Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
19.02.2026

DÖWLETLI TUTUMLARYŇ YKRARNAMASY

 

     Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy bilen bagly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda kesgitlenilýär. Muňa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda alnyp barylýan asylly işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. 

 

     Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimize Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işlere we gazanylýan netijelere dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan berilýän ýokary bahanyň ykrarnamasydyr.

     Türkmenistan dünýä derejesinde sagdynlygy we abadançylygy üpjün etmek, adamlaryň saglygyny, beden hem ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek meselelerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň saglygy goraýyş, ilat we ösüş ugrundaky umumy strategiýalaryny goldaýar. Ýurdumyz olar bilen bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirip, bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýär.

     Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen öňe sürlen we işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde täze taryhy eýýamymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň işi düýpli kämilleşdirildi. Şunuň bilen bir hatarda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ilaty bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, öňüni alyş işlerini geçirmek, ýokanç keselleri irki döreýiş wagtynda anyklamak we netijeli bejermek bilen bagly işlerde uly üstünliklere ýetildi.

     Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan döwletli ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar, uzak geljegi nazarlaýan taslamalar diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär. Häzirki günlerde paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezlerini we Stomatologiýa merkezini ulanmaga bermek, «Arçman» şypahanasynda bolsa 400 orunlyk täze binalar toplumyny işe girizmek bilen bagly alnyp barylýan düýpli işler hem şu asylly maksatdan ugur alýar. Hut şu mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly abraýly sylagyň gowşurylmagy tutuş halkymyzda çäksiz buýsanç döredýär. Biz hormatly Prezidentimizi bu ýokary derejeli sylagy bilen tüýs ýürekden gutlap, janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny, halkymyzyň abadançylygynyň, ýurdumyzyň kuwwatlanmagynyň bähbidine amala aşyrýan beýik işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýäris.

 

Gadam HEMRAÝEW, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň  başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň  Mejlisiniň deputaty.