The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

BEÝIK IŞLERIŇ BELENT YKRARNAMASY

 

Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýö­relge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýan ýur­du­myz Birleşen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň iri dü­züm­le­ri bi­len ne­ti­je­li gatnaşyk­la­ryň ös­düril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýär. Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dost-do­gan­ly­gyň il­çi­si ha­sap­la­nyl­ýan sport ul­ga­my hem halk­la­ryň arasyn­da yna­nyş­ma­gyň pug­ta­lan­dyryl­ma­gyn­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň bo­sa­ga­syn­da du­ran günle­ri­miz­de Türk­me­nis­ta­nyň 2023 – 2027-nji ýyl­lar üçin ÝU­NES­KO-nyň Bedenterbi­ýe we sport bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň ag­za­ly­gy­na bira­gyz­dan saý­la­nan­dy­gy ba­ra­da­ky hoş ha­ba­ryň ge­lip go­wuşma­gy bol­sa öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň ösü­şi­niň tä­ze de­re­jä çyk­ýan­dy­gy­ny tassyk­la­ýar. 

1978-nji ýylda döredilen ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň esasy maksady sportuň ähmiýetli ornuny giňeltmekden hem-de ony döwlet syýasatynyň düzümine girizmekden ybaratdyr. Garaşsyz Türkmenistanyň bu komitetiň düzümine saýlanylmagy ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň hemmetaraplaýyn ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu üstünlik hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, dünýäde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge goşýan saldamly goşandynyň belent ykrarnamasydyr. 

Mundan öň Türkmenistanyň 2017 – 2021-nji ýyllar döwri üçin ÝUNESKO-nyň bu düzüminiň agzalygyna saýlanandygyny we onuň işine işjeň gatnaşandygyny hem bellemek gerek. Şol döwürde ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisi ýaly iri sport baýramçylyklary üstünlikli geçirildi. Şoňa görä-de, ýurdumyzda nobatdaky iri halkara ýaryşlaryň guralmagyna taýýarlyk görülýän döwründe şeýle jogapkärli we hormatly wezipäniň ynanylmagy buýsandyryjydyr. 

Bedenterbiýäni we sporty döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Türkmenistan degişli ugurda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde türkmen sporty ösüşiň täze derejesine çykýar. 

Diýarymyzda sport düzümleri döwrebaplaşdyrylýar, türgenler we tälimçiler üçin ähli amatly mümkinçilikler döredilýär. Ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi bilen bir hatarda, uzak möhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe bolan bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň işjeňleşdirilmegine hem aýratyn üns berilýär. Kanunçylyk binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy we maksatnamalaryň kabul edilmegi hem sport ulgamynyň mundan beýläk-de ösmeginiň wajyp şertidir. «Professional sport hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda kesgitlenilen kadalar, şeýle hem «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreler türkmen sportunyň ýeňişli menzilleriniň dowamat-dowam bolmagyny şertlendirýär. 

BMG, ÝUNESKO, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki abraýly halkara düzümler bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy goldaýan Türkmenistan sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmek ugrunda çykyş etmek bilen, bu babatda anyk başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyz halkara sport merkezleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. 

Türkmenistanda sebit we ählumumy derejedäki iri ýaryşlary guramak üçin baý tejribe toplanyldy hem-de giň mümkinçilikler döredildi. Şol mümkinçilikleriňdir tejribäniň tutuş dünýäde abadançylygyň, rowaçlygyň we gülläp ösüşiň bähbidine Ýer ýüzünde parahatçylygy, dostlugy pugtalandyrmaga ýardam edýän halkara sport hereketiniň ösdürilmegine gönükdirilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ählumumy abadançylygyny nazarlaýan maksatlarynyň myrat tapmagyna ýol açýar. 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

25.11.2023 Details

SPORT, IŞEWÜRLIK, HYZMATDAŞLYK

 

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýur­du­myzda sport ul­ga­my­ny has-da kä­mil­leş­dirmek boýun­ça giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Tür­gen­le­ri­miz dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ýa­ryş­larda üs­tün­lik­li çy­kyş edip, Wa­ta­ny­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny art­dyr­ýar­lar. Di­ýa­ry­myzda hal­ka­ra derejesin­dä­ki iri ýa­ryş­la­ryň, şol san­da dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň yzygider­li ge­çi­ril­me­gi jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň rowaç­lanma­gy­na ýar­dam ed­ýär. 

Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, hususy işewürlik bilen hyzmatdaşlyk aýry-aýry türgenleriň hem, toparlaryň hem üstünlige ýetmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Beýleki bir tarapdan seredeniňde, ýokary netijeleri gazanýan türgenler ýa-da toparlar, şeýle hem halkara ýaryşlar bilen hyzmatdaşlyk telekeçileriň öndürýän önümleriniň ýa-da ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň meşhurlygynyň artmagyna, ýagny haryt nyşanynyň bazardaky ornuny berkitmegine öz täsirini ýetirip bilýär. 

Türkmenistanda hem işewürlik bilen sportuň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Häzirki döwürde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň arasynda aýry-aýry türgenlere, toparlara we dürli derejedäki ýaryşlara hemaýatkärlik edýänleriň sany artýar. Ýurdumyzda guralýan iri ýaryşlaryň tejribesinde bu hakykat has aýdyň görünýär. Türkmen telekeçileriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýaly iri halkara ýaryşlarda üpjünçilik we guramaçylyk bilen bagly meselelerde işjeňlik görkezmek bilen, sport baýramçylyklarynyň üstünlikli geçirilmegine mynasyp goşantlaryny goşmaklary guwandyryjy ýagdaýdyr. 

