Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Milli Liderimiziň parasatly nygtaýşy ýaly, raýatlaryň saglygy we olaryň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy bilen döwletiň uzak möhletleýin ykdysady ösüşiniň arasynda jebis baglanyşyk bar. Çünki ýurduň hakyky gymmatlygy we durmuş syýasatynyň esasy ugrunyň biri bolan saglygy goraýyş ulgamyna gönükdirilen tagallalar döwletiň esasy serişdelerini özünde jemleýär. Şu jähetden, ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň düýpli hem-de esasy maksatlaryny düzýär.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 4-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan döwlet syýasatyny, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak maksady bilen, birnäçe Karara gol çekdi. Şeýlelikde, «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» hem-de şu Milli strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy, «Türkmenistanyň immunoöňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy, döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça şertnamalary baglaşan we degişli ätiýaçlandyryş töleglerini töleýän Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet dermanhana edaralarynda bahasynyň elli göterimi möçberde ýeňillikli şertlerde satylýan derman serişdeleriniň Sanawy hem-de tölegsiz ýa-da ýeňillikli şertlerde goýberilýän derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň Sanawy tassyklanyldy.
Ýurdumyzyň sagaldyş ulgamynda geçirilýän sagaldyş-dikeldiş çäreleri keselleriň, şikesleriň ýa-da fiziki, himiki hem-de jemgyýetçilik täsirleriniň netijesinde ýüze çykan saglygyň bozulmalarynyň öňüni almak we işjeňligini dikeltmek maksady bilen geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyz 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde-de iri lukmançylyk merkezleriniň biridir. Bu merkezde ulular we çagalar üçin birnäçe köpugurly bölümler hereket edip, onda ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olary netijeli bejermek üçin ähli şertler döredilen. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde bolsa geljekde ýurdumyzyň tebigy-howa şertleriniň adam saglygyna ýetirýän täsirini öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmäge, okuwlary, ylmy barlaglary alyp barmaga döwrebap mümkinçilikler göz öňünde tutulan. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, şeýle döwrebap merkezleriň, şeýle hem häzirki zaman derman kärhanasynyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň ilatyna edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hili ýokarlanýar. Täze iş orunlary döredilýär, lukmanlaryň iş şertleri has-da gowulanýar.
Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize ilatyň durmuş-ykdysady, saglygy goraýyş ulgamynyň işini ilerletmekde alyp barýan başlangyçlarynda elmydama üstünlikler hemra bolsun!
Merjen BORJAKOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.