Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri ösdürmekde giň gözýetimli, uly durmuş mümkinçilikli we dünýägaraýyşly, düýpgöter täzeçe ýörelgeleri öňe sürmäge ukyply ýaşlara aýratyn orun berilýär. Şoňa görä-de, Watanymyzyň beýik geljegini ýaşlarda görýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň dürli ugurlaryny öz içine alýan birnäçe çäreler bilen bir hatarda, ýaşlar forumynyň hem geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Ýer ýüzünde röwşen geljegi berkarar etmäge işjeň gatnaşýan ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy häzirki wagtda ählumumy gün tertibi boýunça dünýä bileleşiginiň üstünlikli özara gatnaşyklarynyň kesgitleýji şertleriniň biri hökmünde ykrar edilendir. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlar dialogyny ösdürmek, röwşen geljegi döretmegiň hatyrasyna dürli döwletleriň ýaşlary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 -2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» kabul edildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi bolsa dünýä jemgyýetçiliginde ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär.
Ýaşlar meselesiniň Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalaryndaky ileri tutýan garaýyşlarynda-da yzygiderli beýanyny tapmagy tötänden däldir. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä döwletleri hem-de BMG-niň ugurdaş düzümleri we institutlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklaýar. Ýaşlar BMG-niň ählumumy gün tertibi boýunça möhüm halkara meselelere we wajyp wezipelere hem işjeň seslenýärler. Şu jähetden, ykdysadyýet, söwda, senagat, ulag, energetika, maýa goýum, howpsuzlyk, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa ýaly ençeme ugurlary öz içine aljak halkara maslahatyň gün tertibinde ýaşlaryň hem ady agzalan ugurlar boýunça pikirlerini we tejribelerini paýlaşmaklary durnukly ösüşiň bähbidine ýaşlar hyzmatdaşlygyny ilerletmäge möhüm goşant bolar. Ýaşlar forumynyň degişli bölümlerinde geçiriljek maslahatlaryň dowamynda öňdebaryjy ýaş wekilleriň çykyşlarynyň bolmagy, şolaryň arasynda ýaş türkmenistanlylaryň hem çykyşlarynyň göz öňünde tutulmagy buýsançly ýagdaýdyr. Ýeri gelende, maslahata gatnaşjak wekiliýetlere hem-de myhmanlara hyzmat etjek dürli daşary ýurt dillerini oňat bilýän meýletinçi ýaşlaryň hem hormatly Prezidentimiziň ýörite tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýörite maksatly okuw sapaklaryny geçendigini nygtamalydyrys.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ilatynyň 58 göterimi 25 ýaşa çenli ýaşdaky ýaşlardan ybaratdyr. Häzirki zaman dünýäsinde ýaşlaryň ägirt uly intellektual mümkinçiliklere we innowasion serişdelere eýedigi bolsa düşnüklidir. Bu ýurtlaryň ilat sany indiki onýyllygyň ahyryna çenli 140 milliona çenli artar diýlip çaklanylýar. Munuň özi dünýä döwletleriniň ykdysady-jemgyýetçilik ösüşiniň ýaşlaryň demografik güýji we döredijilik kuwwaty bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyň görkezýär.
Jemläp aýdanyňda, ýaşlar jemgyýetiň hereketlendiriji güýji bolup, täze taryhy eýýamda olaryň dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri durmuş-ykdysady ösüşlere itergi berýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler hem türkmen ýaşlarynyň durmuş işjeňligini mundan beýläk-de artdyrmak, halkara gatnaşyklary giňeltmek, dünýä giňişliginde umumy bähbitleri ilerletmek babatda ýaşlaryň tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli meýdançany döretmäge ýardam berer. Ýaş nesillere uly ynam bildirip, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Orazgeldi SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, Mejlisiň deputaty.