​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

AGZYBIRLIK — BELENT MAKSATLARA BADALGA

 

Be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da­ky mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy äh­mi­ýet­li wa­ka hök­mün­de iň tä­ze ta­ry­hy­my­za al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy. Äh­li­halk fo­ru­my ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da mil­li de­mok­ra­ti­ýa­nyň, asyr­la­ryň kä­mil­lik mek­de­bi­ni ge­çen ýol-ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň dün­ýä tej­ri­be­si­niň ga­za­nan­la­ry, umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny, ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ja­ha­na ýaý­ýar. 

Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemgyýetde agzybirligi berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Umumymilli forum halk häkimiýetiniň kämil nusgasy hökmünde demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde häkimiýet bilen halkyň jebisligini üpjün etmäge mynasyp goşant goşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda kämil demokratik ýörelgeleriň işjeň durmuşa geçirilmegi guwandyryjydyr. 

Halkyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda, taýsyz döredijilik ukyp-başarnygyny bir bitewi güýje öwürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan, öz işinde demokratik, konstitusion ýörelgelere berk eýerýän hem-de halkyň bähbitlerine hyzmat edýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmegi baş maksat edinýär. Şeýle asylly maksada ýetmegiň ýollary ata Watanymyzyň köpugurly okgunly ösüşinde dürli ulgamlarda täze sepgitlere ýetmekde möhüm wezipeleri halk wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşmak, olar babatda oňyn netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek ýaly tagallalarda jemlenýär. 

Bu babatda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garalan meseleler, öňde goýlan aýdyň wezipeler, kabul edilen ilhalar çözgütler täze taryhy eýýamda belent sepgitleri nazarlaýan berkarar Watanymyzyň geljeginiň nuranadygyna, röwşendigine bolan ählihalk ynamyny has-da berkidýär. Sebäbi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi dünýä ylmynyň iň täze gazananlary hem-de innowasion tehnologiýalar, sanly ulgam esasynda ýokary depginde senagatlaşdyrmak, netijede, ata Watanymyzyň dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hataryndaky mynasyp ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatdaky ykdysady syýasaty, ilkinji nobatda, halkymyzyň, bagtyýar ýaşlarymyzyň abadan, eşretli ýaşaýyş-durmuşyna gönükdirilendir. Şeýle asylly maksat-tutumlary nazarlaýan ykdysady özgertmeler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna», şeýle-de beýleki ulgamlaýyn, pudaklaýyn maksatnamalara daýanýar. Bu maksatnamalar azyk, ulag-logistika, tehnologiýa, energiýa we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, milli önümlerimiziň dünýä bazarynda bäsleşige ukyplylygyny hem-de eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak ýaly wajyp wezipeleri öz içine alýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolan bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi zähmetsöýer halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmegiň baş şertidir. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalarynyň hatarynda mynasyp orun aldy. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimize berk eýermek arkaly üstünlikli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelerimiziň esasy maksadynyň ýurdumyzy gülletmekden, halkymyzyň bagtyýarlygyny has-da berkitmekden ybaratdygyny ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Munuň üçin merdana halkymyzyň, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlary soňsuzdyr. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hemde hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun! 

 

Guwanç ÇENDIROW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ KEŞBI

 

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi we onda kabul edilen çözgütler ildeşlerimiziň her birini gyzyklandyrýar. Milli Liderimiz we hormatly Prezidentimiz mejlisde eden taryhy çykyşlarynda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülletmek, oba ilaty üçin has giň mümkinçilikleri döretmek babatda oňyn başlangyçlary öňe sürdüler. Gahryman Arkadagymyzyň: «Nesip bolsa, geljekde has-da uly işleri amala aşyryp, kuwwatly kärhanalary, önümçilik merkezlerini, täze, döwrebap şäherleri, şäherçeleridir obalary gurarys. Ata Watanymyzyň görküni has-da gözelleşdireris» diýen sözleri mejlise gatnaşyjylaryň kalbynda ajaýyp mukam bolup ýaň­landy. 

Oba hojalygyndaky galkynyş milli ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna öz täsirini ýetirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden, höweslendirmelerinden ruhlanýan daýhanlar şu günler pagtanyň bol hasylyny ýygnap almak üçin yhlas bilen zähmet çekýärler. «Ak altyndan» öndürilen milli dokma önümlerimiz bu gün dünýä bazarynda iň hyrydarly harytlaryň hatarynda durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça möhüm özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýokary hilli harytlary öndürýän toplumlar gurlup, halkara ül­ňülere laýyk gelýän eksport önümçiligi gi­ňeldilýär. 

Mahlasy, nobatdaky taryhy mejlisde edilen çykyşlar, öňe sürlen başlangyçlar mundan beýläk-de halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Biz — mejlise gatnaşyjylar şeýle bagtly döwürde ýaşaýandygymyza has-da guwandyk. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňe süren başlangyçlaryndan ugur alyp, geljekde hem joşgunly, netijeli zähmet çekeris. 

 

Ogul­nur HA­ÝY­DO­WA,

 «Le­bap­gal­laö­nüm­le­ri» önüm­çi­lik bir­le­şi­gi­niň 

ag­ro­no­my, Mej­li­siň de­pu­ta­ty.

ULY GYZYKLANMA DÖRETDI

 

Ak mermerli paýtagtymyzda geçirilen taryhy maslahata jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleri, dürli kärdäki ildeşlerimiz bilen hatarda, bilim işgärleri-de işjeň gatnaşdylar. Olaryň arasynda bolmagym aýratyn guwanç we buýsanç duýgusyny döretdi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşlaryny uly gyzyklanma bilen diň­ledik. Bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleriň üstünde aýratyn durlup geçilendigini bellemek juda ýakymlydyr. Ylaýta-da, hormatly Prezidentimiziň geljekde ýurdumyzda halkara derejelere laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmek, mekdep-gimnaziýalaryny açmak, şeýle-de degişli ýokary okuw mekdepleriniň işjeň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen türkmen dilini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamak hakdaky aýdanlary ählimizde gyzgyn goldaw tapdy. Geljekde-de döwrebap bilim edaralaryny gurmak, ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezlerini döretmek, dünýäniň öň­debaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdeplerini ýa-da olaryň şahamçalaryny açmak boýunça öňe sürlen başlangyçlardyr teklipler hem uly gyzyklanma döretdi. 

Ylym-bilim ulgamynyň belent sepgitlere ýetmegine, kuwwatynyň artmagyna, ösüşe innowasion häsiýet berilmegine, dünýäde gazanylýan ylmy netijeleriň giň­den peýdalanylmagyna, olaryň önümçilige işjeň ornaşdyrylmagyna, ökde hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýän häzirki ajaýyp döwrümizde bu başlangyçlardyr teklipleriň ähmiýeti örän uludyr. Ösüşleriň binýady bolan ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize alkyşlarymyz egsilmezdir. 

 

Gur­ban­gö­zel MU­HAM­ME­DO­WA,

Ka­ka et­ra­byn­da­ky 21-nji or­ta mek­de­biň mü­di­ri, 

Mej­li­siň de­pu­ta­ty.

 

ÝAŞULY NESLIŇ SARPASY

 

Düýn ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­de bol­şy ýa­ly, Ýa­şu­lu­la­ryň halkara gü­ni Ahal we­la­ýa­tyn­da hem şatlyk-şow­hun­ly da­ba­ra­la­ra beslen­di. Baýram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry ýur­du­myz­da pa­ra­sat­ly ýaşululary­my­zyň, mäh­rem ene­le­ri­mi­ziň sar­pa­sy­nyň be­lent­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.

Şat­lyk­ly gün­de Änew şä­he­rin­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan baý­ram­çy­lyk daba­ra­la­ry has-da ýat­da ga­ly­jy bol­dy. Me­de­ni­ýet öýün­de we­la­ýat derejesin­de ge­çi­ri­len da­ba­ra ýa­şu­ly nes­liň we­kil­le­rin­den baş­ga-da, welaýa­tyň eda­ra-kär­ha­na­la­ry­nyň iş­gär­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň wekil­le­ri, ýaş­lar gat­naş­dy.

We­la­ýat hä­kim­li­gi­niň, jem­gyýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hem-de welaýat Me­de­ni­ýet mü­dir­li­gi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ri­len dabara­da baý­ram­çy­lyk gut­lag­lar aý­dyl­dy. Çy­kyş eden­ler Ýa­şu­lu­la­ryň hal­ka­ra gü­ni my­na­sy­bet­li ýag­şy­dan ýag­şy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­mek bilen, jem­gy­ýe­ti­miz­de ag­zy­bir­li­gi pug­ta­lan­dyr­mak­da, ýaş ne­sil­le­ri watan­sö­ýü­ji­lik we yn­san­per­wer­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de di­li se­na­ly ýa­şu­lu­la­ryň, kü­müş saç­ly mäh­rem ene­le­riň or­nu­nyň ulu­dy­gy­ny aý­ratyn bel­le­di­ler. 

