​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
20.10.2025

Belent ösüşlere badalga

 

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan, täzeçillik ýörelgeleri maksat edinýän ykdysady syýasatynyň netijesinde ata Watanymyz bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine sary öňe barýar. Halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde, umumadamzat ösüşine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda ýurdumyzyň alyp barýan kämil syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn deňhukukly gatnaşygy nazarlaýan syýasaty ýöredýän ýurdumyz häzirki wagtda goňşy döwletler, şeýle­-de dünýäniň beýleki ýurtlary bilen parahatçylykly, hoşniýetli, özara bähbitli syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär. 

     2025-­nji ýyl üçin Baş maliýe resminamamyza hem-de ýurdumyzda yglan edilen maksatnamalara laýyklykda, Türkmenistany 2025-­nji ýylda durmuş­-ykdysady taýdan ösdürmegiň we Maýa goýum maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň döwletli karary esasynda kabul edilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Diýarymyzyň belent ösüşleri gazanjakdygyna güwä geçýär. Jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterimde saklanmagy hem­-de maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyzyň sebitleriniň we pudaklarynyň ösüşine maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi ýaly makro görkezijiler maksatnamanyň esasy özenini düzýär. 

     Maýa goýumlaryň ýylsaýyn artmagy hem­-de ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde, raýatlarymyzyň döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanmagyna giň şertleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynyň iş ýüzünde amal edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 

 

Amangeldi HEZZIÝEW, Le­bap ­we­la­ýat ­hä­kim­li­gi­niň baş­ hünär­me­ni,­ Mej­li­siň ­de­pu­ta­ty