The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

GURMAK WE DÖRETMEK — BEÝIK GELJEGIŇ BINÝADY

Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýan şu günlerimiz geljekki nesiller üçin nusgalyk miras boljak beýik tutumlara we ajaýyp wakalara beslenýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bahar paslynyň nurana günlerinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Gurmak we döretmek taryhyň dowamynda halkymyzyň durmuş kadasyna öwrülen, ata-babalarymyzdan miras galan asylly ýoldur. Türkmen halky ähli döwürlerde-de guran binalary, şäherleri we döreden maddy-ruhy gymmatlyklary bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşup gelýär. Bu günki günde bolsa şol milli ýörelgelerimiz Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde täze belentliklere göterilýär. Bu döwrebap gurluşyklar halkymyzyň bagtyýar geljeginiň binýadydyr. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagyny görkezmek bolar. Bu taryhy waka pederlerimizden gelýän «Abatlyk — bina bilen» diýen sarsmaz ýörelgäniň häzirki döwrüň ajaýyp ösüşleri bilen sazlaşýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen düýbi tutulan şäherçe geljegimize goýulýan iň uly maýa goýumdyr. Bu ýerde ýaş hünärmenlerimiziň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Watana bolan beýik söýgi bilen döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertler dörediler. Şeýlelikde, täze şäherçe ýaşlarymyzyň zehinini hem-de yhlasyny birleşdirýän mukaddes ojaga öwrüler.

Döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan beýik tutumlar täze taryhy eýýamyň nurana sahypalaryny ýazýar. Bu ýerde guruljak her bir jaý, açyljak durmuş maksatly desgalar ýaşlarymyzyň belent maksatlaryna we röwşen arzuwlaryna ýetmeklerinde mizemez binýat bolar. Bu gurluşyklar ýaş nesillerimizi täze taryhy ýeňişlere ruhlandyrmak bilen, olaryň bagtyýar durmuşynyň aýdyň kepiline öwrüler. Bularyň ählisi ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň, nesilleriň kämil terbiýesiniň we halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň ähli özgertmeleriň özenini düzýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle ajaýyp şäherçeler sagdyn ruhly nesillerimiziň milli däp-dessurlarymyz esasynda döwrebap bilim-terbiýe aljak, ylym älemine ynamly gadam goýjak bagt mekanydyr. Şeýlelikde, Mary topragynda düýbi tutulan täze, döwrebap şäherçe «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlaryň durmuş hakykatyna öwrülýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Halkymyzda «Ýol salan — jennetden jaý alar» diýen pähimli söz bar. Ýol gurmak, köpri salmak iň sogaply işleriň biri hasaplanýar. Bu asylly ýörelge diňe bir şäherleri däl, eýsem, adamlaryň ykballaryny we ýüreklerini hem ýakynlaşdyrýar. Asyrlarboýy ymgyr Garagum sährasy bilen hemdem ýaşan halkymyz uzak ülkelere kerwen ýollaryny çekip, dünýä medeniýetine uly goşant goşupdyr. Şol taryhy ýollaryň ugrunda kerwensaraýlar gurup, guýular gazyp, ýaşaýşa ylham berýän haýyr-sogaply işleri amala aşyrypdyrlar. Ata-babalarymyzdan miras galan sogaply ýörelgeler häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň aýdyň mysalyna ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasynda hem ýene bir ýola şaýat bolduk. «Ýodany yzlasaň, ýola elter, ýoly yzlasaň — ile» diýen pederlerimiziň wesýetine eýerip, ýol gurmagy uly mertebe hasaplaýan halkymyz üçin bu döwrebap taslama ýurdumyzyň abadançylygynyň, agzybirliginiň we bitewüliginiň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Döwletiň we tutuş sebitiň ösmeginde ýollaryň ähmiýeti örän uludyr. Umumy uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly paýtagtymyz bilen ýurdumyzyň gündogar sebitiniň arasynda döwrebap «altyn köprä» öwrüler. Bu ýol ýük we ýolagçy gatnawlarynyň tizligini artdyrmak bilen, sebitleriň ykdysady kuwwatyny bir bitewi akymda jemlemäge giň mümkinçilikler açar.

Täze ýoluň gatnaw böleginiň her tarapynda üç sany hereket zolagynyň gurulmagy, ýol ugrunda döwrebap kafeleriň, duralgalaryň we tehniki hyzmat ediş nokatlarynyň bolmagy bu ýoluň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini görkezýär. Şeýle ýokary amatlyklar toplumy sürüjiler we ýolagçylar üçin iň kämil şertleri üpjün edýär. Bu awtomobil ýolunyň ulanmaga berilmegi milli ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde taryhy ädimdir. Şol bir wagtyň özünde, munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy ugrunyň häzirki zaman görnüşinde gaýtadan dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk söýüjilikli diplomatiýasy dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran taryhy sapary we onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklar döwletara gatnaşyklaryň täze sahypasyny açdy. Bu taryhy wakalaryň ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýörite iş meýilnamasy taýýarlanyldy. Bu ugurda alnyp barylýan işlere Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň işjeň gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Halkymyzy we bagtyýar ýaşlarymyzy nurana geljege tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, aýdyň maksatly beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ýazpolat KERIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy,

Mejlisiň deputaty.

