The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň şanly baýramyny agzybirlik, ýokary ruhubelentlik bilen toýlan hemişelik Bitarap Diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik we hukuk döwletiň binýadyny has-da pugtalandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleri barha rowaçlyklara beslenýär. Milli mirasymyzyň iň gowy däplerine berk eýermek arkaly döwlet gurluşynda, ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda, içeri we daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmekde gymmatly halk tejribesini bu ugurda dünýäde gazanylan tejribeler bilen sazlaşykly utgaşdyrmak bilen ýetilýän sepgitler ýurdumyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny, abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň çuňňur many-mazmuny şeýle buýsançly hakykaty ýene bir ýola äleme ýaýdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda agzybir türkmen halkynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asyrlarboýy eden arzuwlaryna, belent sepgitlerine ýetýändiginiň, türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň barha berkäp, täze taryhy döwürde ýurdumyzy gülledip ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän işleriniň has-da rowaçlanýandygynyň, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde beýgelýändiginiň güwäsidir.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň maksatnamalaýyn çykyşlarynyň çuňňur mazmunyndan aýdyň görnüşi ýaly, täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň hem-de döwletiniň durmuşynda şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýarlygyna, abadançylygyna gönükdirilen düýpli özgertmeler üstünliklere beslenýär. Berkarar Watanymyz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda güýçli depginler bilen ösüp, bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Ýurdumyzda ähmiýeti we möçberi taýdan ägirt uly işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletimizde önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň gurluşyklary güýçli depginlerde alnyp barylýar hem-de olar yzygiderli ulanmaga berilýär. Ýeri gelende aýtsak, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ahyryna çenli «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek boýunça özleşdiriljek düýpli maýa goýumlaryň möçberi 40 milliard 72 million manada ýeter. Munuň özi täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalardyr, ähli amatlyklar döredilen döwrebap ýaşaýyş jaýlarydyr, bilim-terbiýe ojaklarydyr, saglygy goraýyş edaralarydyr. Alnyp barylýan şunuň ýaly tutumly işler halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň taryhy mejlisiň barşynda gol çeken Karary esasynda welaýatymyzyň Türkmenbaşy etrabynda guruljak ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplum hem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen şeýle taslamalaryň biridir.
Umuman aýdanyňda, abadan durmuşymyzyň binýadynyň berkdendigini aýdyň görkezen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi eziz Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň agzybir türkmen halkynyň baş maksady bolup durýandygyny ýene bir ýola jümle-jahana ýaýdy.
Watany söýmegiň, oňa hyzmat etmegiň beýik nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, halkymyzyň röwşen geljegine gönükdirilen beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Wezirgeldi Aşyrow, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.