Ak mermerli paýtagtymyzda uly ruhubelentlige beslenýän Kuraş boýunça dünýä çempionaty hem sport we işewürlik ulgamlarynyň netijeli hyzmatdaşlygynyň täze giňişligi bolar. Abraýly ýaryşyň resmi hyzmatdaşlarynyň hatarynda döwlet düzümleri bilen birlikde, bilelikdäki kärhanalaryň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň bolmagy bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerlejekdigine ynamymyzy artdyrýar. Hususyýetçilere ýaryşyň guralýan ýerinde we janköýerler üçin niýetlenen zolaklarda jemgyýetçilik iýmiti we söwda hyzmatlary bilen baglanyşykly guramaçylyk işleriniň ynanylmagy hem uly jogapkärçilikden nyşandyr. 

Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagy ugrunda edýän uly tagallalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hemde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza jan saglyk, uzak ömür dileýäris. 

 

 

Be­genç­gel­di BAÝ­RAM­MY­RA­DOW,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary,  Mejlisiň deputaty.

25.11.2023 Details

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ULAG DIPLOMATIÝASY: DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkara başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmekde alyp barýan daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. 

Ýurdumyzda ähli ulgamlarda düýpli we beýik özgertmeler amala aşyrylyp, Türkmenistan Ýer ýüzüniň ýokary depginde ösýän döwletleriniň hataryna goşuldy. Geosyýasy taýdan örän amatly, Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýerleşen Türkmenistan döwletimizde bäsdeşlige ukyply ulag ulgamyny ösdürmek ileri tutulýan wezipeleriň birine öwrüldi. 

Dünýäniň ulag giňişligine goşulyşmak, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmak, iri logistik merkezini döretmek ulag ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Durnukly ösüşi üpjün etmekde, döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyklary, dost-doganlyk gatnaşyklary has-da ösdürmekde ulag-üstaşyr geçelgeleri möhüm orny eýeleýär. Ýewraziýanyň giňişliklerini gurşap alýan Günorta we Günorta — Gündogar Aziýa, Ýakyn Gündogar we Aziýa, Ýuwaş umman sebitlerine çykýan ulag ýollaryny Hazar deňziniň, Gara deňziniň we Baltika deňziniň terminallaryny ulag-logistika hyzmatlary babatda utgaşdyrmakda döwletimiziň giň mümkinçilikleri bardyr. Şol mümkinçilikleri umumadamzat bähbitlerine gönükdirmek bilen, halkara ähmiýetli başlangyçlar öňe sürülýär. Ýurdumyzda «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda», «Awtomobil ulagy hakynda», «Ulag howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär. Olar özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy kanunçylyk esasda giňeltmäge, durnukly ösüşi we parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gözel paýtagtynda 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçirilen senesini Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmegi, Türkmenistan Watanymyzyň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. 

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň çäklerinde Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli maslahaty geçirdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde, iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiasiýalarynyň, kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasda iş duşuşyklaryny geçirmek barada teklibi öňe sürmegi hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde bu ugurda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden çykyşynda halkara giňişlikde maksada okgunly we ylalaşykly ulag diplomatiýasyny alyp barmagyň möhümdigi barada aýdanlary, şeýle-de bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek baradaky öňe süren başlangyçlary ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny täze derejelere çykarmaga ýardam edýär. 2024-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýurdumyzda geçirilmegi baradaky teklibiň biragyzdan goldanylmagy hem döwletimiziň ulag ulgamyndaky nobatdaky üstünligidir. 

Türkmenistanyň Ýewropa - Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesi (TRASEKA) Ylalaşygyna goşulmagy Ýewropa, Kawkaz, Gara deňiz we Hazar deňzi sebitlerinde, Aziýa yklymynda ykdysady hyzmatdaşlygy, söwda, ulag ugurly gatnaşyklary ösdürmekde, harytlaryň halkara gatnawyny işjeňleşdirmekde hem-de ýeňilleşdirmekde, hereketleriň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ulag syýasatyny sazlaşdyrmakda, ulagyň dürli görnüşleriniň arasynda bäsdeşlik üçin deň şertleri döretmekde möhüm orny eýelär. Munuň şeýledigine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda», «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak» atly Kararnamalar hem şaýatlyk edýär. 

Çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugurlary geçen, geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýändigini nazara alanyňda, Türkmenistan dünýäniň aragatnaşyk giňişliginiň altyn halkasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda nygtaýşy ýaly: «Türkmenistan, belli bolşy ýaly, aragatnaşygyň halkara ýollarynyň çatrygynda ýerleşýändigi üçin, geografik taýdan örän amatly ýagdaýa eýedir. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda bar bolan giň mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak we olary täze ykdysady derejä ýetirmek arkaly, iňňän ýokary netijeleri gazanyp, bu ugurda işjeň hereket edýändigimiz hem bellenilmeli ýagdaýdyr». 

Hut şu maksat bilen hem Türkmenistanda köpugurly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasy döredildi. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýurdumyzda milli ykdysadyýeti maksadalaýyk ösdürmäge hem-de ahyrky netijede türkmen halkynyň eşretli ýaşaýşyny ýokarlandyrýan durmuş häsiýetli maksatnamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Beýleki bir tarapdan bolsa, ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de mäkäm ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, giňden pugtalandyrmakda ygtybarlylygy emele getirýär. 

