Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalary her bir maşgalanyň goraglylygyny üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle strategik işleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurduň syýasy durnuklylygyny berkitmek, ykdysady kuwwatyny we durmuş amatlyklary bolan desgalaryň sanyny artdyrmak, ilatyň jan başyna düşýän girdejilerini köpeltmek göz öňünde tutulýar. Şunda, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak hem-de dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrmak meseleleri öňe çykýar. Bularyň ählisi Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede uýgunlaşdyran ýurtlaryň ilkinjileriniň biri bolan Türkmenistanyň BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň öňde duran wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmegini üpjün edýär.
Şeýle aýdyň maksatlar «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ykdysadyýetimiziň hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli döwletliligimiziň binýadyny berkitmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Döwletimiziň dolandyryş-çäk gurluşynyň meseleleri babatda degişli teklipler işlenip taýýarlananda, ýurdumyzyň sebitlerini netijeli dolandyrmak, ykdysady mümkinçiliklerini, ilat üçin hyzmatlaryň elýeterliligini giňeltmek, senagatlaşdyrmak, iri ilatly ýerleri döretmek we olary geljekde ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün etmek esasy çelgidir. Hut şeýle wezipelere eýerip, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, döwlet derejesinde kabul edilýän çözgütleriň dessin ýerine ýetirilmegini hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösmegini üpjün etmek üçin şertleri döretmek maksady bilen, welaýatlaryň häkimlikleriniň towakganamalary, Ministrler Kabinetiniň teklipnamasy nazara alnyp, 19-njy sentýabrda «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi. Halk Maslahatynyň mejlisiniň öňüsyrasynda bu babatda degişli teklipler işlenip taýýarlananda, iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek, welaýatlaryň dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek, ilatynyň durmuş-ýaşaýyş derejesini has gowulandyrmak, şol sanda raýatlardan gelen teklipleri kanagatlandyrmak, şeýle-de durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak meseleleri aýratyn ünsde saklandy. Munuň özi ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Netijede, şu bähbitlerden ugur alnyp, ýurdumyzda şeýle döwrebap özgertmeleriň hukuk binýady berkidilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, Mejlis ýurduň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselesini çözýär. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, etraplary, şäherdäki etraplary, geňeşlikleri döretmek we ýatyrmak, ilatly ýerleri şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň derejesine degişli etmek, olaryň adyny üýtgetmek, dolandyryş-çäk gurluşynyň beýleki meselelerini çözmek Ministrler Kabinetiniň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan amala aşyrylýar. «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, welaýatyň, etrabyň, şäheriň häkimi dolandyryş-çäk gurluşynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertipde teklipleri girizýär.
«Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýurduň çägi welaýatlara, welaýat hukukly şäherlere, etraplara, etrap hukukly şäherlere, etrapdaky şäherlere, şäherçelere, geňeşliklere we obalara, şol sanda ilatly ýerleri bolsa şäher we oba ilatly ýerlerine bölünýär. Şäherler derejesi boýunça welaýat, etrap hukukly we etrapdaky şäherler görnüşinde hereket edýär. Ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşynyň şeýle bölünişigi belli şertlerde, talabalaýyklykda bölünýär. Bu Kanunyň 4-nji maddasyna laýyklykda, welaýat hukukly şäheriň derejesine ilat sany 500 müň adamdan geçýän hem-de Türkmenistandaky ykdysady, syýasy we medeni merkezleriň biri bolan şäher degişli edilip bilner. Etrap hukukly şäheriň derejesine ilat sany 30 müň adamdan geçýän hem-de welaýatdaky ykdysady, medeni we edara ediş merkezleriniň biri bolan şäher degişli edilip bilinýär. Käbir ýagdaýlarda etrap hukukly şäheriň derejesine senagat, durmuş-medeni we dolandyryş taýdan möhüm ähmiýetli, ykdysady hem durmuş ösüşiniň depgini we ilat sanynyň artyşy ýokary, ilat sany 30 müň adamdan az bolan etrapdaky şäher, şäherçe hem degişli bolup bilýär. Etrapdaky şäheriň derejesine ilat sany 8 müň adamdan geçýän, senagat kärhanalary, gurluşyk we gatnaw guramalary, jemagat hojalygy, ýerli ýaşaýyş jaý gaznasy, durmuş-medeni edaralarynyň ulgamy, söwda hem durmuş hyzmatlarynyň kärhanalary bolan şäherçe degişli edilip bilner. Käbir ýagdaýlarda etrapdaky şäheriň derejesine ykdysady ösüşiniň depgini we ilat sanynyň artyşy ýokary, ilat sany 8 müň adamdan az bolan şäherçe hem degişli bolup biler.
Häzirki wagtda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu tagallalaryň ählisi adam hakyndaky aladanyň döwletimiziň baş maksady bolup durýandygyny äşgär edýär. Ýurdumyzyň ähli çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagyň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak ugrunda Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, oba we şäher ilatynyň durmuş şertleriniň deňeçerlenmegi gazanylýar. Şeýlelikde, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmekde şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak, sebitleriň oba hojalyk, senagat zolagynyň mümkinçiliklerini ulanmak, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hasabyna ykdysadyýetiň durnukly ösüşini netijeli peýdalanmak boýunça ýerli dolandyryş edaralarynyň teklipleri nazara alynýar.
Umuman, dolandyryş-çäk birlikleriniň kämilleşdirilmegi ykdysadyýetimiz üçin goşmaça mümkinçilikleri emele getirýän ýerli dolandyryş, bilim, medeniýet we maliýe-ykdysady edaralaryň binalaryny, desgalaryny netijeli peýdalanmaga, ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder. Munuň özi Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmaga oňyn täsirini ýetirmek bilen, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýar.
Merjen BORJAKOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni