The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda, ähli ulgamlarda bolşy ýaly, parlamentara hyzmatdaşlyk hem işjeň häsiýete eýe bolup, ol dostlukly döwletara gatnaşyklaryň wajyp bölegine öwrülýär. Şunda ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň hereket etmegi ýurtlarymyzyň oňyn halkara başlangyçlary, içeri we daşary syýasaty bilen ýakyndan tanyşmaga, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga, döwletara gatnaşyklary parlament diplomatiýasy arkaly goldamaga giň mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň Seula amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň çäginde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmegi-de bu ugurda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan gatnaşyklaryň mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyň görkezdi.
Mälim bolşy ýaly, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Häzirki wagtda parlament hyzmatdaşlygy ýurtlaryň arasynda netijeli dialogy alyp barmagyň, halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Milli Liderimiz Türkmenistanyň öňe sürýän parlament diplomatiýasynyň parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň netijeli guraly bolmalydygyny nygtaýar. Syýasy ulgamda gatnaşyklary baýlaşdyrmakda, kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmakda türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklaryna uly ornuň degişlidigini bellemek gerek. 2022-nji ýylyň noýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň şol wagtky Başlygy bilen geçiren duşuşygy, onuň dowamynda parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmek we ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ilerletmek babatda anyk wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge kuwwatly itergi berdi.
Şol duşuşykda ýaşlaryň parlamentara hyzmatdaşlygynyň usullaryny döretmek hem-de ondan netijeli peýdalanmak, zenan parlamentarileriň halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmek işinde, oňa hoşniýetli mazmun çaýmakda, nesiller barada alada etmekde uly mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutup, türkmen we koreý zenan parlamentarileriniň özara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny işläp taýýarlamak meseleleri barada pikir alşylypdy. Dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy bolsa Koreýanyň işewür düzümleriniň, öňdebaryjy kompaniýalarynyň Türkmenistanda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň, ýola goýlan işewür gatnaşyklaryň, geçirilen özara duşuşyklaryň esasynda söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, maglumat-tehnologiýa, ýangyç-energetika, dokma senagaty, oba hojalygy, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şeýle-de şäher gurluşygy, binagärlik babatda özara tejribe alyşmakda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary açylyp, olar boýunça uly üstünlikler gazanyldy. Munuň özi ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen bir hatarda, iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna, hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna-da mümkinçilik berýär.
2023-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň ýurdumyza saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisinde türkmen-koreý parlamentara dostluk toparynyň işini giňeltmek, kanun çykaryjylyk ulgamynda özara tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen işjeňleşdirmek babatda netijeli gepleşikler geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet saparynyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Ço Çon Sik bilen duşuşyp, parlamentara gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlar hakynda pikir alyşmagy hem bu babatda möhüm ädimleriň birine öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz duşuşykda Türkmen-koreý parlamentara dostluk toparynyň işine aýratyn ünsi çekip, 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň parlamentara dostluk toparlarynyň yzygiderli esasda hyzmatdaşlyk edýändiklerini, olaryň işiniň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşýandygyny nygtady. Ýeri gelende ýatlasak, 2024-nji ýylda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy üstünlikli geçirildi. Onda durnukly ösüşi üpjün etmek, hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmekde milli tejribeleri alyşmak, parlament, kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, zenan parlamentarileriň, ýaş deputatlaryň arasynda gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy. Şol duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ikinji türkmen-koreý geňeşme maslahatynda bolsa söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag, energetika, ýokary tehnologiýalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylypdy. Bu bolsa köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemekde, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmekde uly ähmiýete eýedir.
Seula saparynyň çäginde hormatly Prezidentimize Koreýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň biri bolan Songýungwan uniwersitetiniň hormatly doktory diýen akademiki derejäniň berilmegi iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrdy. Bu hormatly at döwlet Baştutanymyza daşary işler, kanun çykaryjylyk, ýerli dolandyryş, ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça baý tejribesi, Bitarap daşary syýasaty alyp barmak we sebitiň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek babatda tagallalary, Merkezi Aziýanyň syýasy durnuklylygyna, ykdysady ösüşine goşan uly goşandy göz öňünde tutulyp berildi. Umuman, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran taryhy saparynyň iki ýurduň özara hyzmatdaşlygynda täze sahypany açandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris.
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende götermek, döwletara gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmak ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Baýramgözel MYRADOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar
syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.