Görşümiz ýaly, ösüşler hyzmatdaşlyk ýollary arkaly gazanylýar. Asyrlary nazarlaýan ýollar, goý, geljekde-de parahatçylyga, dost-doganlyga hyzmat etsin! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Maksatberdi GURBANOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli 

häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary 

bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy.

24.11.2023 Details

BAGTYÝAR NESILLER BILEN RÖWŞEN GELJEGE TARAP

 

Merdana halkymyzyň ähli taryhy döwürlerinde bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ýurdumyzda ynsanperwer ýörelgeleriň, asylly däp-dessurlaryň sarpasy örän belentdir. Bu ýörelgeler nesil terbiýesinde-de möhüm orun eýeleýär. Ertiriň şu günden başlanyşy ýaly, ýurduň geljeginiň binýady-da şu günden gönezlik alýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, abadan durmuşda ýaşamagy üçin edilýän aladalar bimöçberdir.

Şu ýylyň 14-­nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzda hem­-de onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşmagynyň dowamynda Çagalar we ýetginjekler köşgüniň «Güneşli» ady bilen bina ediljek täze merkeziniň taslamasy bilen hem gyzyklandy. Geljekde bu merkeziň çagalaryň bilimli, ylymly, maksada okgunly, zähmetsöýer bolup ýetişmeklerini gazanmakda uly ähmiýete eýe bolmalydygy barada öňe sürlen asylly başlangyçlar ýaş nesiller hakyndaky aladanyň döwlet derejesinde giňden dabaralanýandygynyň ýene­-de bir aýdyň güwäsi boldy. 

Bu günki gün Çagalar we ýetginjekler köşgünde, Çagalar we ýetginjekler öýlerinde, tebigy­ ylmy hem­-de ekologiýa, tehnologiýalar parkly ylmy­-tehniki, dil, medeni miras we milli senetçilik, etika­-estetika, çeper döredijilik we durmuş, medeni­-guramaçylyk, bedenterbiýe we sport ugurly gurnaklarda, umumy bilim berýän orta mekdepler, maşgalalar, jemgyýetçilik guramalary, döredijilik toparlary bilen bilelikde ýaş nesilleriň orta mekdepde alýan bilimleriniň has­-da baýlaşdyrylmagy, durmuş başarnyklarynyň kämilleşdirilmegi, mahlasy, okuwdan boş wagtlary peýdaly işler bilen meşgullanmaklary üçin sazlaşykly işler alnyp barylýar. Mekdepden daşary edaralarda hem-­de gurnaklarda çagalaryň we ýetginjekleriň üstünliklerini wasp edýän hem­de zehin­-başarnygyny açyp görkezýän döredijilik çykyşlary, sergiler, bäsleşikler guralýar. Täze bina ediljek «Güneşli» merkezi hem ýaş nesillerimiziň bilim bilen bir hatarda, dürli hünärleri ele alyp, durmuşa ynamly gadam basmagyna mümkinçilik berer. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda maksada okgunly, ýokary hünärli, taýýarlykly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýelemegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi hem­-de kemala gelmegi, olaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýaşlar syýasaty, ilkinji nobatda, şu ugra gönükdirilendir. Häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň ähli ugurlarda, esasan­da, ylym­-bilimde, sportda, medeniýetde gazanýan üstünlikleri dünýäde dabaralanýar. Olaryň sportda Watanymyzyň halkara abraýyna goşan goşandyny, mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň halkara ders bäsleşiklerindäki, olimpiadalardaky üstünliklerini belläp geçmegiň özide örän buýsandyryjy ýagdaý. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 10 aýynda ýurdumyzyň türgenleriniň halkara ýaryşlaryň 243-­sine gatnaşyp, jemi 674, şol sanda 190 altyn, 194 kümüş we 290 bürünç medala mynasyp bolandyklary hem ýaş nesillerimiziň özlerine bildirilýän ynamy ödemäge çalyşýandyklarynyň aýdyň güwäsidir. 

Döredijilikli başlangyçlary bilen çykyş edýän ýaşlar hemmelere göreldedir. Olara jemgyýeti işjeňleşdirmekde we jebisleşdirmekde, halklardyr döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly orun degişlidir. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri­de halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglydyr. Türkmenistan Ýaşlar parlamentara assambleýasynyň gepleşikler üçin açyk meýdançasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurtlaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmegine, dostlugyň we özara ynamyň berkidilmegine, oňyn başlangyçlary öňe sürüp, täze ýollary gözlemekde, syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary giňeltmekde netijeli işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2022­-nji ýylyň 1-­nji sentýabrynda geçirilen VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýaş nesillerimiz üçin täze mümkinçilikleri we ýeňillikleri döretdi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030­-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanmagy hem­-de ýurdumyzyň Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlykda türkmen ýaşlarynyň ornuny has­-da berkitdi. 

Golaýda Parižde ÝUNESKO­-nyň Baş maslahatynyň 42-­nji mejlisiniň çäginde geçirilen «Howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde ýaşlaryň işjeňligini gazanmak» atly 13-­nji ýaşlar forumyna ilkinji gezek türkmen wekilleriniň gatnaşmaklary bu ugra döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Şunda ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýakynda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumyň dünýäde parahatçylygyň üpjün edilmeginde, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmeginde we giňeldilmeginde täze gözýetimleri açandygyny hem bellemeli. 