Da­ba­ra­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ajaýyp gün­le­rin­de giň­den bel­le­nil­ýän Ýaşu­lu­la­ryň hal­ka­ra gü­nü­niň ähmi­ýe­ti ha­kyn­da dur­lup ge­çil­di hem-de ýa­şuly nes­le aý­ra­tyn sy­lag-hormat ed­ýän ­Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň we Gah­ry­man Arkada­gy­my­zyň ady­na al­kyş söz­le­ri aý­dyl­dy. 

Da­ba­ra­da we­la­ýa­ty­my­zyň äh­li ýe­rin­den ge­len di­li se­na­ly ýaşululara, mäh­rem ene­le­re we­la­ýa­tymy­zyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy. We­la­ýa­ty­my­zyň me­de­ni­ýet we sungat us­sat­la­ry­nyň aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry­na ut­ga­şan baý­ram­çy­lyk daba­ra­sy bu ýe­re ýyg­na­na­la­ryň toý şat­ly­gy­ny go­şa­lan­dyr­dy.

 

Resul IŞANGULYÝEW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty

 

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY: DÖWLET BILEN HALKYŇ JEBISLIGI

 

Her bir güni taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýetýän belent sepgitleri, gazanýan üstünlikleri abadan we parahat durmuşda ýaşamagymyzy üpjün edýär. Täze taryhy eýýamyň her pursady agzybir türkmen halkyna buýsançly wakalary, beýik özgertmeleri bagyşlaýar.

Geňeşilip, maslahatlaşylyp başlanylýan işiň rowaçlyklara, şowlulyklara beslenýändigine Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan işler hem aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Her bir işde il­-halka geňeşmek parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň biridir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik ýörelgelere esaslanmak bilen, şöhratly ata-­babalarymyzyň ýolunyň dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem döwrümize şan getiren taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Dürli kärdäki, hünärdäki raýatlaryň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen döwletli mejlise gatnaşyjylaryň biragyzdan makullamagy bilen il-günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan, milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän Permanlaryň, Kararlardyr çözgütleriň kabul edilmegi gazanýan ösüşlerimiziň dowamata dowam bolýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Ildeşlerimize gowşurylan döwlet sylaglary bolsa mukaddes toýuň bosagasynda halkymyzyň buýsanjyny has-da goşalandyran waka öwrüldi. 

Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde eden taryhy çykyşynda, türkmen halkynda köp nakyllaryň bardygyny aýdyp: «Ýagşy niýet — ýarym döwlet», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Agzybire Taňry biýr...», «Köpüň dilegi köl bolar», «Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz», «Arkalaşan dag aşar», «Ýoly ýörän ýeňer», «Ýagşydan at galar», «Döwletliden döwlet ýokar», «Ilim­-günüm bolmasa, Aýym­-Günüm dogmasyn», «Söýenişen ýykylmaz», «Akylly iş — ganatly guş» ýaly parasatly sözleri mysal getirmegi, türkmeniň gadymdan gelýän däp­dessurlaryna aýratyn sarpa goýýandygynyň beýanyna öwrüldi. Munuň özi, «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatyny öňe sürýän ýurdumyzyň binýadynyň berkligini, ilimiziň agzybirligini dünýä ýaýýan asylly ýörelgedir. 

Alym Arkadagymyzyň täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-­da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýändigini aýratyn bellemegi, şu jähetden, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary yzygiderli geçirmek baradaky teklibi ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda alnyp barylýan Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy wezipesi ýaş nesliň amatly şertlerde ýaşamagy, dynç almagy, zähmet çekmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmekden, ýaşlaryň durmuş kepilliklerini gorap, olaryň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda ähli zerur tagallalary etmekden ybaratdyr. 

Umumymilli forumda Milli Liderimiziň ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak bilen bagly mesele dogrusynda­-da durup geçmegi, hususan­-da, ýokary okuw mekdeplerinde ylym­-bilim önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmek; ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-­dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmak; Arkadag şäheriniň dünýäniň ylym-­bilim merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyryp, şäherde Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, arheologik, binagärlik ýadygärliklerini, döwletimiziň alyp barýan syýasatyny öwrenýän hem-de wagyz edýän halkara ylmy-­barlag merkezini döretmek ýaly öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp bermegi, ýaş nesle berilýän ünsüň durmuş-­ykdysady ugurlar bilen deň hatarda goýulýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. 

