Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Bilşimiz ýaly, 30-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrmak üçin paýtagtymyzdan Türkmenbaşy şäherine ugrady. Edil şol pursatda Arkadag şäherinde täze şaýoluň we döwrebap köprüniň açylyş dabarasy dowam edýärdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu şähere amala aşyran nobatdaky iş saparynyň çäklerinde açylmagyna ak pata beren döwrebap ýol-ulag desgasynyň açylyş dabarasynyň şatlyk-şowhuny zamanamyzyň bagtyýarlygynyň beýany bolup ýaňlanýardy. Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrmak üçin paýtagtymyzdan Türkmenbaşy şäherine ugur alan uçarynyň Arkadag şäheriniň üstünden geçýän pursatlarynyň bu ýerde guralýan dabara gabat gelmegi oňa gatnaşyjylarda uly buýsanç duýgusyny döretdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýol-ulag ulgamynda amala aşyrýan tutumly işleri milli ykdysadyýetimiziň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmaga giň ýol açýar. 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Kararnamada 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, üstaşyr ulag geçelgeleriniň durnukly ulgamynyň pugtalandyrylmagy, inklýuziw jemgyýetçilik infrastrukturasynyň döredilmegi babatda durmuşa geçirýän beýik işlerine halkara jemgyýetçiliginiň berýän belent bahasyny görkezdi.
Ýeri gelende, bu ykrarnamanyň uzak ýyllaryň dowamyndaky meýilnamalaýyn işleriň netijesidigini bellemek gerek. Mysal üçin, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda 66 döwletiň awtordaşlygynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň orny» atly; 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda 85 döwletiň awtordaşlygynda «Durnukly, köpugurly üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly; 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda 74 döwletiň awtordaşlygynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly, 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly; 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalarynyň ählisine Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog-parahatçylygyň kepili» ýaly beýik taglymatlarynyň manysy siňendir.
Döwlet Baştutanymyzyň parasatly tagallalary bilen 2022-nji ýylyň 8-nji awgustynda gurluşygyna badalga berlen Türkmenbaşy - Garabogaz - Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsi, 2022-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda birwagtda açylyp ulanmaga berlen häzirki zaman ýokary mümkinçilikli ýolagçy awtomenzilleri, şu ýylyň 2-nji maýynda açylyp ulanmaga berlen, sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Balkanabat Halkara howa menzili Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen ata Watanymyzda ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde gazanylýan üstünlikleriň beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik söýgüsinden gurlan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunda we Arkadag şäherinde ulag-logistika hyzmatlaryna ylmyň iň soňky gazanan çözgütlerini özünde jemleýän «ýaşyl» tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin halkara jemgyýetçiliginde nusgalyk taslamalar hökmünde orun almagy ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere halkara jemgyýetçiliginiň berýän mynasyp bahasydyr.
Ata Watanymyzy üstünlikleriň mekanyna öwrüp, dünýä nusgalyk taglymatlary uly üstünlikler bilen durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!
Meňli DIWANOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.