The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

02.10.2025

Türkmenistanyň Prezidenti SERDAR BERDIMUHAMEDOW: - ÇAGALARYŇ BAGTYÝARLYGY WATANYMYZYŇ BUÝSANJYDYR

 

     Dün­ýä­de ­ça­ga­nyň ­gül­kü­sinden,­ şat­ly­gyn­dan­ ýa­kym­ly zat­ ýok ­bol­sa­ ge­rek?!­ Gör-ä,­ ça­ga­la­ryň bagtyýarlygyn­da tä­ze ­ta­ry­hy döw­rüň ­hal­kymy­za­ eçil­ýän­ aja­ýyp­ döw­let­li-döw­ra­ny,­ aba­dan­ dur­mu­şy,­ hözirli­ ýa­şaý­şy ­gö­rün­ýär.­ Mu­kad­des­ Garaşsyzlygymyzyň ­34­ ýyl­ly­gy­nyň­ baý­ramçy­ly­gy ­my­na­sy­bet­li­ türkmen hal­ky­nyň­ Mil­li ­Li­de­ri ­Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ­hem-de hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly­ Gahry­man Ser­da­ry­my­zyň­ adyn­dan Gurbanguly­ Berdimuhamedow adyn­da­ky­ ça­ga­lar­ sagaldyş-dikeldiş mer­ke­zin­de sag­lyk­la­ry­ny ­di­kel­dip,­ bejergi alýan çagalara hem-de­ paý­tag­ty­myz­daky ­Döw­let­li­ler­ köş­gün­de terbiýelenýän we bilim al­ýan ­ça­ga­la­ra­ naz-nygmat­ly­ sowgatlaryň ­da­ba­raly­ gow­şu­ry­lan ­pur­sa­dy­ bu hakyka­ta ­has­ aýdyň­ göz ýe­tir­ýär­siň.

 

     Süý­jü­lik­ nyg­mat­la­ry­ny­ uly şat­lyk­dyr­ ho­şal­lyk­ bi­len ka­bul­ eden ­ça­ga­jyk­la­ryň Mil­li­ Li­de­ri­mi­ze ­hem-de hormat­ly Prezidentimi­ze­ tüýs­ ýü­rek­den aýd­ýan­ päk­ al­kyş­la­ryn­da­ öz­le­ri ha­kyn­da­ edil­ýän­ ägirt ­uly­ ala­da­ny ça­ga­ kalp­la­ry­ bi­len­ duýýandygy aý­dyň şöh­le­len­di.­ 

     Dün­ýä­dä­ki­ iň ­asyl­ly,­ iň­ so­gaply­ amal­la­ryň­ se­re­si­ hossarly­ga,­ ho­wan­dar­ly­ga,­ mä­hir-my­la­ka­ta mä­täç­ ça­ga­la­ryň­ ba­şy­ny­ sypamak­dy­gy,­ ola­ra­ ha­ýyr-sa­ha­wat et­mek­di­gi­ ha­kyn­da­ halk­ hakyda­sy­na,­ emer-da­ma­ry­na­ or­nan hik­met­de­ be­ýan­ edil­ýär.­ Berka­rar­ döw­le­tiň­ tä­ze­ eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy­ döw­rün­de­ merdana pe­der­le­ri­miz­den­ pent­ bo­lan­ bu asyl­ly, ­yn­san­per­wer ýörel­ge­ tä­ze do­wa­ma­ta ­eýe ­bo­lup, ­hal­kyň ­hoşal­ly­gy­na­ my­na­syp ­bol­ýar.­ 

     Nä­çe ­su­su­lyp ­alyn­dy­gyça ­­su­wy eg­sil­me­ýän,­ gaý­ta,­ su­wy­ barha bol ­bol­ýan ­gu­ýy­nyň ­my­sa­lyn­da ­bir hik­met ­bar.­ Tä­ze taryhy­ döwrüň­ saha­wat ­bu­la­gy­nyň­ göz­ba­şy­ny ­ar­çan Gah­ry­man­ Arkadagy­my­zyň­ ynsan­per­wer­ baş­lan­gy­jy­ny­ do­wam et­dir­ýän­ Arka­dag­ly­ Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň­ ama­la­ aşyr­ýan döw­let­li­ işle­ri­ ça­ga­la­ryň­ dur­muşy­na ­bag­ty­ýar­lyk ­nu­ru­ny ­çaý­ýar.­

