Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Her bir güni uly üstünliklere beslenýän güneşli ülkämizde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da has-da belent sepgitlere ýetmek ugrunda tutumly işlere badalga berilýär. Döwletimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýar.
2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy göwünlerimizi joşdurdy. Täze taryhy eýýamda ahalteke bedewleri Türkmenistanyň esasy nyşanyna, nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyna öwrüldi. Ýylky ýylynyň ajaýyp şygary we nyşany il-günümizde buýsanç duýgularyny döretdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda gazanylýan beýik ösüşler her bir ynsany guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyz “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda: “Bedew — ösüşlere ýetmegiň nusgasy, bizi beýik üstünliklere telwaslandyrýan uly güýç” diýip, belleýär.
Görnüşi ýaly, atyň wepasy ajaýyp duýgulary, ynsana bolan ýakynlygy özünde jemleýär. Halk arasynda “At üstüne müneni tanar”, «At — ýigidiň diregi, haly — gyzyň ýüregi”, “At saklamak — han saklamak”, «At rysgaly alnynda”, “At aýlanyp, gazygyny tapar, suw aýlanyp, ýarygyny”, “At agynan ýerde toý bolar”, “At ady bilen ýigit ody bilen”, «At basyşyndan belli, är — bakyşyndan” ýaly, türkmen halk döredijili ginde at bilen baglanyşykly nakyllar bar.
Bedew sarpasyny belende göterýän, döwletimiziň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň ýokary göterilmeginde ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Maral GARAGULOWA. Baýramaly etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.