Tylla güýzüň ilkinji gününde — Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzda täze, döwrebap orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Birinji synpa kabul edilen okuwçylaryň 155 müň 641­-sine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilen kompýuterler sowgat hökmünde gowşurylmagy, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028­-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglere laýyk kämilleşdirmäge badalga berilmegi bolsa döwletimiziň ylym­-bilim ulgamynyň ösüşiniň özenini düzüp, ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine ýardam edýär. 

Açyklyk hem-­de aýanlykda, dürli kärdäki we ýaşdaky raýatlaryň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatyna Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň hem gatnaşdyrylmagy guramanyň agzalarynyň buýsançly başyny göge diräp, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda geçirilýän syýasy-­jemgyýetçilik çärelerine ýaşlaryň yzygiderli gatnaşmagy, olaryň ýurdumyzda alnyp barylýan parahatsöýüjilikli syýasata doly düşünmeklerine, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän Döwlet maksatnamalaryna mynasyp goşant goşýan hakyky watançy ogullar, gyzlar bolup kemala gelmeklerine uly mümkinçilikleri döredýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň: «Men Watanymyzyň güýç-­kuwwaty, abraý-­mertebesi hem­-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin. Sebäbi ýaşlar halkymyzyň daýanjydyr» diýen ganatly sözleri ýaşlary Watanymyzy dünýä çykarmagyň hatyrasyna gönükdirilen beýik işlere, täzeçe başlangyçlara ruhlandyrýar. Şeýle uly ynama ygrarly ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary ýüreklerinde gaýnap ­joşýar. 

Ýurdumyzy ösüşiň belent sepgitlerine tarap ynamly öňe alyp barýan, ýaşlary Watanymyzyň güýç-­kuwwatyna deňäp, olaryň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-­de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, Diýarymyzyň ak ertirlerine gönükdirilen döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky­ Ýaş­lar­ 

gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi­ Ge­ňe­şi­niň­ baş­ly­gy, 

Mej­li­siň­ de­pu­ta­ty

 

RÖWŞEN GELJEGIMIZ UGRUNDA

 

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, toýly günlerde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň biri boldy. Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütler mundan beýläk-de ýurdumyzyň durnukly ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň bu mejlisde eden taryhy çykyşlaryndan hem görnüşi ýaly, geljek ýyllarda-da döwletimiziň we halkymyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap aljak düýpli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna giň gerim berler. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşynda belleýşi ýaly, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda hiç bir mesele ünsden düşürilmeýär. Munuň özi mähriban halkymyzyň abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylym-bilim özgertmeleri barada nygtamak bilen, mundan beýläk-de bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barmak, halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmek işleriniň möhüm wezipeleriň biridigini nygtady. Bu ugurda üstünlikli dowam edip gelýän döwlet we milli maksatnamalaýyn işleriň oňyn netijeleri eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň galkynmagyna mynasyp goşant goşýan ýaşlarymyzyň ylmy we döredijilik başlangyçlarynyň mysalynda hem anyk görünýär. Bu işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatynyň döwlet syýasatymyzda öz beýanyny tapýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek maksady bilen, halkymyzyň ýaşaýyş -durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmagyň hem möhümdigini nygtady. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň we yzygiderli kämilleşdirmegiň häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridigini görkezýär. 

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan raýatlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky degişli resminamalara gol çekmegi watandaşlarymyzy ýene-de yhlasly zähmete, döredijilikli üstünliklere ruhlandyrdy. Maňa hem şanly ýylymyzda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi bolmak bagty miýesser etdi. Bu döwletli döwranymyza buýsanjymy, geljekde Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga hyjuwymy has-da artdyrdy. Biz mundan beýläk-de hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň ösüşi, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda durmuşa geçirýän işlerine öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Halkymyzyň bagtyýar şu gününi we nurana ertirlerini berkarar etmekde tagallalaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary mundan beýläk-de üstünliklere beslensin! 

 

Amangeldi HEZZIÝEW, 

Lebap welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

ПРИОРИТЕТЫ МОЛОДЁЖНОЙ ПОЛИТИКИ ТУРКМЕНИСТАНА

 

Национальный Лидер туркменского народа Гурбангулы Бердымухамедов в ходе своего выступления на очередном заседании Халк Маслахаты определил краеугольные цели дальнейшего совершенствования государственной молодёжной политики, которые стали основополагающими для деятельности Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули. 