Ýeri gelende nygtasak, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 18­-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde eden çykyşynda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň forumyny geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürüpdi. Şoňa laýyklykda, 16 - 18­-nji  noýabrda bu ýurtlaryň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň Türkmenistanda guralmagy aýratyn many-­mazmuna eýe boldy. Arkadagly Serdarymyz foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Bu forumyň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasynda bilim, ylym, medeniýet, ýaşlar syýasaty meseleleri boýunça mümkinçilikleri birleşdirmäge gönükdirilendir. Bu bolsa ählumumy parahatçylygy, bähbitleri göz öňünde tutup, halklaryň we döwletleriň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň kemala gelmegine gönükdirilen täze mazmunly gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döreder» diýip belledi. Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, şeýle­-de ýurdumyzyň ylym, bilim, medeniýet, sungat, parlament ulgamlarynyň ýaş wekillerini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem­-de Hytaýyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçilerini özünde jemlän forum ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ýollaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe boldy. 

Umuman, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk­de sazlaşykly ösüşine, halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna goşant goşmaga gyzyklanmasy ýokary bolan ýaşlaryň işjeň we jogapkärçilikli durmuş ýörelgesi olaryň özleri üçin döwlet tarapyndan edilýän aladalara mynasyp jogabydyr. Ýaşlar syýasaty boýunça halkara derejede guralýan dürli görnüşli çäreler bolsa ýaşlaryň ýurdumyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesine üýtgewsiz eýerip, dünýä döwletleriniň ýaşlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy, gadymdan gelýän ynanyşmak däplerini gorap saklamagy, irki döwürlerden bäri medeniýetiniň, taryhynyň, ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bilen baglanyşýan doganlyk halklaryň arasynda özara ynanyşmagyň, işjeň hyzmatdaşlygyň bu günki günde has möhümdigini äşgär edýär. 

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

23.11.2023 Details

WATANSÖÝÜJILIGI ÜNDEÝÄN ESER

 

Gahryman Arkadagymyzyň döwet-galamyndan çykan kitaplarynda halkymyzyň geçmişi, milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz, Watanymyzyň ösüşleri, şöhratly taryhymyzy şu günlerimiz bilen baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti çeperçiligiň ýokary nusgasynda beýan edilýär. «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby okanyňda, il-güne bagyşlanan ömrüň dowamat-dowam bolýandygyna göz ýetirmek kyn däl. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelere ygrarly, adalatlylygy, lebzihalallygy, ynsanperwerligi ýörelge edinýän Gahryman Arkadagymyz özüniň manyly ömrüni mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyna bagyşlaýar. Kitapda beýan edilýän wakalar okyjyny şöhratly geçmişimiz, bagtyýar şu günümiz, nurana geljegimiz hakyndaky söhbetleriň yzyna düşürýär. Milli Liderimiz filosofik eserinde toplan baý durmuş tejribesini seljermek bilen, durmuşyň baky kanuny we her bir adamy bezeýän ýagşy niýetlilik, oňat gylyk-häsiýetler meselesine uly orun berýär. 

Beýik taryhy şahsyýetleriň durmuş tejribesi, ruhy taglymaty nesilleriň ýol-ýörelgesine öwrülýär. Ösüşleriň dowamat-dowam bolmagynda milli tejribäniň, köp ýyllaryň dowamynda döwletiň iň ýokary wezipesinde nusgalyk zähmet çeken şahsyýetiň ömrüniň manysynyň dowamaty baradaky pikirleriň, garaýyşlaryň ähmiýeti örän ýokarydyr. Kitapda Watanymyzyň geçmişini, şu gününi we geljegini nazarlaýan wakalary ömrüniň manysyna deňeýän Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň ösüp gelýän ýaş nesillere milli ruhda terbiýe bermäge, olara hünär öwrenmäge, durmuşda ornuny tapmaga, şeýle-de ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň diňe halkyň bähbidine gönükdirilendigini aýratyn belleýär. 

Goý, watansöýüjiligi ündeýän şeýle kitaplar milli gymmatlyklarymyza öwrülip, ýyllardan-ýyllara aşyp, halkymyzyň ömürlik hemrasy bolsun! Watanymyzyň pajarlap ösmegi, halkymyzyň bolelin durmuşy barada gije-gündiz aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

 

 Annabagt Ma­ýewa, 

welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

23.11.2023 Details

YNSAN SAGLYGYNYŇ GORAGYNDA

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ösüşiň ýokary derejelerine ýetýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan içeri syýasatyň esasy ugurlary demokratiýanyň, kanunyň, adalatlylygyň hökmürowanlygy bilen bagly bolup durýar. Şuňa laýyklykda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça Konwensiýasyndan gelip çykýan öz üstüne alan ähli halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Döwlet derejesinde ilatyň saglygyny goramagyň işjeň syýasaty we strategiýasy «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy bolup durýar. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde «Saglyk» Döwlet maksatnamasy uly ähmiýete eýedir. Kabul edilenine 28 ýyl dolan bu maksatnama ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda wajyp ýol-ýörelgeleri kesgitleýär. Maksatnamanyň esasynda dünýä ylmynyň we tejribeleriniň biziň şertlerimize laýyk ornaşdyrylmagy, maddy-tehniki üpjünçiligiň kämilleşdirilmegi türkmen milli lukmançylygynyň esasy aýratynlyklarydyr. 

Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny tutan «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýörelgesini hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirmegi netijesinde berkarar döwletimizde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek işi doly amala aşyryldy. Enelerde we çagalarda köp duş gelýän keselleriň, ýokanç keselleriň düýpli kemelmegini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, ýerli ösümliklerden we çig mallardan öndürilýän dermanlar hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmek boýunça uly üstünlikler gazanyldy. Ilaty ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmekde gazanylan üstünlikler üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan ýurdumyza ýörite nyşanyň gowşurylmagy muňa doly güwä geçýär. 

