Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünlikleriniň, ösüşiniň bedew badyna deňelýändigini, milli gymmatlyklarymyza goýulýan hormatyň näderejede belentdigini ykrar edýär. Gündogar senenamasynda belgilenen ýylky ýyly güýç-kuwwaty, asyllylygy, belent maksada ýetmek üçin tutanýerli we okgunly erki aňladýar.
Türkmen bedewleri halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda ösdürip ýetişdiren we kämilleşdiren sungatydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan gadymy atçylyk sungatyny täzeden dikeltmek, ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Seýisçilik sungatynda ata-babalarymyzyň iň oňat däplerini dowam etdirip, deňsiz-taýsyz tohum atlaryň arassalygyny saklamak, beden gurluşyny kämilleşdirmek, olaryň saýlama tohumlarynyň sanyny artdyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär.
Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde janköýerleri ýetik milli gymmatlygymyz bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary has-da belende göterýär. Topar geçen ýyl Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda altyn baýraga mynasyp boldy. Watanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary we ýokary hünär ussatlygy üçin toparyň agzalary döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy. Şu ýylyň 16 - 25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Bütindünýä sirk federasiýasy we Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu bolsa bedewbatly ýylymyzyň turuwbaşdanbelent üstünliklere beslenýändiginiň güwäsine öwrüldi, türkmen atçylyk sungatyny has-da dabaralandyrdy. Meşhur seýislerimiziň yhlasly zähmetiniň netijesi bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä doldurýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine bedewbatly tutumlary mundan beýläk-de rowaç alsyn!
Mähriban KURAMBAÝEWA, Garaşsyzlyk etrap bilim bölüminiň hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.