​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
16.10.2025

Ýürekler joşgunly, kalplar buýsançly

 

     Ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň giň gerimde bellenilen günlerinde hormatly Prezidentimize «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň çapdan çykmagy  ildeşlerimiziň ýüreklerini joşguna, kalplaryny buýsanja besledi.

 

     Ýurtbaştutanymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar» diýip jaýdar nygtaýşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda şäherlerde we oba ýerlerinde lukmançylyk düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça uly möçberli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. 

     Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hem-de hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş, ylmy-kliniki merkezler, döwrebap hassahanalar gurlup, ulanylmaga berildi, hereket edýän ugurdaş desgalar hem döwrebaplaşdyryldy. 

     Häzirki  wagtda Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly başlangyçlary hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär we ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän sagaldyş-dikeldiş, ylmy-kliniki merkezler halkyň hyzmatyna berilýär. Muňa paýtagtymyzda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklarynyň ýokary depginde dowam etdirilýändigi, şeýle-de Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmagyň göz öňünde tutulýandygy hem aýdyň mysaldyr.

     Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri çagalaryň birnäçesine operasiýalar geçirildi. Çagalaryň irki ösüş döwründe juda möhüm bolan sanjymlaryň mugt edilmegi, maşgala lukmanlarynyň öz degişli çäklerinde ilatyň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklanyp durmaklary, ildeşlerimiziň zyýanly endiklerden daşda durmaklary üçin döwlet derejeli çäreleriň geçirilmegi, iýmitiň, suwuň arassa bolmagy üçin degişli talaplara berk eýerilmegi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Milli Liderimiziň täze çap edilen kitaplary bu işleri has-da rowaçlandyrmakda biziň üçin gymmatly gollanmadyr.

     Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň jemgyýetiň  saglygyny gazanmak bilen döwletiň binýadyny berkitmek babatda edýän aladalarynyň we bitirýän nusgalyk işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi biz — saglygy goraýyş işgärlerinde uly buýsanç döredýär. Biz halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakynda edýän hossarlyk aladalary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. 

 

Züleýha JORAÝEWA, Çärjew etrap hassahanasynyň baş şepagat uýasy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.