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan halkyň saglygynyň baş baýlyk, milli üstünlik hökmünde kesgitlenilmegi güneşli Diýarymyzda saglygy goraýyş syýasatyny döwlet dolandyryşyň umumy wezipesi hökmünde kanunlaşdyrmaga itergi berýär. Şuňa laýyklykda ýurdumyzda lukmançylyk edaralarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we innowasion ugurlara gönükdirmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler oňyn netijelere beslenýär. Ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny ýola goýmak üçin dünýä derejesinde enjamlaşdyrylan hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň, anyklaýyş-bejeriş edaralarynyň ýylyň-ýylyna gurlup, ulanylmaga berilmegi netijesinde ata Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. 

Häzirki döwrüň talaplaryna görä, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda elektron maglumat ulgamy ornaşdyryldy. Elektron resminamalar dolanyşygyny döretmek hem-de saglygy goraýyş edaralarynda işe girizmek ýola goýuldy. Bu bolsa bejeriş-anyklaýyş işleriniň talaba laýyk guralmagyna, lukmanlaryň zähmetiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga we düzümiň ähli edaralarynyň özara gatnaşygynyň pugtalanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. 

Häzirki döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy boýunça dünýäniň ösen ýurtlary bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Gazagystan Respublikasy ýaly dünýäniň ösen döwletlerine amala aşyran taryhy saparlarynyň barşynda hem hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlary bilen birlikde ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, sebitlerde senagat pudagyny ösdürmek, klaster taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça köp taraplaýyn bähbitli meselelere garaldy. 

Bu işleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny goramak, abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda edýän bimöçber aladalary dur. Yzygiderli durmuşa geçirilýän şeýle beýik işler bilen birlikde hünär baýramymyzy belleýän günlerimizde Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XV jiltiniň elimize gowuşmagy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durky täzelenilen Saýat, Dänew etraplaryndaky hassahanalarda ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatynyň ýola goýulmagy bizi has-da netijeli zähmet çekmäge, Watanymyza, halkymyza ak ýürekden hyzmat etmäge ruhlandyrýar. Hemişe öz halkynyň aladasy bilen ýaşaýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, döwletli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw edýäris.

 Gadam HEMRAÝEW, 

welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

23.11.2023 Details

ULAG SYÝASATYNYŇ HUKUK BINÝADY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynda iş sapary mahalynda HHR-niň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynda: «Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrmak boýunça tagallalaryň wajypdygyny bellemek isleýärin» diýip nygtap geçdi. Ýurdumyzda ýükleri halkara we üstaşyr daşamagyň özüne çekijiligini, bäsleşige ukyplylygyny we netijeliligini üpjün edýän bitewi, köpugurly we daşary ýurtlar bilen goşulyşýan ugurlar giňişligini emele getirmäge uly üns berilýär. Türkmenistanyň Merkezi Aziýada geografik ýerleşişi ýükleri üstaşyr daşamak babatda ýurduň artykmaçlykly ýagdaýyny kesgitleýär we köp sanly daşary ýurt döwletleri üçin gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. XXI asyrda Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi ugrunda halkara guramalaryň we sebit ýurtlarynyň arasynda giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ýerleşýän sebitinde Merkezi Aziýa, Hazarýaka ýurtlarynyň Demirgazyk — Gü­nor­ta, Gün­ba­tar —­Gün­do­gar, TRA­SE­KA hal­ka­ra üs­ta­şyr ulag geçelgeleriniň çäginde ulag ulgamlarynyň özara goşulyşmagynyň, sebit we yklymara derejelerde multimodal gatnawlaryň üpjün edilmeginiň ähmiýeti aýdyň ýüze çykýar. 

Türkmenistanyň ulag syýasatynyň hukuk binýadyny berkidýän resminamalar barada aýdylanda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ka­bul eden Ka­rar­na­ma­la­ry aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Ýa­kyn ýyl­larda ulag diplomatiýasy boýunça halkara hukugynda esas goýujy resminamalar hök­mün­de Kararnamalaryň bir­nä­çe­si­ ka­bul­ edil­di. ­Şu ýyl­ ka­bul edi­len Kararnama laýyklykda 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Metbugat habarlaryna görä, häzirki wagtda halkara söwdasynda we senagat önümçiliginde iň möhüm mesele ulag-logistika hyzmatlaryň önümiň, ýarym fabrikatlaryň, çig malyň özüne düşýän gymmatyndaky paýynyň ýokarlanmagy, ýagny harydyň birlik mukdarynyň ýük daşama bahasynyň artmagy bolup durýar. Ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlarynyň gymmatlamagy senagatda buýurmalaryň wagtynyň uzalmagyna, önüm üçin edilýän birlik çykdajylaryň ýokarlanmagyna getirýär. Bu ýagdaý gysga möhletde önüm öndürijileriň baha indeksiniň ýokarlanmagyna, orta möhletde bolsa, sarp edijileriň baha indeksiniň, ýagny taýýar önümleriň bahalarynyň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Bu bolsa möhüm makroykdysady görkezijileriň biri bolan bahalaryň durnukly saklanylmagyny üpjün etmegi kynlaşdyrýar. 

