Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

HALK HÄKIMIÝETLILIGINIŇ MIZEMEZ BINÝADY

Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet biziň ata-babalarymyzyň döwletlilik we döwletliligiň ýol-ýörelgesini üpjün etmek baradaky müňlerçe ýyllyk taryhy tejribesine daýanmak, şeýle-de häzirki zaman dünýäsiniň mümkinçiliklerini çuňňur seljermek, onuň iň kämil gazananlaryny kabul edip almak bilen berkidilýändir». Milli Liderimiziň bu parasatly sözleri kanunçylygy berkitmekdäki, halk häkimiýetliligini üpjün etmekdäki, döwlet gurluşyny kämilleşdirmekdäki işlere hem gönüden-göni degişlidir. 

Ga­raş­syz­lyk ýyllarynyň bütin dowamynda bu babatda juda köp işler alnyp baryldy. Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bu ugurda ýene bir möhüm taryhy waka boldy. Döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmäge, işleri dolandyrmagyň, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginiň, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň netijeli, täzeçil, kämil gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilen işler halkymyzyň bagtyýar, abadan ýaşaýşyny kepillendirýär. 

Mälim bolşy ýaly, 18-nji iýulda paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýlelikde, bu maslahat ýurdumyzyň durmuş-ykdysady galkynyşynyň wajyp meselelerini öz içine aldy. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şu özgerdiji, göwün galkyndyryjy günlerinde bolup geçmek bilen, abadançylygy berkitmegiň, ösüşleri üpjün etmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädim boldy. 

Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşynda belleýşi ýaly, agzybir halkymyz her ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň baş baýramyny aýratyn buýsanç bilen garşy alýar. Çünki bu sene — aýratyn ähmiýetli, buýsançly sene we biziň her birimizi belent maksatlara galkyndyrýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi, şol mejlisde gazanylan üstünlikleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemlenmegi, häzirki talaplardan we ykdysady şertlerden ugur alnyp, täze taryhy döwürde öňde durýan möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy geljekki ösüşlerimiziň, bagtly geljegimiziň berk binýadyny döretmäge hyzmat eder. 

Milli Liderimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ikinji ýylynyň şöhratly wakalara örän baý bolandygyny nygtady. Şunda döwrüň möhüm wezipelerinden ugur alnyp, ähli tagallalar döwletimiziň we jemgyýetimiziň depginli ösüşiniň üpjün edilmegine, halk häkimiýetliligini berkitmäge, milli demokratik institutlary has-da kämilleşdirmäge gönükdirildi. 2023-nji ýylyň ýanwarynda döwletlilik, kanunylyk, milli demokratik ýörelgelere esaslanmak arkaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi ýurdumyzyň durmuşynda aýratyn taryhy waka boldy. Täze özgertmeler yglan edilip, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi, döwletiň wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň işi döwrebaplaşdyryldy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň sentýabr aýynda geçiriljek mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijileriniň içgin seljerilmelidigini nygtady, bu babatda aýratyn möhüm hasaplanýan alty ugra ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ösdürmegiň söwda-ykdysady, senagat, önümçilik, dolandyryş, kanunçylyk-hukuk, hyzmat ediş, medeni-durmuş ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler baradaky maglumatlaryň, geljek üçin mümkinçilikleri açýan beýleki habarlaryň esasynda teklipleriň gysga wagtda taýýarlanylmalydygyny belledi, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň guramaçylyk topary bilen bilelikde alyp barmaly işleriniň möhüm ugurlaryny örän aýdyň kesgitläp berdi. 

Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşi döredildi. Ýaşulularyň bu ugurda birnäçe asylly, döwletli işleri alyp barmagy begendirýär. «Mundan beýläk hem ýaş nesilleriň aladasy edilip, olar goldaw-hemaýat bilen gurşalar we çagalaryň bähbitlerinden ugur alnyp, asylly işler döwlet derejesinde dowam etdiriler. Şunda hormatly ýaşulularymyzyň türkmeniň asylly ýörelgelerine esaslanýan garaýyşlaryna, alyp barýan işlerine ýokary baha berýäris. Şol maksatlar bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmek barada netijä geldik» diýip, Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda belledi. 

Mejlisiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz möhüm resminamalara — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ony ýokary guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň Düzgünnamasyny hem-de onuň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde ýurdumyzy ösdürmek boýunça geljekde-de uly wezipeler durýar. Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň Mejlis, Türkmenistanyň Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki netijeli işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy. Netijede, özgertmeler syýasaty has-da çuňlaşdyrylar, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksada okgunly işler alnyp barlar. Halk Maslahatynyň we beýleki wekilçilikli edaralaryň öňünde durýan wezipeler aýdyň kesgitlenilendir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan täze ösüşlere ýetirmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak, ilatyň  gündelik zerurlyklaryny üpjün etmek we isleglerini kanagatlandyrmak şol wezipeleriň esasyny kesgitleýär. 

Biziň döwrümiz — ösüşleriň zamanasy. Durmuş bir ýerde durmaýar, ösüp-özgerip barýar, täze kadalar, ýörelgeler bilen baýlaşýar. Şunuň netijesinde jemgyýetiň hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Geçmişimize nazar aýlasak-da, müň ýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyzyň döwletliligiň düýp, mizemez milli binýadyny saklap, ýurduň ösüş derejesine, halkyň islegine we döwrüň talabyna laýyklykda, döwletiň kada-kanunlaryny birsyhly kämilleşdirip gelendigini görýäris. 

Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly döwletlilik ýörelgelerini Arkadagly Serdarymyz egsilmez gujur-gaýrat, uly yhlas bilen dowam etdirýär. Şonuň netijesinde uzak geljegi nazarlaýan düýpli özgertmeler, giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet durmuşynyň ähli ugurlary demokratik ýol bilen ösdürilýär, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygy üpjün edilýär. Ýurdumyzda ösen raýat jemgyýetini kemala getirmek, kanunçylyk binýadyny berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda halkyň bähbidine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, onuň öz işini ýokary derejede alyp barmagy döwre mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde, halk demokratiýasyny has-da dabaralandyrmakda, jemgyýetimizi mundan beýläk hem jebisleşdirmekde, halkymyzyň agzybirligini berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy bolan halkymyzyň öz häkimiýetini amala aşyrmaga bolan konstitusion hukuklarynyň ýurdumyzda nusgalyk derejede üpjün edilýändigini aýdyň görkezýär. 

Milli Liderimiz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda şeýle diýýär: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet biziň halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky telim asyrlyk arzuw-maksatlaryndan bina bolandyr». Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, dünýäde berkarar türkmen döwletiniň at-abraýynyň barha artmagy, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. 

 

Hatyja MUSTAKOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

31.08.2023 Giňişleýin

JEBISLIGIŇ MILLI NUSGASY

Döwlet derejesinde kabul edilýän resminamalar, çözgütler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesine, abadançylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Çünki ýurdy ösdürmegiň täze belentliklerini nazarlaýan çözgütler şol ýurduň ilatynda ýagty geljege ynamy berkidýär. Ynamyň bar ýerinde agzybirligiňem, rowaçlygyňam pugtalanýandygy hakykat. Haçan-da adam döwlet tarapyndan edilýän aladany, döredilýän mümkinçilikleri duýanda, jebislige, döredijilikli zähmete ymtylýar. Geňeşmelerdir maslahatlary gurap, birek-biregiň garaýşyny öwrenmek, özara düşünişmek we ylalaşykly goldaw ýaly jemgyýetçilik gatnaşyklary raýat jemgyýetiniň ýörelgelerini kemala getirýär.

Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ömrü­miň ma­ny­sy­nyň do­wa­ma­ty» atly kita­byn­da nyg­taý­şy ýa­ly, Halk Mas­la­ha­ty öz maz­mu­ny bo­ýun­ça ata-baba­la­ry­my­zyň ýa­şu­lu­lar­dan mas­la­hat so­rap, akyl­dar, ylym­dar, il bähbidi­ni ara­ýan ge­ňeş­dar­la­ryny ýyg­nap, ka­ra­ra gel­mek ýö­relge­si bi­len umu­my esa­sy aň­la­dyp, sy­ýa­sa­ty öw­re­niş nuk­daý­na­zaryn­dan al­nan­da, demok­ra­ti­ýany dur­mu­şa or­naş­dyr­ma­gyň bir ug­ru­dyr. Mu­nuň özi hal­kyň weki­li­niň döw­le­ti do­lan­dy­ryş işi­ne gat­na­şy­gy ba­bat­da ýo­ka­ry mümkinçilik­le­ri­ni gör­kez­ýär. “Her bir ada­myň mu­kad­des­lik­le­re, halallyk ýö­rel­ge­le­ri­ne, päk gö­wün­li­lige, zäh­met­sö­ýer­li­ge we beý­le­ki asyl­ly hä­si­ýet­le­re bo­lan ga­raýşyn­dan dur­mu­şyň bin­ýa­dy tu­tulýar, döw­let sü­tü­ni bi­na bol­ýar. Döw­le­ti döw­let, ili il ed­ýän hem adam­lar­dyr” di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz nyg­ta­ýar. 

Il­-ýurt bäh­bit­li me­se­le­le­riň maslahat­lar­da çö­zül­me­gi gadym­dan göz­baş al­ýar. Asyr­laryň jümmüşinden gaýd­ýan halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýörel­ge­le­ri­ni, demok­ra­tik däp­le­ri­ni özün­de jemlän halk mas­la­hat­la­ryn­da sy­ýasy, ho­ja­lyk we hu­kuk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça wa­jyp ka­rar­lar çykarylypdyr. Sol­tan­lar, han­lar has wa­jyp me­se­le­ler­de mas­la­hat ge­çi­rip, ge­ňeş gu­rap, gu­tar­nykly ne­ti­jä gelip­dir­ler. Türk­me­nista­nyň Halk Maslaha­ty hal­kyň döw­let gur­lu­şy babat­da toplan tej­ri­be­le­ri­ni, döwrüň ta­lap­la­ry­ny, ta­ry­hy däp­-des­sur­la­ry özün­de jem­le­mek bi­len, asyl­ly ýörelgele­riň hä­zir­ki za­man do­wa­ma­ty­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. 

Halk Mas­la­ha­ty ýur­duň ýo­kary we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy hök­mün­de ykdy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­nyň we ra­ýat­la­ryň bäh­bit­le­ri­ni sazla­ýar. Döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýer­li eda­ra­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da welaýatlarda, etraplar­da we şä­her­ler­de dö­re­dil­ýän ýer­li we­kil­çi­lik­li edara­la­ryň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Ola­ryň ag­za­la­ry de­giş­li do­lan­dyryş­ çäk bir­lik­le­rin­de ykdy­sa­dy, dur­muş we me­de­ni taý­dan ösüş maksatnama­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýeti­ril­me­gi­ni gu­ra­ma­ga gat­naş­ýar. Býu­je­ti we onuň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi hakyn­da ha­sa­ba­ty tas­syk­la­ýar. Ka­nu­nçy­ly­gyň ber­jaý edi­li­şi­ne we jemgyýet­çi­lik ter­ti­bi­niň go­ralyp sak­lan­ma­gy­na ýardam edýär. Şol bir wagt­da onuň jemgy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri bi­len öza­ra gat­na­şy­gy­nyň ýo­la go­ýul­ma­gyda üns be­ril­mä­ge my­na­syp­dyr. Ýurdumyzyň sy­ýa­sy partiýala­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry Halk Maslaha­ty­nyň ge­çen mejlisle­riniň ne­ti­je­le­ri­ni köp­çü­lik­le­ýin habar be­riş se­riş­de­le­rin­de düşündir­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýarlar. 

