Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
07.02.2026

AHYRKY GARAGYŞ

 

     Türk­men­le­riň ýyl­dyz se­ne­na­ma­sy bo­ýun­ça 8-nji few­ral­dan gy­şyň dördün­ji döw­ri — ahyr­ky ga­ra­gyş başlan­ýar. Ýig­ri­mi gün­läp  do­wam edýän  ki­çi çil­le döw­ri öz or­nu­ny ahyr­ky garagy­şa ber­ýär.

     En­tek yl­my maglu­mat­la­ra  esas­lanýan aý-gün senenamasynyň dö­re­me­zin­den ozal, hal­ky­myzyň ýyldyz­la­ryň he­re­ke­ti­ne  esaslanyp  ýö­re­den  halk se­ne­na­masy hä­li-hä­zi­re çen­li öz ähmiýeti­ni ýi­tir­män gelýär. Mun­da esa­sy asman­da­ky ýag­ty ýyldyz­la­ryň dogýan we ýaş­ýan se­ne­le­ri­ne, me­teo­ro­logik we fenolo­gik tebi­gat üýt­geş­me­le­ri­ne esas­la­nyp ýö­re­di­lip­dir. Bu sene­na­ma, esa­san, eke­ran­çy­lar we çar­wa­lar üçin ze­rur bo­lup­dyr. Şol bir wag­tyň  özün­de  hal­ky­myz ösüm­lik­le­riň, mör-möjekleriň, guş­la­ryň­dyr haýwanla­ryň özleri­ni alyp ba­ryş­la­ry bilen baglanyşyk­ly he­re­ket­lere üns be­rip, dür­li yrym-ynanç­la­ry döredip, ho­wa­ny öňün­den  çak­lap bil­me­gi ba­şa­ryp­dyr­lar. Ýyldyz se­ne­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýy­lyň döwürle­ri on iki döwre, hä­zir­ki do­wam ed­ýän gyş pas­ly hem dört döw­re bölünipdir. Bu ha­sap bo­ýunça gyş döw­ri 22-nji no­ýabr­da garagyş diý­lip at­lan­dy­ry­lan dö­wür bi­len baş­lanyp, ol on bäş gün­läp do­wam edip­dir. Soň­ra 8-nji dekabrdan 17-nji ýan­wa­ra çen­li kyrk gün­läp do­wam ed­ýän uly çil­le döw­rü­ni, 18-nji ýanwar­dan 7-nji fewra­la çen­li ýig­ri­mi gün­läp do­wam ed­ýän ki­çi çil­le döw­rü­ni, şeý­le hem 8-nji fewraldan 22-nji few­ra­la çen­li on bäş gün­läp dowam ed­ýän ahyr­ky ga­ra­gyş döw­rü­ni öz içi­ne alypdyr. Şun­luk­da, tog­san dolup, gyş döw­ri ta­mam­la­nyp­dyr. Bu ba­ra­da Mag­tym­gu­ly Pyragy «Ýa­şy­myz» at­ly şyg­ryn­da: «Ili­miz ulaş­syn sowulmaz ýa­za, Tog­san do­lup, ta­mam bol­sun gyşymyz» di­ýip ýa­zyp­dyr.

     Ahyr­ky ga­ra­gy­şyň gel­me­gi bi­len öý guş­la­ry bir aýa­gy­nyň üstün­de dur­sa, onda ho­wa­nyň so­wap, gar ýag­jak­dy­gy­na, guş­lar to­par-to­par bo­lup uç­sa­lar, Aýyň hem ýü­zi sol­gun bol­sa, ýaz aýla­ryn­da yga­lyň bol ýag­jak­dy­gy­na yna­nyp­dyrlar. Şeý­le hem bu möw­süm­de suw­lar bu­la­nyp ak­sa, Aý gy­zy­lym­tyl reň­ke gir­se, ýel­li ho­wa köp bo­lar di­ýip çak edip­dir­ler. Bu­lut­lar ýe­re ga­çaý­jak ýa­ly as­man­da top­la­nyp dur­sa­lar, ygal köp ýa­gyp, bug­daý­la­ryň bol ha­syl ber­jek­digi­ne yna­nyp­dyr­lar. Gün­diz­ki ho­wa atyň toýnagy­ny gyz­dyr­sa, gi­je­de sy­gyr­la­ryň şa­hy bur­ju­la­sa, mart aýynyň ygal­ly bolja­gy­ny aň­la­dyp­dyr. Ba­ry-ýo­gy on bäş gün dowam ed­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, bag­ba­na-da, mal­da­ra-da bu dö­wür örän ha­tyr­jem çe­me­leş­me­gi ta­lap ed­ýär.

