The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halkymyzyň jebisliginiň, ata Watanymyza, Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza beýik söýgüsiniň aýdyň beýany boldy. Bu taryhy waka türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen döwletimizi maksatnamalaýyn özgertmeler esasynda yzygiderli hemde durnukly ösdürmegiň täze tapgyryna uly itergi berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Bu waka Watanymyzy barha ösdürmek üçin yhlasyny gaýgyrmaýan, öndürijilikli we halal zähmeti bilen tapawutlanýan adamlara belent hormat-sarpa goýulýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.
Mejlisde ýurdumyzyň durmuşykdysady we senagat kuwwatyny artdyrmak, hukuk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy. Bu resminama ýurdumyzyň ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamany durmuşa geçirmek hem-de Bitaraplygymyzyň amaly mümkinçiliklerini açmak maksady bilen, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasy tassyklanyldy. Ýaşlaryň ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen gyzyklanmasyny artdyrmak, döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» we bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy kabul edildi. Adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň döwlet ulgamyny pugtalandyrmak hem-de halkara borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy.
Umumymilli forumda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen behişdi ahalteke bedew atlarymyzyň döwlet tarapyndan goraglylygynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýän möhüm resminama — «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu Kanunda bedewleriň sport, seýisçilik hojalyk ähmiýeti bilen birlikde halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlygy we pederlerden galan mukaddes miras hökmündäki belent derejesi doly ykrar edilýär.
Kanunda gartaşan, şikes alan ýa-da atly sport ýaryşlaryna, önümçilik we medeni-köpçülikleýin çärelere gatnaşmagyny bes eden ahalteke bedewleriniň döwletiň goragynda durýandygy barada kada berkidildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda waspy ýetirilýän, «Görogly» eposynda: «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» kimin sözler bilen taryplanylýan bedewlere türkmeniň söýgüsiniň egsilmezdigini görkezýär.
Täze kanunda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen ahalteke atçylyk sungatynyň, atlary bezemek däpleriniň we milli bezeg şaý-sepleriniň asyl nusgalaryny ýasamagyň tehnologiýasynyň goragy, bedewleriň milli nusgalara laýyklykda taýýarlanylan şaý-sepler bilen bezelmegi babatdaky kadalar beýan edildi. Ahalteke bedew atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny artdyrmak maksady bilen, hünärmenleri taýýarlamagyň hem-de bedewleriň şekilini haryt nyşanlarynda, mahabatda ulanmagyň tertibini belleýän kadalar berkidildi.
Gahryman Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda «Dünýäniň arassa ganly ahalteke atlarynyň halkara derejeli tohumçylyk kitabynyň» (Studbuk) döredilmeginiň wajypdygyny belleýär. Täze kanunda ahalteke bedew atlarynyň taryhy watany hökmünde Türkmenistanyň şejere maglumatlaryny barlamak, arassa ganlylygyny tassyklamak we bu ugurda bilermenlik ornuny berkitmek, şeýle-de «Dünýäniň arassa ganly ahalteke atlarynyň halkara derejeli tohumçylyk kitabyny» döretmek boýunça başlangyçlaryň doly goldanylýandygy beýan edildi. Munuň özi ahalteke bedewiniň her bir taýçanagynyň gelip çykyşyny ylmy esasda barlamaga we dünýäde bar bolan atlaryň merkezleşdirilen hasabyny ýöretmäge giň mümkinçilik döreder.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen şeýle taryhy resminamalar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna şert döredýär. Şöhratly mirasymyzyň geljekki nesillere ýetirilmeginiň kepili bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de bedew bady bilen öňe gitmegini üpjün edýär.
Serdar GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak,
tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy
baradaky komitetiniň başlygy.