В числе ключевых задач молодёжной политики уважаемый Герой-Аркадаг определил увеличение числа образовательных учреждений. В данной связи необходимо отметить, что в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства образование содействует форми­рованию личностей-патриотов с широким кругозором и высоким уровнем интеллектуальной подготовки. Молодёжная организация Туркменистана имени Махтумкули является организатором крупнейших в стране молодёжных инициатив, содействует проведению различных интеллектуальных и творческих конкурсов среди молодого поколения туркменистанцев.

Следующим важным направлением, определённым Национальным Лидером туркменского народа Героем-Аркадагом, является дальнейшая и комплексная работа с детьми с ограниченными возможностями здоровья. В данном контексте, важная роль отводится деятельности Благотворительного фонда по оказанию помощи нуждающимся в опеке детям имени Гурбангулы Бердымухамедова, средства которого помогают поправить и восстановить здоровье этой категории детей. Немаловажно отметить, что инклюзивное развитие представителей подрастающего поколения также является приоритетным направлением деятельности Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули, которая на протяжении многих лет помогает их социализации, создавая необ­ходимые условия для полноценной жизни, наполненной яркими красками созидания. 

Актуальным аспектом государственной молодёжной политики нашей организации является и проведение мероприятий по увековечению памяти выдающихся личностей туркменского народа с целью воспитания молодого поколения в духе гордости за славную историю, национальные традиции, приверженности многовековым духовным ценностям на основе жизнеутверждающих и гуманных принципов. 

В нашей стране проводится комплексная работа по изучению и популяризации богатого и бесценного литературного наследия выдающегося мастера слова, поэта и философа Махтумкули Фраги, вошедшего в сокровищницу духовной культуры человечества и ставшего основой национальной школы по формированию у молодого поколения туркменистанцев высокой нравственности, гуманизма и патриотизма. Со­держание и идейный посыл девиза нынешнего года «Кладезь разума Махтумкули Фраги», объявленного в нашей стране, призваны поднять патриотиче­ский дух, способствовать гармо­ничному воспитанию молодёжи, воодушевлять его на новые до­стижения во имя дальнейшего процветания Туркменистана. 

Также хотелось бы отметить, что глава высшего представительного органа народной власти предложил до конца текущего года провести повсе­местные мероприятия, посвя­щённые вопросам дальнейшего совершенствования сфер науки, образования, культуры, а также молодёжной политики. Безусловно, поднятые на них вопросы придадут новый импульс развитию социально-гуманитарной сферы. Сопряжение культуры и духовных ценностей нашего народа на фоне модернизации материально-технической базы научно-образовательного сегмента и его развитие в духе со­временных тенденций поможет взрастить новое поколение туркменистанцев, готовое к актуальным вызовам современности. Очевидно, что изучение дости­жений современности и предшествовавших им исторически значимых побед туркменского народа будет неразрывно связано с вовлечением молодёжи в общественно-политическую и экономическую жизнь страны. 

Следует обратить особое внима­ние и на другой важный аспект молодёжной политики, акцент, на который был сделан Национальным Лидером туркменского народа, уважаемым Гурбангулы Бердымухамедовым. В частности, речь идёт об укреплении позиций города Аркадаг как мирового центра науки и образования. Здесь в ближайшем будущем будет создан международный научно-исследовательский центр по вопросам изучения и популяризации истори­ческого прошлого Туркменистана, археологических, архитектурных памятников и т.д. 

Уважаемый Герой-Аркадаг Гурбангулы Бердымухамедов также акцентировал внимание на вопросах качественного совершенствования многогранной работы, связанной с основной миссией высших учебных заведений – профессиональной подготовкой будущих высококвалифицированных специ­алистов, остро востребованных на отечественном рынке труда. 

Таким образом, внимая при­оритетным направлениям, выдвинутым Национальным Ли­дером туркменского народа Гурбангулы Бердымухамедовым и уважаемым Президентом Сердаром Бердымухамедовым, которые были озвучены на очередном заседании Халк Маслахаты Туркменистана, наша молодёжь достигнет новых рубежей своего развития, расширит границы своих про­фессиональных возможностей и внесёт достойный вклад в славную летопись побед эры Возрождения новой эпохи могущественного государства. 

 

Язполат КЕРИЕВ, 

председатель Центрального совета Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули, 

депутат Меджлиса Туркменистана

BEÝIK MILLI BUÝSANJYMYZ

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň her güni beýik ösüşlere, şanly wakalara beslenip, täze taryhy zamanamyzyň ýyl senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýar. Ynha, 33 ýyl mundan ozal halkymyzyň özygtyýarly döwlet gurmak baradaky isleg-arzuwynyň wysalyna gowuşmagy netijesinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion Kanun kabul edilip, ata Watanymyz Garaşsyz döwlet diýlip yglan edildi. Beýik milli buýsanjyna — Garaşsyzlyk bagtyna eýe bolan merdana halkymyz ata Watanymyzyň garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň ykrarnamasy hökmünde Döwlet baýdagyny hem-de Döwlet tugrasyny döretdi. 

