The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

19.02.2026

WASPYŇ DILLERDE, BEDEW!

 

     Her bir güni uly üstünliklere beslenýän güneşli ülkämizde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da has-da belent sepgitlere ýetmek ugrunda tutumly işlere badalga berilýär. Döwletimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. 

     2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy göwünlerimizi joşdurdy. Täze taryhy eýýamda ahalteke bedewleri Türkmenistanyň esasy nyşanyna, nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyna öwrüldi. Ýylky ýylynyň ajaýyp şygary we nyşany il-günümizde buýsanç duýgularyny döretdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda gazanylýan beýik ösüşler her bir ynsany guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyz “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda: “Bedew — ösüşlere ýetmegiň nusgasy, bizi beýik üstünliklere telwaslandyrýan uly güýç” diýip, belleýär. 

     Görnüşi ýaly, atyň wepasy ajaýyp duýgulary, ynsana bolan ýakynlygy özünde jemleýär. Halk arasynda “At üstüne müneni tanar”, «At — ýigidiň diregi, haly — gyzyň ýüregi”, “At saklamak — han saklamak”, «At rysgaly alnynda”, “At aýlanyp, gazygyny tapar, suw aýlanyp, ýarygyny”, “At agynan ýerde toý bolar”, “At ady bilen ýigit ody bilen”, «At basyşyndan belli, är — bakyşyndan” ýaly, türkmen halk döredijili ginde at bilen baglanyşykly nakyllar bar. 

     Bedew sarpasyny belende göterýän, döwletimiziň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň ýokary göterilmeginde ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin! 

 

Maral GARAGULOWA. Baýramaly etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.