Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz rowaçlyklara beslenip, beýik ösüşler göwünleri galkyndyrýar. Bedew batly ösüşlere beslenýän ýurdumyzda alnyp barylýan giň göwrümli netijeli işler halkymyzyň bagtyýarlygyna, ýurduň gülläp ösmegine gönükdirilendir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylýan şöhratly ýylymyzyň her bir güni, her pursady ýatda galyjy toý-baýrama, şanly wakalara beslenýär. Bu hakykat ajaýyp döwrümiziň adyna mynasyp bagtyýarlyk döwri bolup, bu günki gün agzybir jemgyýetimiziň bagtyýarlygynyň, abadan döwletimiziň berkararlygynyň mizemezdiginden habar berýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda köp sanly maýa goýum taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Iň döwrebap we ýokary tehnologiýaly täze senagat kärhanalary yzygiderli gurulýar, durmuş-medeni maksatly desgalar bina edilýär. Hut şonuň netijesinde hem ýurdumyzyň binagärlik keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Arkadag şäheri döwrebap mümkinçilikleri, sanly ulgamyň iň ýokary netijesini özünde jemläp, «akylly» şäher konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrülýär. Belent özgertmelere beslenýän häzirki ajaýyp döwrümizde halk bähbitli işler rowaçlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gülläp ösýän ýurdumyzda alnyp barylýan işler biziň her bir günümiziň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýany bolup taryha girýär.
Ýurdumyzy has-da ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle beýik özgertmeleri bilim ulgamynda hem aýdyň görýäris. Mälim bolşy ýaly, ýaş nesilleriň bilim öwrenmekleri üçin iň döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ajaýyp binasyny, bu ýerde döredilen giň mümkinçilikleri aýratyn nygtamak gerek. Çünki munuň özi bilim ulgamyny has-da ösdürmekde iň täze okuw binalaryň gurlup ulanmaga berilýändiginiň beýany bolup durýar.
Başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni ata Watanymyzda eýelenýän şeýle ýokary sepgitler, gazanylýan üstünlikler, ilkinji nobatda, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, asylly ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygynyň nyşanydyr. Agzybirlik, jebislik we bitewülik ýörelgesi ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ähli üstünliklerimiziň hem rowaçlyklarymyzyň seresi bolan bu mukaddes ýol-ýörelgäniň häzirki ajaýyp zamanamyzda has-da pugtalanýandygynyň şaýady bolmak her bir ildeşimiz üçin guwandyryjydyr.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuş derejesiniň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen beýik işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!
Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.