14.04.2026 Details

DÖWREBAP ÝOLLAR, BAGTYÝAR ILLER

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ahyrky tapgyrynyň, Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly       at-myradyň mekany» ýylyna şan berýän ajaýyp wakalaryň biri boldy. Müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhymyzda gadymy Nusaýdan gadymy Amula kerwen gatnan ýollarda häzirki zaman inženerçilik çözgütleri esasynda ýokary derejede, üstünlikli durmuşa geçirilen bu iri taslama Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde gaýtadan dikeldýändiginiň iş ýüzündäki anyk mysallarynyň biridir. Şanly ýylyň taryhy wakasyna şaýat bolan watandaşlarymyz halkymyzyň ýaşaýyşdurmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen şeýle beýik işlere bolan buýsanjyny hem-de hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize egsilmez alkyşlaryny beýan edýärler.

Aman­gel­di HEZ­ZI­ÝEW,

Le­bap we­la­ýat hä­kim­li­gi­niň

baş hü­när­me­ni, Mej­li­si­ň de­pu­ta­ty:

— Berkarar döwletimiziň täze ösüş tapgyrynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri gurluşyklar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek bilen bir hatarda, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi hem şol beýik ösüşleriň aýdyň mysalydyr. Dabara hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy bolsa onuň taryhy ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ýoluň bu möhüm böleginiň ulanmaga berilmegi di­ňe bir Lebap welaýatynyň däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjekleriniň ykdysady, söwda we durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegine giň mümkinçilikleri açýar. Bu ýol ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginini ýokarlandyrmaga, sebitleriň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge, täze iş orunlaryny döretmäge hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat eder. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi il bähbitli işleriň beýik nusgasydyr.

Şäherimizi merjen paýtagtymyz bilen birleşdirýän bu ýol di­ňe bir iki şäheri däl-de, ýürekleri hem ýakynlaşdyrdy. Welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza şeýle taryhy gurluşygyň amala aşyrylmagyna beren goldawy üçin tüýs ýüregimizden hoşallyk bildirýäris.

11.04.2026 Details

ÝÜREKLERI BIRLEŞDIRÝÄN YNSANPERWERLIK

Ynsanperwerlik ýörelgeleri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren iň belent ruhy gymmatlyklarynyň biridir. Bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy eýýam bäş ýyldan bäri netijeli işläp gelýär.

2021-nji ýylyň 29-njy martynda döredilen bu gazna gysga wagtyň içinde onlarça ojaklara umyt, mähir, nur çaýdy. Gaznanyň esasy maksady howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek, olaryň döwrebap bilim almagyna, jemgyýetde ornuny tapmagyna ýardam bermek bolup durýar. Bu bäş ýyllyk menzil diňe bir sanlaryň däl, eýsem, halas edilen ömürleriň ýyl ýazgysydyr.

Geçen bäş ýylyň içinde gaznanyň hasabyna çagalaryň ýürek-damar, süňk-bogun kemçiliklerini we beýleki agyr kesellerini bejermek boýunça 200-den gowrak çylşyrymly operasiýalar amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky çagalar hassahanalaryna gaznanyň adyndan döwrebap enjamlaşdyrylan «Tiz kömek» awtoulaglary yzygiderli gowşuryldy. Gazna özüniň ynsanperwer işleri bilen halkara ykrarnama eýe boldy. Onuň ynsanperwer asylly işleri dünýäniň iri guramalary tarapyndan nusgalyk hökmünde bellenilýär.

Howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy diňe bir operasiýalary maliýeleşdirmän, eýsem, çagalar hassahanalarynyň iň täze lukmançylyk sarp ediş serişdeleri bilen üpjün edilmegine hem uly goşant goşýar. Arkadag şäherinde Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň döredilmegi bu ugurda gazanylan iň belent sepgitleriň biridir. Gaznanyň bank hasaplaryna döwlet tarapyndan we meýletin raýatlar, kärhanalar tarapyndan yzygiderli geçýän serişdeler her bir çaganyň döwletimiziň üns merkezindediginiň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarynyň iş ýüzündäki beýany bolan bu gazna öz mähir we howandarlyk gurşawyny giňeldýär. Sebäbi çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, geljegimiziň eýeleridir. Olaryň gülküsinde bolsa parahatçylygyň we rowaçlygyň täze sahypalary ýazylýar.