     Gahryman­ Ar­ka­da­gy­my­zyň yn­san­per­wer­lik­ ýö­rel­ge­si­ bi­len kema­la ­ge­len ­ha­ýyr-sa­ha­wat ­darag­ty­nyň­ dat­ly­ nyg­mat­la­ry bagtyýar ­ça­ga­la­ryň ­dur­mu­şy­na ­süý­jü­lik,­ ömür­le­ri­ne­ ta­gam­ bagyş­la­ýar.­ Gurbanguly­ Berdimuhamedow adyn­da­ky­ Howandar­ly­ga­ mä­täç ça­ga­la­ra­ he­ma­ýat­ ber­mek­ boýun­ça­ ha­ýyr-sa­ha­wat ­gaz­na­sy­nyň çäk­le­rin­de­ al­nyp­ ba­ryl­ýan­ iş­ler hem­ mu­nuň­ aý­dyň­ my­sa­ly­dyr.­ Kö­pu­gur­ly, ­giň­-ge­rim­li­ ha­ýyr-sa­hawat ­iş­le­ri­ni ­alyp ­bar­ýan­ gaz­na­nyň se­riş­de­le­ri­niň­ ha­sa­by­na­ ho­wandar­ly­ga­ mä­täç ­en­çe­me­ ça­ga­lar­da çyl­şy­rym­ly ­ope­ra­si­ýa­la­ryň geçirilendigi­ni,­ luk­man­çy­lyk ­be­jer­gi­le­riň ber­len­di­gi­ni­ aý­ra­tyn­ nyg­ta­mak ze­rur.­ Şol­ ça­ga­jyk­la­ryň­ ýa­şaý­şyna ­umyt­ ba­gyş­lan­ şeýle ­ägirt ­uly yn­san­per­wer­ iş­ler­ bag­ty­ýar­ halky­my­zyň­ kal­by­na­ mä­hir,­ nu­ra­na gel­je­gi­ne­ ynam ­bo­lup ­or­na­ýar.­ 

     Ça­ga­la­ryň­ sag­dyn­ ösüp­ kema­la­ gel­me­gi,­ döw­re­bap­ bi­lim-terbi­ýe­ al­ma­gy,­ dur­muş­ taý­dan gol­da­nyl­ma­gy,­ bag­ty­ýar,­ bolelin ýa­şaý­şy­nyň ­üp­jün edilme­gi ­ze­rur.­ Mil­li­ Li­de­ri­mi­ziň­ ta­gal­la­sy­ bilen dö­re­di­len­ Haýyr-sa­ha­wat­ gazna­sy­nyň­ dur­mu­şa­ ge­çir­ýän­ işleri­niň ­baş­ maksa­dy­ hem,­ esa­san,­ şu­lar­dan­ yba­rat­dyr.­ Gaznanyň ha­sa­by­na­ dur­mu­şa­ ge­çi­ril­ýän yn­san­per­wer,­ sa­ha­wat­ly­ iş­le­riň ne­ti­je­sin­de Ber­ka­rar ­döw­le­tiň ­tä­ze eý­ýa­my­nyň ­Gal­ky­ny­şy­ döw­rün­de howan­dar­ly­ga­ mä­täç­ ça­ga­la­ra äh­li­ta­rap­la­ýyn­ dur­muş­ gol­da­wy be­ril­ýär.­ 

     Hal­ky­myz­da­ bir-ä­ ça­ga­nyň,­ bi­rem­ iliň­ al­ky­şy­nyň­ Hakyň­ ýalka­wy­dy­gy­ ha­kyn­da­ ynam­ bar.­ Mu­kad­des­ Garaşsyzlygymyzyň 34­ ýyl­ly­gy­ my­na­sy­bet­li­ dat­ly,­ naz-nygmatly ­sow­gat ­alan­ ça­galar ­tüýs ­ýü­rek­den­ Mil­li­ Li­de­rimiziň hem-de­ Ar­ka­dag­ly­ Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň­ jan­la­ry­nyň­ sag,­ ömür­le­ri­niň­ uzak­ bol­ma­gy­ny­ dile­ýär­ler.­ 

 

Ýaz­po­lat ­KE­RI­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň­ Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar ­gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ­Ge­ňe­şi­niň ­baş­ly­gy,­ Mej­li­si­ň depu­ta­ty