     Gyş­da ma­za­ly­ja dynç alan köp­ýyl­lyk ösüm­lik­ler­dir agaç­lar tä­ze­den jan­la­nyp, gül­läp pyn­tyk­la­ma­ga dur­ýar. Çün­ki gi­jä­niň gys­ga­lyp, gün­di­ziň uza­ma­gy bilen, ma­ýyl ho­wa­ly gün­ler başlaýar. Gyş uku­sy­na gi­den mör-mö­jek­ler­dir haý­wanlar bol­sa gaý­ta­dan jan­lan­ýar. Bir­ýyl­lyk ösüm­lik­ler top­ra­gyň ýü­zün­de görnüp ug­ra­ýar. Meý­dan­da­ky ha­şal ot­lar bol­sa ýa­şyl öw­süp, ownuk we iri şah­ly mal­lar üçin iý­mit bo­lup hyz­mat ed­ýär. Gyrym­sy agaç­la­ryň bal­dak­la­ryn­da şi­re­je­ler dö­reýär ýa-da ozaldan bar bo­la­ny he­re­ket edip baş­la­ýar. 

     Daý­han­lar  üçin  hem jo­gap­kär­li  möwsüm baş­lan­ýar. Güýzde eken bug­da­ýy ýag­şy­ja gyş­lan­dan soň, ho­wa ma­ýyl gelen­de, olara gaý­ta­dan jan gi­rip ug­ra­ýar. Şeý­le­lik bi­len, ozaldan  eki­len  ha­sy­lyň ide­gi ar­typ baş­la­ýar. Eke­ran­çy­lar mellek ýer­le­rin­de  ýeral­ma ek­mä­ge gi­riş­ýär­ler. Bag­la­ra ideg işle­ri do­wam etdirilýär. Miwe­li agaç­la­ra, üzüm­le­re ti­mar­la­ýyş iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Zy­ýan­ly mör-mö­jek­le­re gar­şy gö­reş çä­re­le­ri görülýär.

     Mal eýe­le­ri ow­lak-gu­zy möw­sü­mi­ne taý­ýar­lan­ýar. Ow­nuk şah­ly mal­la­ryň de­ri­le­ri­niň ýum­şap baş­la­ma­gy, ma­ýyl gün­le­riň go­laý­la­ýan­dy­gy­ny ala­mat­landy­ryp­dyr. Ahyr­ky ga­ra­gy­şa durnuksyz, üýt­gäp dur­ýan ho­wa­ly gün­ler mah­sus bo­lan­soň, maldar­lar  örän  ha­tyr­jem çeme­leş­me­li. Kä ýyl­lar bu dö­wür maýyl gel­se-de, kä­te so­wuk, gar-ýa­gyş­ly, aýaz­ly gün­ler agdyklyk edip, ýer­de ga­ryň ýat­ýan wagt­la­ry-da duş gel­ýär. Şu ýyl hem ki­çi çille­de ga­ryň ýag­ma­gy, suwla­ryň doň­ma­gy ýa­ly tebi­gy  hadysalar  bo­lan­soň, «Gy­şyň gü­ni kyrk tüýs­li» diý­li­şi ýaly, tä tog­san do­lup, ýe­re ýy­ly gir­ýän­çä taý­ýar­lyk­ly bol­ma­gy ta­lap edýär.

 

Orazgeldi SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, Mejlisiň deputaty.