Aýnabat TOÝLYÝEWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

09.04.2026 Details

BEDEW BATLY ZAMANANYŇ BAGTYÝAR ZENANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň netijesinde barha rowaçlanýar. Ähli ösüş-özgertmeleriň gözbaşynda adam hakdaky aladalar öz beýanyny tapýar. Şeýle bolansoň, jemgyýetde sazlaşykly we durnukly ýagdaýyň emele gelmegi gazanylýar. Özleri hakdaky yzygider aladalara mynasyp iş bilen jogap berýän agzybir halkymyz her bir tutumyň netijeli bolmagy ugrunda işjeňlik görkezip, oňa mynasyp goşantlaryny goşýar. Bu işlerde ýurdumyzyň mähriban zenanlarynyň hem tagallalarynyň uludygyny aýratyn belläp geçmek ýerliklidir.

Zenanlar diňe bir maşgala ojagynyň eýesi bolman, eýsem, olar nesil terbiýeleýjiler hökmünde hem arzylydyrlar. Ata Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly, ilhalar, arassa ahlakly, kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek bilen bir hatarda, olar jemgyýetçilik durmuşynda hem işjeň orun eýeleýärler. Dürli pudaklarda yhlasly hem önjeýli zähmet çekmek bilen, göreldäniň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Zenanlaryň döwrümizi beýgeltmekdäki mynasyp goşantlary döwlet tarapyndan hem uly üns merkezinde saklanýar. Olar üçin döredilýän giň şertler we mümkinçilikler, durmuş ýeňillikleri zenanlaryň ornuny has-da pugtalandyrýar we halkymyzyň gadymdan gelýän gymmatly ýörelgeleriniň mynasyp derejede dowam etdirilýändiginiň beýanyna öwrülýär.

Ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler hem olaryň durmuşyna nuranalyk eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň berýän maslahatlaryndan we öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Kabul edilen kanunlarda we kadalaşdyryjy hukuk namalarynda zenanlaryň durmuş abadançylygyny pugtalandyrýan kadalar öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi, Maşgala kodeksi, «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň, deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda», «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary maşgala gatnaşyklaryny goramagyň, her bir maşgalanyň binýadyny pugtalandyrmagyň, zenanlaryň durmuş işjeňligini artdyrmagyň kadalaryny özünde jemleýär.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň we baky Bitaraplygynyň gymmatyny halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmekde, ösüp barýan ýaş nesle nusgalyk görelde görkezmekde bitirýän hyzmatlary, köp ýyllyk iş tejribesi göz öňünde tutulyp, mährem eneleriň köp sanlysynyň her ýyl «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagy, zähmetde tapawutlanan zenanlaryň uly toparyna döwlet sylaglarynyň, her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli körpeje gyzjagazlardan başlap, kümüş saçly enelere çenli pul sylaglarynyň gowşurylmagy zenanlaryň döwlet durmuşyndaky çuňňur ornunyň uly hormat bilen sarpalanýandygyny, mertebeleriniň belende göterilýändigini doly açyp görkezýär.

Bu sazlaşyk mähriban zenanlaryň döwre gatnaşygyny has-da pugtalandyrýar, olary yhlasy hem tutanýerli zähmetleri bilen her bir ajaýyp tutuma mynasyp goşantlaryny goşmaga ruhlandyrýar.

Enejan AMANÝAZOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

09.04.2026 Details

BEDEW BATLY WATANYMYZ

Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan şöhratly taryhymyzdan mälim bolşy ýaly, behişdi bedewler halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Türkmenler üçin at iň ýakyn syrdaş, ynamdar ýoldaş, belent maksatlara ýetirýän ganatdyr. Gamyşgulak bedewleriň çarpaýa galyp, kişňeýän pursatlarynda olaryň çalasynlygyna, owadanlygyna haýran galmazlyk mümkin däl. Ata atlananyňda ruhuň ganatlanyp, kalbyňa ylham dolýar. Pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda ösdürip ýetişdirip, kämilleşdirip, sungat derejesine ýetiren ahalteke bedewleri milli mirasy myzyň ebedi gymmatlygydyr.