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Birleşen Milletler Guramasynyň söw­da we ösüş boýunça Kon­fe­ren­si­ýa­sy­nyň «ASYCUDA World» at­ly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tehniki hyzmatdaşlyk ­ba­ra­da­ky ­tas­la­ma­la­ýyn Yla­la­şy­gy bag­laş­dy. Bu hyzmatdaş­lyk Türkmenistanyň serhet nokatlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, «Bir penjire» ulgamynyň işe girizilmegi arkaly halkara söwdasynyň ösdürilmegine goldaw berjek ýagdaýlar bolup çykyş edýär. Gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi­ne we awto­mat­laş­dy­ryl­ma­gy­na şert dö­red­ýän «ASYCUDA World» ul­ga­my BMG-­niň söw­da we ösüş bo­ýun­ça Kon­fe­ren­si­ýa­sy­nyň başlangyçlaryndan bi­ri bolup, bu ulgama dünýä ýurtlarynyň 90-dan gowragynyň girmegi we ony goldamagy onuň ähmiýetini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň gümrükhanalarynyň işiniň sanlylaşdyrylmagy we sadalaşdyrylmagy ýurduň eksport mümkinçilikleriniň we üstaşyr geçirijilik ukybynyň artmagynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda ulag-logistiki hyzmatlaryň ösen görnüşleri arkaly Et­rek, Bajgyran, Ar­tyk,­ Sa­rahs, Ker­ki, Ymam­na­zar, Bek­daş, Fa­rap gümrükhanalarynyň işjeňliginiň ýokarlandyrylmagy ýakyn geljekde hyzmatlar ulgamynyň jemi içerki önümdäki paýynyň artmagyny gazandyrar. 

Prezident Maksatnamasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ulag syýasatynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek ugrunda ýurdumyzyň kanunçykaryjy edaralary tarapyndan meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. 2018-nji ýylda «Türkmenistanyň Ulag syýasatynyň esaslary ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny ­ka­bul­ edil­di.­ 2021-­nji ýyl­da «Kon­teý­ner­lere de­giş­li Güm­rük Kon­wen­si­ýa­sy­na go­şul­mak­ ha­kyn­da», «Kon­teý­ner go­ru­na geçirilen we halkara daşamalarynda ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düz­gü­ni hakyn­da­ky­ Kon­wen­si­ýa go­şul­mak ha­kyn­da» Türkme­nis­ta­nyň Kanunlary, «Aw­to­mo­bil ýol­la­ry we ýol işi ha­kyn­da» Türkme­nis­ta­nyň Ka­nu­nyna üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da» Türkmenistanyň Ka­nu­ny kabul edildi. Tölegli ýollaryň toparyna degişli edilen awtomobil ýollary boýunça ulag serişdeleriniň ýöräni üçin tölegiň iň ýokary möçberi we hasapla­şyk ­usu­ly­ýe­ti Türkme­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti ta­ra­pyn­dan ­kes­git­le­nil­ýär. 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 30-yna Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty geçirildi. Beýleki möhüm hukuk namalary bi­len bir ha­tar­da «Ýew­ro­pa Kaw­kaz­ ­Azi­ýa hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­sini ös­dür­mek ha­kyn­da esa­sy­ köptarap­la­ýyn Yla­la­şy­ga go­şul­mak ha­kyn­da» Türkme­nis­ta­nyň Kanunynyň tas­la­ma­sy­na ga­ral­dy we ­ka­bul ­edil­di.­ Bu Ka­nun öz gezeginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän täze başlangyçlarynyň hukuk binýadyny has-da berkider. 

Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ­yk­dy­sa­dy işini ös­dür­me­giň 2020­—­2025­-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amal edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny gazandyrar. Daşary ýurt döwletleriniň ösen ykdysadyýetlerinden tejribe edinmegiň çäklerinde daşary söwda deňagramlylygyny gazanmak üçin «Türkmenistanda öndürildi» nyşanly harytlary dünýä bazaryna çykarmagyň ýollaryny gözlemek zerurlygy ýüze çykýar. Bu ugurda uzak geljegi nazarlaýan beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, döwletli tutumlarynyň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw edýäris! 

 

Kerimguly GELDIÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy

23.11.2023 Details

DÜNÝÄNIŇ NAZARYNDAKY ÇEMPIONAT

 

Dünýäniň iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän künjegine öwrülen güneşli Diýarymyz ýene-de bir sport baýramçylygyny — Kuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul eder. Bu bolsa, öz gezeginde, halkara we sebit derejesinde sport ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmek babatda ýurdumyzyň baý tejribesine dünýäniň sport jemgyýetçiligi, halkara sport guramalary we federasiýalary tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Paýtagtymyzda geçiriljek dünýä çempionatyna 50-ä golaý ýurtdan 240-dan gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Ak şäherimiz Aşgabat iň köp türgeni kabul etmek bilen, Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň taryhynda mynasyp orun eýelär. Kuraş boýunça halkara assosiasiýa mundan 25 ýyl ozal döredilen hem bolsa, sportuň bu görnüşine bolan gyzyklanma dünýäniň çar künjeginde giň gerim bilen ösmegini dowam etdirýär. Muňa soňky wagtlar Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň her ýyl ýokary guramaçylykly geçirilmegi hem öz täsirini ýetirýär. Aziýanyň merjen şäheri hökmünde ykrar edilen gözel Aşgabat şäheri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu halkara derejeli ýaryşyň ondördünjisini kabul edýär. 

Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýäniň sport söýüjileriniň, janköýerleriniň nazarynyň ýene gözel paýtagtymyza gönükmegine sebäp bolýar. Olar gözel Diýarymyzda ýaýbaňlandyryljak bu sport baýramynyň täsirli pursatlara baý, dünýäniň ussat türgenleriniň arasyndaky göreşleriň tolgundyryjy, çekeleşikli häsiýete eýe boljakdygyna uly ynam bilen garaşýarlar. Bu ynamyň düýp mazmunynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi dünýäniň sport merkezine, iri sport ýaryşlaryny geçirmekde baý tejribe toplan ýurda öwürmek babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalary örboýuna galýar. Ýurdumyzyň sport abraýyny dünýä derejesinde belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Rasul SADULLAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

23.11.2023 Details

TÜRKMENISTAN – BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 14-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz dikuçarda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanşyp, häzirki döwürde hereket edýän Çagalar we ýetginjekler köşgüniň «Güneşli» ady bilen bina ediljek täze merkeziniň ýerleşjek ýerini kesgitläp, bu bina barada gymmatly maslahatlaryny berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «...ýerine ýetirilýän giň möçberli işlerde Watanymyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlaryň döwrebap bilimli we kämil hünärli bolmaklaryna möhüm ähmiýet berilmelidir» diýip, aýratyn belläp geçmegi ýurdumyzda ýaş nesliň geljegi hakynda döwlet tarapyndan düýpli aladalaryň edilýändiginiň ýene bir aýdyň güwäsi boldy.

Häzirki nesliň bagtyýar durmuşyny üpjün edip, geljegiň aladasy bilen ýaşaýan döwlet beýikdir, gurpludyr, mümkinçilikleri uludyr. Milli we ählumumy derejede adamzadyň gazananlaryna hormat goýýan ýurdumyzyň ösüş ýolunda geçmişde gazanylanlary geljek bilen sazlaşykly ösdürmekde adam gymmatlyklarynyň iň belent derejede hormatlanmagy, ylaýta-da, çaganyň ykbalyna jogapkärçilikli garaýşyň her bir işde ileri tutulmagy bilen, döwletimiziň öz ösüş ýoluny ynamly dowam etdirýändigini aýratyn bellemek gerek. Hiç bir millet, jemgyýet, döwlet diňe şu günki gazanylanlar bilen çäklenmeýär. Olar nesilleriň ýagty geljegini, bagtyýar, bolelin durmuşyny nazarlap iş tutýarlar. Şunda çagalar üçin ähli mümkinçilikleri döretmegiň maksada ýetmegiň esasy wezipesi hökmünde öňe çykmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Hut şu nukdaýnazardan hem, Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda alyp barýan işleri sagdyn, işjeň, açyk, hemmeler üçin elýeterli we ýokary üpjünçilikli gurşawy döretmegi göz öňünde tutýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde: «Ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala gelmekleri döwlet derejesinde hemişe aýratyn ähmiýet berilýän sorag bolmagynda galýar» diýip bellemek bilen, türkmen döwletiniň röwşen geljeginiň gurulmagynda ýaş nesilleriň uly ornuna ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz: «Her bir adam öz nesline, onuň ertirki ykbalyna biparh garap bilmez. Öz perzendiniň geljegi hakda aladalanmak ynsana mahsus häsiýetleriň biridir. Türkmenistany bagtly çagalygyň, iň arzyly islegleriň hasyl bolan ýurdy diýip atlandyrmak bolar» diýip belledi. Ýurdumyzda çagalar hakyndaky aladalar bir pursat hem ünsden düşürilmeýär. Çagalaryň hem-de ýaşlaryň saglygyny goramak, hemmetaraplaýyn ösmegini gazanmak, özbaşdak durmuşa, zähmete taýýarlamak bilen bir hatarda, olaryň ýurduň durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin maddy we durmuş ýeňillikleri, artykmaçlyklary ileri tutulýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýäris» diýip bellemek bilen, geljegiň ösüş maksatlaryna, ýurduň, halkyň bähbitlerine doly hyzmat edip biljek ýaşlaryň möhüm ornuna ünsi çekýär. Şeýlelikde, Milli Liderimiziň kämil döwlet taglymatynda hem-de hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly içeri we daşary syýasatynda ynsanperwer gatnaşyklara esaslanýan çagalar, ýaşlar, geljek baradaky aladalar jemgyýeti jebisleşdirmegiň, döwlet berkararlygyny üpjün etmegiň möhüm wezipesi, depginli ösüşiň wajyp şertleriniň biri bolup çykyş edýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gurlan, gurulýan, düýbi tutulan, durky täzelenýän saglyk maksatly binalaryň sany barmak büküp sanardan juda köp. Hassahanalarda ornaşdyrylan döwrebap enjamlaryň ählisi halkymyz üçin döredilen giň şertleriň hataryndadyr. Ýurdumyzda çagalaryň sagdyn we ruhubelent ösüşi döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn üns merkezinde saklanýar. Döwletimiz çaga dünýä inen gününden başlap, ony üns-alada bilen gurşap alýar. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek pullary, çagalary eneleriň mähir bilen gurşap almagy, terbiýe bermegi üçin ýola goýlan ýeňillikler ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň sagdyn kemala gelmegi, ösmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky aladalaryň anyk mysallarydyr. Täze gurlan çagalar baglary, ak mermere beslenen mekdepler terbiýelenýän, bilim alýan her bir çaganyň hiç bir zatdan kynçylyk çekmezligini, beden we ruhy taýdan sazlaşykly, sagdyn kemala gelmegini maksat edinýän möhüm talaplara doly laýyk gelýär. Çagalykdan başlap, ýaş nesillerde sagdyn durmuş ýörelgelerine we sporta söýgi ösdürilýär. Ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişler bu ugurda alnyp barylýan işleriň has rowaçlandyrylmagyna gönükdirilendir. 