Hä­zir­ki za­man türk­men jem­gyýe­ti­ne döw­re­bap­lyk, ka­nu­ny­lyk, milli we dün­ýä tej­ri­be­si­ni utgaşdyr­mak ýö­rel­ge­le­ri mah­sus­dyr. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni ga­za­nan üstünlik­le­ri­mi­ziň ne­ti­je­sin­den görmek bol­ýar. «Berka­rar döw­letiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022­—­2052­nji ýyl­lar­da durmuş-­yk­dy­sa­dy taýdan ös­dür­me­giň Mil­li maksatnama­syn­da» ykdysady­ýe­tiň se­na­gat­laş­ma de­re­je­si­ni ýokarlandyrmak, san­ly ykdysadyýe­ti we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naşdyr­ma­gy çuň­laş­dyr­mak, amat­ly işe­wür­lik gur­şa­wy­ny dö­ret­mek, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ýyn ösüşi­ni dowam et­dir­mek; eko­lo­gi­ýa we azyk howpsuzlygyny üp­jün et­mek, adam ma­ýa­sy­ny ös­dürmek, ra­ýat­la­ryň ýaşa­ýyş­-dur­muş de­re­je­si­ni, durmuş go­rag­ly­ly­gyny ýo­kar­lan­dyr­mak bilen bag­ly mak­sat­la­ra aý­ra­tyn äh­mi­ýet beril­di. Bu ugur­lar­da­ky üstünlikler ra­ýat­la­ryň sy­ýa­sy düşünjesiniň, dur­muş­-yk­dy­sa­dy işjeňliginiň we hu­kuk me­de­ni­ýe­ti­niň ýokar­lan­dyryl­ma­gy bi­len üp­jün edil­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň nyg­taý­şy­ ýa­ly,­ “Geç­miş­de­ di­ňe halal­hon,­ yn­sap­ly,­ adam­kär­çi­lige­ mah­sus­ sy­pat­la­ra­ eýe­ bo­lan adam­lar­ iliň­ öňü­ne­ düş­me­gi­ başa­ryp­dyr­lar.­ Şeý­le­ adam­lar­dan mas­la­hat­ so­ra­lyp,­ ola­ryň­ pi­ki­ri dur­muş­da ­is­len­dik ýagdaýda dogry, ­mak­sa­da­la­ýyk­ he­re­ket­ etmä­ge dog­ry­ ýol­ gör­kez­ýän­ çel­gi­ hasap edi­lip­dir”.­ 

Hal­ky­lyk döw­let, jem­gy­ýet, şah­sy­ýet gat­na­şyk­la­ry­nyň bitewüliginiň şöh­le­len­me­si­dir. Jebis iş­jeň­lik­de, yla­la­şyk­da hal­ka hyz­mat et­mek, onuň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak we jem­gy­ýet­de dep­ginli ösü­şi üp­jün et­mek we­zi­pe­le­ri döw­le­tiň esa­sy mak­sat­la­ryn­da aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Hal­ky­lyk türk­men döw­le­ti­niň hä­si­ýet­li aý­ratyn­ly­gy­dyr. Çün­ki pederlerimi­ziň «Ge­ňeş­li sa­la­mat bo­lar», «Il gözi­—­te­re­zi», «Iliň ag­zy bir bol­sa, da­gy go­pa­rar» di­ýen pä­him­le­ri­niň öze­nin­de jem­gy­ýe­tiň bitewüligi, yn­san­la­ryň raý­daş­ly­gy, ili­ne-­ýurdu­na we­pa­dar­ly­gy jemlenýär. Da­na şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy: «Goç ýi­gi­de toý­dur-baýram, Her iş gel­se il bi­lä­ni» diýmek bi­len, iliň abat­ly­gyn­da öz öm­rüň, öýüň aba­dan­ly­gy­nyň hasyl bol­ýan­dy­gy­ny ün­de­ýär. Ag­zybir­lik­de köplügiň pa­ra­sa­dy­na we tej­ri­be­si­ne da­ýa­ny­lyp, halk bi­len ge­ňe­şi­len işe döw­let­li­li­gi­ňem ýaran bol­ýan­dy­gy­ny, to­ýu­ňam uzaga gid­ýän­di­gi­ni taryhy wa­ka­lar­da has aý­dyň gör­ýä­ris. 