Türkmeniň milli gymmatlyklary barada gürrüň edilende be­hiş­di be­dewler göz öňü­ne ge­lýär. Bu ha­ky­kat na­kyl­lardyr ata­lar söz­le­rin­de hem öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. «Irden tur­­da, ataňy gör, ataň­dan soň —–atyňy», «At agy­nan ýer­de toý bo­lar», «At dos­ty–— ata dos­ty», «Ataň bar­ka, dost ga­zan, atyň bar­ka ýol» ýa­ly na­kyl­lar­da bedew atyň türkmeniň dur­mu­şyn­da­ky sar­pa­sy, ar­zy­sy aý­dyň şöh­le­len­ýär. Asyr­la­ryň sy­na­gyn­dan ge­çen bu na­kyl­lar ýaş ne­sil­ler üçin ýolgör­ke­zi­ji ýö­rel­ge hemde gym­mat­ly çeş­me­dir.

Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň to­hum aras­sa­ly­gy­ny go­ra­mak, sa­ny­ny art­dyr­mak, degişli spor­t u­gruny, mil­li at­çy­lyk däp­le­ri­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça giň ge­rimli iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­la­ry­myz­da döw­re­bap at­çy­lyk s­port top­lum­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy, ýaz we güýz möw­süm­le­rin­de ge­çi­ril­ýän at ça­py­şyk­la­ry bu ugur­daky tagal­la­la­ryň aý­dyň ne­ti­je­si­dir. Türk­men be­dew­le­ri­niň halka­ra de­re­je­de yk­rar edil­me­gi hem buý­san­jy­myz­y artdyrýar. Şolaryň hatarynda      2023-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da «Ahal­te­ke atçy­lyk sun­ga­ty we at­la­ry bezemek» däp­le­ri­niň ÝU­NES­KO­nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zilme­gi mil­li mi­ra­sy­my­zyň dün­ýä medeniýetiniň bir bö­le­gi hökmün­de ka­bul edil­ýän­di­gi­niň be­ýa­ny bol­dy.

«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­ —­ be­dew bat­ly at­my­ra­dyň me­ka­ny» diý­lip at­lan­dy­ry­lan ýyl­da hem bu ugurda tä­ze hal­ka­ra üstünlikler ga­za­nyl­ýar. «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar toparymyza sirk sun­ga­ty­na uly go­şan­dy üçin hal­ka­ra şahadatnamalarynyň gow­şu­ryl­ma­gy türk­men be­dew­le­ri­niň gö­zel­li­gi­ne, düş­bü­li­gi­ne we ça­la­syn­ly­gy­na dünýä ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän ýo­ka­ry bahanyň gü­wä­si­dir.

Mil­li at­şy­nas­lyk däp­le­ri­mi­zi döw­re­bap esas­da ös­dür­mek we dün­ýä ýaý­mak ug­run­da edil­ýän giň ge­rim­li iş­ler hal­ky­myzyň ru­hy baý­ly­gy­nyň ebe­di­li­gi­ni üp­jün ed­ýär. Be­hiş­di be­dewle­ri­miz bol­sa he­mi­şe ösü­şiň, bagty­ýar­ly­gyň we be­lent maksat­la­ryň ny­şa­ny bo­lup, ýur­du­my­za şöh­rat ge­tir­ýär.

 Eziz Di­ýa­ry­myz­da at­çy­ly­gyň we at­ly spor­tuň ös­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän, be­hiş­di be­dew­leri­mi­ziň şan­-şöh­ra­ty­ny dün­ýä ýaý­mak­da be­ýik iş­le­ri ama­la aşyr­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bo­lup, alyp bar­ýan iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Mak­sat JAN­MY­RA­DOW,

TMÝG-niň Ma­ry we­la­ýat ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy,

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty.

09.04.2026 Details

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYNYŇ HUKUK GORAGLYLYGY

Häzirki wagtda ekologiýa meselesi iň bir wajyp meseleleriň biridir. Türkmenistan daşky gurşawy goramagyň meseleleriniň giň toplumyny çözmegi we düýpli derejede durnukly ösüş boýunça işjeň hereketleri amala aşyrmagy maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirýär. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» ösüşiň anyk wezipeleriniň hatarynda tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak we beýlekiler saýlanyp alyndy.

Daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr. Hut şu ugurlarda jemgyýetçilik ekologiýa gatnaşyklaryny düzýän jemgyýetiň we tebigatyň ýakyn arabaglanyşygy amala aşyrylýar. Ekologiýa hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda kanunçylygyň orny we ähmiýeti uludyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ekologiýa hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan, halkara tejribesine hem-de ylmyň gazananlaryna esaslanýan hukuk namalaryny kabul etmek we kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.