Toýlary toýa ulaşýan berkarar döwletimizde Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik desgalarynyň açylyp, ulanmaga berilmegi, joşgunly baýramçylyk dabaralarynyň, maslahatlaryň we sergileriň guralmagy ildeşlerimiziň şatlygyna şatlyk goşup, kalplaryna egsilmez ylham berýär. Bu günki gün ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmaga ýardam berýän düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ýetilen belent sepgitler bütin dünýäde ykrar edilýär. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzyň Milli Parlamenti hem hil we düzüm taýdan döwrebap özgerişlige eýe boldy. Täze döwrüň ruhuna laýyk gelýän Kanunlar işlenilip düzüldi we kabul edildi.

Ýurdumyzyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde esasy wezipe döwletiň we jemgyýetiň bähbitleriniň sazlaşygyna gönükdirilen kanunlary kabul etmekden ybarat bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň baş maksady ata Watanymyzyň kanunçylygyny döwrebap kämilleşdirmeklige, kanun çykaryjylyk işiniň iň kämil, ösen dünýä tejribesini milli kanunçylygymyza ornaşdyrmaklyga gönükdirilendir. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda Milli Liderimiz tarapyndan yglan edilen «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä laýyklykda güneşli Diýarymyzda amala aşyrylýan işler, ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän özgertmeler mähriban halkymyzyň parahat we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp durmuşa geçirmegi bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslary barha berkidilýär. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz ösüşimiziň häzirki tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik we adalatly jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek, adam hakyndaky aladany, il-ýurt bähbitlerini ileri tutmak bilen, jan Watanymyz Türkmenistany, agzybir halkymyzy bagtly geljege alyp barýar. Şu nurana ýolda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymaty bize ruhy ganat, egsilmez hyjuw berýär. 

 

Amangeldi HEZZIÝEW, 

welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

BERKARARLYGYŇ WASPY

 

Mundan 33 ýyl ozal dünýäniň kartasynda Garaşsyz Türkmenistanyň ady ýazylypdy. Geçen döwrüň içinde döwletimiziň diňe bir ady däl, eýsem, şan-şöhraty, abraý-mertebesi-de dünýä doldy. Parasatly pederlerimiziň hasyl bolan arzuwy — mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzyň ählumumy ösüşleriniň binýady, nesilleriň geljeginiň ýagty şamçyragy boldy. Bu gün milliligi şöhlelendirýän öwüşgini bilen belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň astynda ildeşlerimiz döwrüň eşretlerinden peýdalanyp, Garaşsyzlygyň miwelerine buýsanyp, bagtyýar durmuşda erkana ýaşaýar. Ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler bolsa, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde uly ösüşlere eýe bolýar. Ol ulgamlarda döredilýän amatly şertlerden peýdalanýan ildeşlerimiz tutanýerli zähmet çekýärler. 

Ýurdumyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň toýunyň dabaralary uludan tutulýar. Bagtyýar halkymyz gözel Diýarymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna döredýär we gurýar. Garaşsyzlygyň peşgeş beren egsilmez bagtyna buýsanyp ýaşaýar, toý-baýramlarymyzy agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde toýlaýar. 

Garaşsyzlyk — bu bereketli toprakda el-ele berip, agzybir ýaşaýan halkymyzyň durmuşynda iňňän möhüm ähmiýetli syýasy wakadyr. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, ýurdumyz, ilkinji nobatda, içeri we daşary syýasatyny hem-de döwletliligiň milli ýörelgelerini özbaşdak işläp düzmäge, ynamly ösdürmäge, demokratik, hukuk we dünýewi döwletini we raýat jemgyýetini esaslandyrmaga doly hukuk gazandy. Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr. Döretmäge we gurmaga güýç kuwwat berýän hem-de milletimizi beýik maksatlara birleşdirýän mukaddes düşünjedir. 

Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gözel Diýarymyzy ösdürmek, halkymyzy abadan durmuşda ýaşatmak maksatly alyp barýan işleri rowaç bolsun! 

 

Ali RAHMEDOW. 

Ýolöten etrap häkimliginiň bölüm müdiri, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

1 2 3 4 5 6 7 ... 58