-­nji ýyllarda dur­muş­-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li maksatnama­syn­da» göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­ler­den ugur alnan­dyr. Olar­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dur­nuk­ly ösü­şi­ni gazan­mak bi­len Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ösdürmek ýa­ly we­zi­pe­ler, il­kin­ji no­bat­da, göz öňün­de tu­tul­ýar.

     Me­ýil­na­ma­lar­da Türk­me­nis­tan­da mak­royk­dy­sa­dy durnuklyly­gy we ýur­du­my­zyň dur­muş yk­dy­sa­dy taý­dan dep­gin­li ösü­şi­ni üp­jün et­mek, ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­ny kämil­leş­dir­mek, amat­ly ma­ýa go­ýum, işe­wür­lik gur­şa­wy­ny dö­ret­mek, san­ly ulgamy we döw­re­bap san­ly teh­no­lo­giýa­la­ry giň­den or­naş­dyr­mak ýa­ly iş­ler esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­ýär. Şu­nuň bilen bag­ly­lyk­da, Döw­let býu­je­ti­niň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýetirilmegi­ni ga­zan­mak hem mö­hüm iş­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lygy­ny ös­dür­mek, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni dö­ret­mek, hal­ky­my­zy ýur­du­myz­da ýetişdirilýän we öndü­ril­ýän azyk önüm­le­ri bi­len do­ly de­re­je­de üp­jün et­mek hem esa­sy we­zi­pe­ler bol­ma­gyn­da gal­ýar. Meýilnama­lar­da daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­mak, eko­lo­gik abadan­çy­ly­gy üp­jün et­mek, ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň baş sa­ny­ny art­dyr­mak, ola­ryň dün­ýä­dä­ki şan-şöh­ra­ty­ny has-da be­len­de galdyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly we­zi­pe­ler hem göz öňün­de tutulýar.

     Me­ýil­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da döw­re­bap kärhanala­ry gur­mak, hi­mi­ýa we gur­lu­şyk se­na­ga­ty pu­dakla­ry­nyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak, aw­to­mo­bil ýol­la­ry­ny we köp­rü­le­ri, döw­re­bap de­mir ýol men­zil­le­ri­ni, de­ňiz gä­mi­le­ri­ni, önüm­çi­lik we dur­muş äh­mi­ýet­li des­gala­ry gur­mak hem meýilleş­di­ril­ýär. Ýur­du­myz­da ulan­ma­ga ber­len ulag infrastruktu­ra­sy­ny se­bi­tiň üs­ta­şyr müm­kin­çilik­le­ri bi­len ne­ti­je­li ut­gaş­dyr­mak ar­ka­ly ýük do­la­ny­şy­gy­ny art­dyr­mak, bu ugur­lar­da ma­ýa go­ýum­lar üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek, hal­ka­ra hyzmatdaş­ly­gy ös­dür­mek ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler hök­mün­de kes­git­le­nil­ýär.

     Ga­raş­syz döw­le­ti­miz he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýagda­ýy­na eýer­mek bi­len, dün­ýä­de äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­ga gö­nük­di­ri­len da­şa­ry sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýar. Ýur­du­myz hal­ka­ra hyzmatdaşlygynyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mä­ge, da­şa­ry ýurt­ly hyzmatdaş­lar bi­len söw­da-­yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Şu­nuň bi­len bag­lylyk­da «Bi­ta­rap Türkme­nistanyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2022 2028-nji ýyl­lar üçin Konsep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek, hal­ka­ra ma­li­ýe-ykdysa­dy dü­züm­ler bi­len alyp bar­ýan iş­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da ze­rur iş­le­ri alyp bar­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. 

     Me­ýil­na­ma­lar­da göz öňün­de tu­tul­ýan giň möç­ber­li iş­leriň ama­la aşy­ryl­ma­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döw­let adam üçin­dir!», hor­mat­ly Prezidentimiziň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­letdir!» di­ýen be­ýik tagly­mat­la­ry­nyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr.

 

Allaýar OMAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.