Şeýlelikde, Türkmenistan daşky gurşawy goramagyň we ekologiýa heläkçiliklerini duýdurmagyň giň möçberli ygtybarlylygy bolup durýan BMG-niň tebigaty goramak baradaky Konwensiýalaryna goşuldy. Bu halkara ylalaşyklaryň hukuk ýörelgeleri we kadalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan başgada, Suw, Ýer we Tokaý Kodekslerinde, «Tebigaty goramak hakynda», «Ýerasty baýlyklar hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Radiasiýa howpsuzlygy hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda özüniň beýanyny tapdy. Türkmenistanda daşky gurşawdan peýdalanmak we ony gorap saklamak boýunça umumy düzgünleri belleýän kadalaşdyryjy namalaryň hatarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy aýratyn orny eýeleýär. Çünki onda ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň esasy kadalary, ekologiýa talaplaryny we howpsuzlygyny üpjün etmegiň tertipleri berkidilendir. Hususan-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda: «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanylmaga degişlidir» diýlip kesgitlenilýär. Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär.

Görşümiz ýaly, ýurduň ekologiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmekde ekologiýa kanunçylygynyň ähmiýeti örän ýokarydyr. Tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmeli kadalar aýdyňdyr. Hojalyk we beýleki işleriň tebigy ekologiýa ulgamlaryna zyýanly täsirleriniň öňüni almak berk berjaý edilmelidir. Biologik dürlüligi gorap saklamak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak möhümdir. Bularyň ählisi 2014-nji ýylyň 1-nji martynda kabul edilen «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda görkezilýär.

Bu kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan başga-da, 2008-nji ýylyň 20-nji awgustynda kabul edilen «Uglewodorod serişdeleri hakynda», 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen «Agyz suwy hakynda», 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda kabul edilen «Uglewodorod gazy we gaz üpjünçiligi hakynda», 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda kabul edilen «Ekologiýa seljermesi hakynda», 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», 2019-njy ýylyň 2-nji martynda kabul edilen «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we birnäçe beýleki kanunlar hereket edýär. Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak çygryndaky kämil kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňde goýan wezipeleriniň netijeli durmuşa geçirilmegine oňyn täsirini ýetirýär, raýatlaryň sagdyn ýaşaýyş şertlerine bolan hukugyny üpjün etmäge ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmak, tebigatymyzy gorap saklamak, oňa aýawly çemeleşmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Orazdurdy ABDYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we

ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

08.04.2026 Details

BEÝIK MAKSATLAR — BAGTYÝAR DURMUŞYMYZYŇ BEZEGI

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri ag­zy­bir halky­my­zyň ilýurt bäh­bit­li, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li be­ýik mak­sat-tutum­la­ry­nyň, ýag­şy ar­zuwla­ry­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan ajaýyp zama­na­sy­dyr. Häzirki ajaýyp döwürde türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň sa­ýa­syn­da, hor­mat­ly Prezidentimiz Arkadag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baştu­tan­ly­gyn­da mil­li bäh­bit­le­ri­mi­zi, dost-do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li hyzmat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi naýba­şy orun­da go­ýup, eziz Diýarymy­zy äh­li ugur­lar­da gül­läp ös­ýän ýur­da öwür­mek asylly maksat bolup durýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary bu ba­bat­da­ky giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň ro­waç­lyk­la­ra beslen­me­gin­de dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­tiň nus­ga­sy­ny görkezýärler.

Şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 35 ýyl­lyk ta­ry­hy se­ne­si­ne bes­len­ýän «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň meka­ny» ýy­ly­nyň be­ýik tu­tumla­ry, röw­şen gel­je­gi­mi­ze gö­nük­di­ri­len iri möçber­li tas­la­ma­la­ry mu­ny aý­dyň gör­kez­ýär. Dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň uly gy­zyk­lan­ma­la­ry hem-de gol­daw­la­ry bi­len gur­şa­lan şeý­le döw­let­li tutum­lar ýur­du­my­zyň be­dew bat­ly ok­gun­ly ösüş­le­ri­niň, yn­san­per­wer syýa­sa­ty­nyň he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­niň buý­sanç­ly beýanydyr.

Ýy­lyň çuň maz­mun­ly şy­ga­ry türk­men halky­nyň ýur­du­myz­da gazanyl­ýan ta­ry­hy üs­tünlik­le­re, ýe­til­ýän be­lent sep­git­le­re bo­lan mil­li buý­san­jy­ny, şeý­le kö­pu­gur­ly öz­gert­me­le­riň do­wa­mat-do­wam bol­ma­gy ba­bat­da­ky naý­ba­şy ar­zu­wy­ny aý­dyň şöh­le­len­dir­ýär. Se­bä­bi hal­kymyz he­mi­şe-de ýag­şy umyt-ar­zuw­la­ry­ny, maksat-tu­tum­la­ry­ny, ama­la aşyr­ýan be­ýik iş­le­ri­ni iň eziz gör­ýän gym­mat­lyk­la­ry bi­len de­ňäp, şo­nuň üs­ti bilen be­ýan edip­dir. Ýur­du­my­zyň be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­my­za, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myza da­ýan­ýan köp­ta­rap­ly üs­tün­lik­le­ri­niň be­dew ba­dy­na deňel­me­gi mu­ňa anyk su­but­na­ma­dyr.

