Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
08.02.2024

BAHASYNA ÝETIP BOLMAJAK GYMMATLYK

 

«Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen akyldar şahyrymyza goýulýan hormat-sarpa häzirki döwürde täze belentliklere göterildi. Muňa mysal hökmünde Köpetdagyň eteginde gurulýan Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikler toplumyny buýsanç bilen görkezmek bolar. Bu toplum ajaýyp zamanamyzda beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň baý döredijilik mirasyna goýulýan sarpanyň bimöçberdiginiň güwäsidir. Üstünden asyrlar geçse-de, Magtymguly Pyragynyň öz ýurduňy söýmäge, agzybirlige, jebislige we dost-doganlyga çagyrýan şygyr setirleri öz wajyplygyny ýitirmän, ýürekleriň töründe orun eýeleýär. Beýik akyldarymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli häzirki wagtda biri-birine ulaşýan dürli çäreleriň mysalynda muňa has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda ösüşlere beslenýän üstümizdäki ýylda türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik şahyrynyň şanly senesi mynasybetli halkara derejede birnäçe çäreleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Hususan-da Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen, meşhur akyldar şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanýan ýörite internet portalynyň döredilmegi baradaky çözgüde gelinmegini aýratyn bellemek isleýäris. Ýeri gelende aýtsak, dana Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndysy dünýäniň köp dillerine, şol sanda rus, iňlis, türk, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn we beýleki dillere terjime edildi. Akyldar şahyrymyzyň goşgularyny öz dillerinde okan daşary ýurtly okyjylaryň türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň baý many-mazmunly döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda mynasyp orun alandygyny, kalplara nur çaýýandygyny nygtamaklary her birimizi buýsandyrýan hakykatdyr. Beýik akyldaryň döredijiligi, ähli döwürlerde bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ýaş nesilleri terbiýelemekde gymmatly çeşme bolup durýar. Şahyryň köptaraplaýyn döredijiliginiň içinden watançylyk, il-ýurt, dost-doganlyk, wepalylyk, ynsan terbiýesi, halal hem arassa zähmet bilen bagly temalar eriş-argaç bolup geçýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede dabaraly bellenilip geçilmegi dana şahyrymyzyň şan-şöhratynyň ebedilikdiginiň nobatdaky subutnamasy bolar. 

 

Wezirgeldi Aşyrow, 

welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna 

garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.