The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

21.09.2026

AŞGABAT HALK WEKILLERINI GARŞYLAÝAR

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak üçin paýtagtymyza ýurdumyzyň welaýatlaryndan ildeşlerimiziň uly topary geldi. Olar ähli amatlyklary özünde jemleýän «Aşgabat» hem-de «Sport» myhmanhanalarynda ýerleşdiler. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen dili senaly ýaşulularyň, kanun çykaryjy häkimiýetiň we syýasy partiýalaryň agzalarynyň, beýleki ugurlarda zähmet çekýän hünärmenleriň gözel paýtagtymyza saparynyň çäklerinde medeni maksatnama hem göz öňünde tutuldy. Munuň özi Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek umumymilli forumy ýatdan çykmajak wakalara beslär.

Düýn Aşgabadyň demir ýol we Halkara howa menzillerinde guralan çäreler oňa gatnaşyjylara toý ruhuny bagyşlady. Balkan, Lebap we Mary welaýatlaryndan gelen ildeşlerimiziň demir ýol menzilinde garşylanyş pursadynda döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlaryň ýaň­lanmagy dabara aýratyn ýaraşyk berdi. Goýny üç ýüz altmyş pirli Daşoguz topragyndan gelen myhmanlarymyz bolsa halkara howa menzilinde milli däp-dessurlarymyza laýyklykda duz-çörek bilen garşylanyldy.

Ge­ňeş etmek, döwletli işiň başyna barlanda maslahatlaşmak ýaly asylly ýörelgeler halkymyzyň durmuşyna berk ornaşan. Her ýylda döwletli ge­ňeşiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, onda kabul edilýän çözgütlerden halkymyzyň hoşal bolmagy bilen hem muny delillendirmek mümkin. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz hem-de Milli Liderimiz ata-babalarymyzdan miras galan şeýle ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmek babatynda ähli şertleri döredýärler. Döwlet tarapyndan berilýän goldaw-hemaýatlaryň netijesinde, baş baýramymyzyň öňüsyrasynda guralýan bu jemgyýetçilik-syýasy çärede halk bähbitli kararlar kabul edilip, abadan ýaşaýşyň berkidilmegine goşant goşulýar.

Berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermekde, halkymyzyň agzybirligini, abadançylygyny berkitmekde, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, giň gerimli maksatnamalaýyn işleri rowaçlandyrmakda Halk Maslahatynyň möhüm orny bar. Şo­ňa görä-de, 23-nji sentýabrda jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek bu wajyp çäre döwletli ýörelgeleriň dowamat-dowamdygyny görkezer. Şol taryhy wakalara gözli şaýat boljak ildeşlerimiz hem mejlisde aýdyljak möhüm tekliplere öz seslerini goşarlar.

Şähere myhman bolýan ildeşlerimiz bilen söhbetdeş bolanymyzda, Aşgabadyň ýyl-ýyldan gözel keşbe eýe bolýandygyny belleýärler. Şu günlerde hem paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde baýramçylyk öwüşginli ýazgylaryň goýulmagy, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny wasp edýän şekilleriň ornaşdyrylmagy olary synlaýanlaryň kalbyna buýsanç duýgularyny bagyşlaýar.

— Toý-baýramlara beslenýän ajaýyp zamanamyzda halka sala salmak, ge­ňeş etmek ýaly asylly ýörelgeleriň üstünlikli dowam etdirilýändigi buýsandyryjydyr. Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bu ajaýyp hakykaty ýene bir ýola dabaralandyrar. Umumymilli forumyň esasy aýratynlygy jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan bolan dürli kärdäki we ýaşdaky raýatlaryň öz pikir-garaýyşlaryny beýan etmäge mümkinçiligiň döredilýändigindedir. Bu bizi örän guwandyrýar. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän sarpasy belent Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutumlary oňuna bolsun! — diýip, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Jeren Gylyçmyradowa gürrüň berdi.