«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň il­kin­ji aýyn­da Mon­te-Kar­lo şä­he­rin­de ge­çi­ri­len halkara sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da sirk sun­gaty­na go­şan uly go­şan­dy üçin «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­na Bü­tin­dün­ýä sirk federasi­ýa­sy­nyň we Ýew­ro­pa Sirk as­so­sia­si­ýasy­nyň hal­ka­ra şahadatnama­la­ry­nyň gow­şu­rylma­gy hem di­ňe bir ýy­lyň ta­ry­hy wa­ka­sy bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, türk­men hal­ky­nyň ýag­şy ar­zuw­la­ry­nyň da­ba­ra­lan­ma­sy­na öw­rül­di. Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Hy­taý Halk Respubli­ka­sy­na dost­luk sa­pa­ry­nyň çäkle­rin­de «Equu­leus» hal­ka­ra atçylyk top­lu­my­na ba­ryp gör­me­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň adyndan HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pi­ne Ga­dyr­ly at­ly aja­ýyp ahal­te­ke atyny sow­gat hök­mün­de gow­şur­ma­gy dün­ýä­de hoş­ni­ýet­li gatnaşyklarymy­zyň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­niň gü­wäsi­dir. Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­re esas­lan­ýan beýik mak­sat-tutum­lar bol­sa el­my­da­ma bag­ty­ýar dur­mu­şy­my­zyň be­ze­gi­dir.

Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da ýur­du­my­zy ýo­ka­ry de­re­je­de ösen, yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly, syýa­sy taý­dan dur­nuk­ly, ra­ýat jem­gy­ýet­li döw­let hökmün­de ga­za­nan hal­ka­ra ab­raý-mer­te­be­si­ni has-da be­len­de gö­ter­mek ba­bat­da ama­la aşy­rylýan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­re my­na­syp go­şant goşma­gy Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýasy hem he­mi­şe baş mak­sat edin­ýär. Şeý­le asyl­ly mak­sat­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­re berk eýerýän par­ti­ýa­nyň Bal­kan we­la­ýat ko­mi­te­ti hem ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­leriň, ýu­bi­leý ýy­ly­nyň şy­ga­ry­nyň hem-de ta­ry­hy tutumla­ry­nyň çuň­ňur ma­ny-maz­mu­ny­ny, dün­ýä äh­mi­ýe­ti­ni açyp görkezmek­de ze­rur ta­gal­la­la­ry ed­ýär. Şu mak­sat bi­len se­bi­tiň ila­ty­nyň ara­syn­da do­wam­ly ge­çir­ýän sy­ýa­sy-dü­şün­di­riş, wa­gyzne­si­hat çärelerimi­ziň tä­sir­li, ne­ti­je­li bol­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýä­ris.

Gu­wanç ÇEN­DI­ROW,

Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik

par­ti­ýa­sy­nyň Bal­kan we­la­ýat

ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy, Mej­li­siň de­pu­ta­ty.

06.04.2026 Details

ДИАЛОГ ПАРЛАМЕНТАРИЕВ

В Самарканде состоялся первый межпарламентский форум «Центральная Азия–Европейский Союз». Форум стал одной из инициатив, выдвинутых в ходе первого саммита «Центральная Азия – Европейский Союз», состоявшегося в Самарканде в апреле 2025 года, и направленных на институционализацию диалога между странами региона и ЕС, укрепление позиций Центральной Азии как региона, открытого для международного сотрудничества.

Своих представителей делегировали парламенты Казахстана, Кыргызстана, Таджикистана, Туркменистана, Узбекистана, а также Европейского парламента. В диалоге принимали участие эксперты и представители международных организаций, академических кругов и делового сообщества.

С приветственным словом к собравшимся обратился заместитель председателя Сената Олий Мажлиса Республики Узбекистан. Отметив значение форума для укрепления межрегионального сотрудничества, он подчеркнул, что мероприятие призвано вывести межпарламентский диалог между странами Центральной Азии и Европейским Союзом на качественно новый уровень, способствовать обмену законодательным опытом, а также расширению взаимодействия в вопросах устойчивого развития, экономического сотрудничества и региональной безопасности. Выступая площадкой для политического диалога, форум вместе с тем служит важным механизмом углубления практического сотрудничества, выработки новых инициатив и реализации совместных проектов.

В свою очередь, заместитель председателя Европейского парламента отметила комплексность сотрудничества ЕС с Центральной Азией, его целенаправленность на обеспечение стабильности, процветания, укрепление принципов многостороннего взаимодействия, свободной торговли и демократии, устойчивого развития и верховенства закона.