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň äh­li şahalarynyň or­nu­ny we yg­ty­ýar­lyk­lary­ny kesgit­le­mek, bu dü­züm­le­riň hal­ka hyz­mat et­me­gi üçin amat­ly hu­kuk ýag­da­ýy­ny dö­ret­mek, ýerli öz­-özü­ňi do­lan­dy­ry­şy gi­ňelt­mek hem-­de halkyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bähbidine dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek üçin ykdy­sa­dy işi ka­da­laşdyr­mak ýa­ly mö­hüm we­zi­pe­ler iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­tynyň öň­de du­ran mej­li­si­niň çöz­gütle­ri Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýo­la go­ýan baş­lan­gyç­la­ry­nyň hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baştutanlygyn­da do­wam et­di­ril­ýän döwrün­de de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny no­bat­da­ky ge­zek äş­gär eder. Täze kabul edil­ýän hu­kuk res­mi­nama­la­ry­nyň, çözgütle­riň öze­nin­de halk häkimi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry we­kil­çili­gi­niň, döwrebap­ly­gy­nyň hem­-de her bir ada­myň dur­muş taý­dan goraglylygynyň, dö­re­di­ji­lik­li zähme­ti­niň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nükdi­ri­len ýö­rel­ge­ler aý­dyň şöh­le­lenýär. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni

30.08.2023

30.08.2023 Giňişleýin

ÝOKARY HILLI OKUW ESBAPLARY

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda bu günki gün bagtyýar türkmen halky asudalygyň, parahatçylygyň, bolçulygyň hözirini görüp ýaşaýar. Ynha, şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem täze 2023 — 2024-nji okuw ýylyna giňden taýýarlyk görülýär. Awgust aýynyň başyndan şäheriň ähli ak bazarlarydyr söwda merkezlerinde ýörite mekdep bazarlary işläp başlady. Aşgabat şäher Alyjylar jemgyýetleri birleşigine degişli bolan bazarlarda, söwda merkezlerinde birnäçe ýerde ýörite mekdep bazarlary açylyp, halkymyza hyzmat edýär. Mekdep bazarlarynyň işläp başlan gününden bäri söwda-satuw işleri gyzgalaňly dowam edýär.

 Bu ýerde okuwçylar üçin niýetlenilen egin-eşikleriň, aýakgaplaryň, okuwçy torbalarynyň, galamdyr dürli ýazuw depderleriniň we surat albomlarynyň, gündelikleriň, kitap daşlyklarynyň birnäçe görnüşleri bar. Bu ýere gelýän alyjylar gerekli okuw esbaplaryny, sport eginbaşlaryny uly höwes bilen satyn alýarlar. Söwda hyzmatlarynyň giňden ýola goýulmagy, harytlaryň aglaba böleginiň öz ýurdumyzda öndürilendigi bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi harytlaryň elýeterli nyrhlardan bolmagyny üpjün edip, alyjylarda kanagatlanma duýgusyny döredýär. Mekdep bazarlaryna aýlanyp göreniňde, okuwçylara niýetlenen harytlaryň bolçulygynyň şaýady bolýarsyň. 

Türkmen halkynyň durmuş abadançylygy barada alada edýän, ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almaklary ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Muhammetberdi GELDIMÄMMEDOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky 

komitetiniň agzasy.

30.08.2023 Giňişleýin