В центре обсуждения участников на тематических сессиях находились актуальные вопросы современного политического диалога и его дальнейшие перспективы, «зелёная» трансформация, экономическая взаимосвязанность, безопасность в цифровом пространстве, инклюзивное управление, современное значение парламентской дипломатии и институциональное укрепление сотрудничества.

В обсуждениях приняла участие и наша делегация. Выступая по теме «Экономическая взаимосвязанность, устойчивый рост и «зелёная» трансформация», подчёркивалось, что это направление отражает стратегические приоритеты развития Туркменистана. Законодательством страны последовательно проводится политика с целью укрепления устойчивого экономического развития, диверсификации национальной экономики и расширения взаимовыгодного международного сотрудничества. Это также закреплено в долгосрочных национальных стратегиях и программах социально-экономического развития.

Одним из ключевых направлений экономической взаимосвязанности является активная реализация Туркменистаном масштабных инфраструктурных проектов, направленных на формирование эффективных международных транспортных коридоров. Особое значение имеет маршрут Восток–Запад, который способствует укреплению торгово-экономических связей Азии и Европы.

Как подчёркивает Национальный Лидер туркменского народа, Председатель халк Маслахаты Туркменистана Герой Аркадаг, «выгодное географическое положение Туркменистана должно служить эффективному развитию международных транспортных и торговых связей».

В этой связи отмечено введение в эксплуатацию Международного морского порта Туркменбаши, как важного логистического центра на Каспийском направлении. Модернизация железнодорожных и автомобильных магистралей, создание современных логистических хабов позволяют значительно повысить транзитный потенциал страны и способствует интеграции региона в глобальные цепочки поставок.

Важным элементом экономической взаимосвязанности является энергетическое сотрудничество. Туркменистан, обладая одним из крупнейших в мире запасов природного газа, выступает за развитие устойчивых и диверсифицированных маршрутов поставок энергоресурсов. В этом контексте страна поддерживает расширение энергетического диалога с Европейским Союзом как перспективное направление взаимовыгодного партнёрства.

Туркменистан предпринимает последовательные шаги по развитию «зелёной» энергетики. В стране реализуются проекты по внедрению солнечной и ветровой энергии, повышению энергоэффективности и снижению углеродного следа. данные меры направлены на постепенный переход к более устойчивой модели экономического роста.

Говоря о «зелёной» трансформации, подчёркивалось, что Туркменистан активно участвует в международной климатической повестке. В стране приняты и реализуются национальные программы по адаптации к изменению климата, рациональному использованию природных ресурсов и охране окружающей среды.

Особое внимание уделяется вопросам водной безопасности, что имеет критическое значение для стран Центральной Азии. Туркменистан выступает за рациональное и справедливое использование водных ресурсов на основе международного права и взаимного уважения интересов всех государств региона.

Также реализуются меры по борьбе с опустыниванием, сохранению биоразнообразия и улучшению экологической ситуации. Эти инициативы соответствуют глобальным Целям устойчивого развития и демонстрируют приверженность Туркменистана принципам экологической ответственности.

Подчёркивая важную роль в продвижении всех обозначенных процессов межпарламентского сотрудничества, отмечалось, что парламентские структуры обеспечивают законодательную основу реформ, способствуют обмену опытом и формированию согласованных подходов к решению общих задач. В этом контексте взаимодействие между парламентами стран Центральной Азии и Европейского Союза приобретает особую значимость, открывая дополнительные возможности для обоюдного понимания в подходах к гармонизации законодательства, развития институционального диалога и укрепления доверия.

Подводя итоги сказанному, было отмечено, что Туркменистан готов и открыт к дальнейшему углублению сотрудничества в таких направлениях, как устойчивое развитие, «зелёная» экономика, цифровизация и транспортная взаимосвязанность. Вместе с тем современные вызовы требуют не только принятия мер на национальном уровне. Как подчёркивает уважаемый Президент Сердар бердымухамедов, международное сотрудничество на основе взаимного уважения и доверия является важным фактором устойчивого развития. Через партнёрство, взаимное уважение и конструктивный диалог возможно обеспечить устойчивое развитие наших государств и благополучие наших народов. Объединение усилий позволит добиться значительных результатов, отвечающих интересам стран Центральной Азии и Европейского Союза. Туркменистан остаётся привержен принципам мира, добрососедства и взаимовыгодного сотрудничества, готов и далее вносить вклад в укрепление региональной и международной взаимосвязанности, развитие «зелёной» экономики и достижение Целей устойчивого развития.

По итогам форума было принято совместное заявление, отражающее инициативы и договорённости, выдвинутые в ходе мероприятия, направленные на дальнейшее укрепление межрегионального сотрудничества между странами Центральной Азии и Европейским Союзом.

Бегенчгелди БАЙРАММЫРАДОВ,

депутат Меджлиса Tуркменистана, член

Комитета по экономическим вопросам.

04.04.2026 Details

HÄZIRKI ZAMAN JEMGYÝETI WE ZENANLAR: ÜSTÜNLIKLER, MAKSATLAR, MEÝILLER

Maş­ga­la­nyň sü­tü­ni ha­sap­lan­ýan ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň sar­pa­sy­ny be­lent tut­mak türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my dö­wür­ler­den göz­baş alyp gaýd­ýan mil­li ýö­rel­ge­si­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de ýurdumyzda ze­nan­la­ra my­na­syp dur­muş we dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär, gen­der deň­li­gi ka­nun arka­ly üp­jün edil­ýär. Ola­ryň hu­kuk­la­ry­ny, bäh­bit­le­ri­ni, maş­ga­la­ny gol­da­mak, ene­li­gi, ça­ga­ly­gy go­ra­mak ba­bat­da mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň dür­li ugur­la­rynda gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mek üçin stra­te­gik mak­sat­la­ry kes­git­le­ýän me­ýil­na­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Düýn Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­sin­de «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly atmy­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly: hä­zir­ki za­man jem­gy­ýe­tin­de ze­nan­la­ryň or­ny» ady bi­len ge­çi­ri­len mas­la­ha­tyň mak­sa­dy hem şu ugur­da­ky giň ge­rim­li iş­le­ri wa­gyz et­mek­den yba­rat bol­dy.

Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry­nyň, ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň jo­gap­kär sek­re­ta­ry­nyň, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ýur­du­myz­da­ky de­giş­li dü­züm­le­ri­niň, da­şa­ry ýurt­la­ryň dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ze­nan ýol­baş­çy­la­ry­nyň, dür­li ul­gam­lar­da zäh­met çek­ýän iş­jeň ze­nan­laryň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len mas­la­hat­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ene­ler­dir ge­lin-gyz­la­ra hor­mat goý­mak ba­bat­da asyl­ly ýö­rel­ge­si­ni do­wam et­dir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Diýa­ry­myz­da ze­nan­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn gi­ňelt­mek ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin söh­bet edil­di.

Baý­ram­gö­zel MY­RA­DO­WA, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Ylym, bi­lim, 

me­de­ni­ýet we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ba­ra­da­ky 

ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy:

— Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda zenanlaryň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Zenanlar hakynda alada etmek, olaryň jemgyýetde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýär. Ähli döwürlerde-de zenan maşgala di­ňe bir ojagyň eýesi bolman, eýsem, jemgyýetiň kämilleşmegine, nesilleriň terbiýesine, medeniýetiň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşýan ynsan hasaplanýar. Zenan durmuşyň gözelligi, maşgalanyň sütüni, geljegiň dowamatydyr. Häzirki zaman zenany — bu başarjaň ýolbaşçy, diplomat we syýasatçy, lukman, alym, mugallym, inžener, ykdysatçy, telekeçi... Olar bu günki gün döwlet hem jemgyýetçilik işlerinde, hususan-da, ýerine ýetiriji häkimiýet düzümlerinde netijeli zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşýarlar. Olar döwletimiziň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek işine-de işjeň gatnaşýarlar. Diýarymyzda zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşdaky ornuny has-da berkitmek, olaryň döredijilik, intellektual mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Zenanlar jemgyýetiň, maşgala ojagynyň mukaddesligi, mertebesi, durmuşyň gözelligi hökmünde uly hormat-sarpanyň eýesidir. Şo­ňa görä, ýurdumyzda zenanlaryň döwlet dolandyryşynda, ylym-bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, sportda, telekeçilikde we beýleki pudaklarda geçirilýän işlere deň­hukukly gatnaşmaklary ugrunda tagalla edilýär. Bu ugurda kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Zähmet, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda, Jenaýat, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerinde, beýleki kanunlarda gender deň­liginiň hukuk esaslary, zenanlaryň hukuklary babatda birnäçe durmuş kadalary, ýe­ňillikler göz öňünde tutulandyr. Türkmenistanyň milli hukuk ulgamy erkeklerdir zenanlaryň deň hukuklaryny üpjün edýän berk kepillikleri özünde jemleýär. Esasy Kanunymyz, jynsyna garamazdan, ähli raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň deň­digini ykrar edýär. «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny durmuşyň ähli ulgamlarynda gender deň­ligini üpjün etmek üçin esas goýujy gurala öwrüldi. Mundan başga-da, syýasy, ykdysady, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda anyk çäreleri we maksatlary kesgitleýän gender deň­ligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

01.04.2026 Details
1 2 3 4 5 6 7 ... 115