Türkmenistanda çagalaryň goraglylygy, bagtyýarlygy we amatly şertlerde ösmegi üçin kämil hukuk binýady döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 – 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» hem bellenilen döwürde çagalaryň irki ösüşi bilen bagly meseleleri öz içine alýan hukuk resminamasy bolmak bilen, onda ýurdumyzyň çagalarynyň bähbitlerini kepillendirýän durmuş syýasatynyň esasy maksatlary öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisinde körpeleriň aň-paýhas taýdan ösmegi, amatly dynç almagy we wagtyny gyzykly geçirmegi, kämilleşmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler döredilendir. Çagalar baglarynda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen döredijilik merkezleri, sport zallary, başlangyç kompýuter sowatlylygy we daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin okuw otaglary bar. Bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna uly üns berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu çärelere körpe türkmenistanlylaryň çekilmegini aýratyn wezipe hökmünde öňde goýýar. 

Türkmenistan çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça bir näçe halkara resminamalara goşulyşdy. Çagalary goramak we olaryň hukuklaryny kepillendirmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýän hem-de özüniň kiçi ýaşly raýatlary üçin has oňaýly durmuş şertlerini üpjün etmek meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýän Türkmenistan 1994-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyna goşuldy. Şol ýylda hem BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) Aşgabatda öz wekilhanasyny açdy. 

«Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 – 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» hem tassyklanyldy. Bu resminama Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasynyň we Türkmenistanyň agza bolup durýan, çagalaryň bähbitlerini nazarda tutýan beýleki ylalaşyklarynyň ýörelgeleridir düzgünlerine esaslanýar. Çagalaryň hukuklary boýunça Milli meýilnama olaryň ýagdaýlaryny mundan beýläk hem gowulandyrmaga, hukuklarynyň we abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýar. 

Gahryman Arkadagymyz döwletimize baştutanlyk eden ýyllarynyň ilkinji günlerinden başlap, bilim ulgamyny üýtgedip gurmak, ony döwrebap kämilleşdirmek boýunça düýpli tagallalary durmuşa geçirdi. Şeýlelik bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamynda taryhy özgertmeler amala aşyryldy. Ösüp barýan ýaş nesilleri okatmak, terbiýelemek bilen bir hatarda, mekdep okuwçylarynyň has zehinlilerini ýüze çykarmak meselelerine-de jogapkärçilikli çemeleşilýär. Munuň üçin ýurdumyzyň ähli künjeginde sungat mekdepleri, sport merkezleri gurlup ulanmaga berilýär we başga-da ýetginjekleriň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin döredijilik gurnaklary döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda guruljak «Güneşli» merkezi hem zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam berer. Hormatly Prezidentimiziň: «Bu merkez Aşgabadyň gözel ýerleriniň birinde, tämiz howaly ajaýyp künjeginde, arassa ekologik gurşawyň jümmüşinde gurlar we çagalaryň durmuşyna şatlyk bagyşlar» diýen jümlelerinden ugur alsak, bu merkezde ýaş nesillere döredijilik, sungat bilen meşgullanmak üçin örän amatly şertleriň dörediljekdigi eýýämden mälimdir. 

Bagtyýar çagalaryň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýokary derejeli bilimli bolmaklary, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri we dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary bilen bir hatarda, olaryň zähmete höwesini artdyrmak meselelerine-de möhüm ähmiýet berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze merkezde dürli hünärlere ugrukdyrýan gurnaklaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini, merkeziň taslamalary taýýarlananda we onuň gurluşygynda häzirki zaman talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýratyn bellemegi ýaşlaryň geljegi hakyndaky aladanyň aýdyň güwäsidir. Munuň özi ýurdumyzyň nurana geljegini gurujylar bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilimli-terbiýeli, zähmetsöýer nesiller bolup ýetişmeklerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu gurulýan we guruljak binalar, merkezler ýaşlaryň halal zähmete, netijeli işlere we çeper döredijilige bolan höwesiniň ýokarlanmagynda uly orna eýedir. 

Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «...bilimleriň üsti bilen nesilleriň kalbynda, aňynda ruhy-ahlak gymmatlyklarynyòň watançylyk, ynsanperwerlik duýgy-düşünjeleriniň berk orun tutmagyny gazanmagyň bahasyna ýetme ýokdur» diýip belleýär. Ýaşlary watan söýüjilik ruhunda terbiýelemek täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Hut çagalyk, ýetginjeklik ýyllarynda şahsyýetiň düýpli häsiýetleri, ahlak ýörelgeleri, durmuşa ukyplylygy we maksada okgunlylygy binýat bolýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, maşgaladan başlanýar. Maşgala terbiýesi, Oguz han atamyzyň döwründen başlap, ýaş nesli terbiýelemegiň baş mekdebine öwrülipdir. Türkmen çaga akyl, ahlak, ruhy, zähmet terbiýesiniň ilkinji sapaklaryny maşgalada beripdir. Maşgala mukaddesdir. Şol mukaddes ojagy gorap saklamagy, onda sagdyn nesil daragtyny ösdürip kemala getirmegi her bir ata-ene özüne borç hasaplamalydyr. 

Hawa, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz her bir adama hossarlyk, howandarlyk gözi bilen garaýan ýurtdur. Ene-atasyz galan çagalar hakdaky aladany döwletimiz öz üstüne aldy. Ol çagalaryň uly we agzybir maşgalada özlerini gerekli duýmaklary, mähir bilen gurşalmaklary üçin zerur şertleri üpjün edýär. Munuň özi diňe bir durmuş goldawy bolmak bilen çäklenmän, türkmen halkynyň möhüm ruhy-ahlak ýörelgeleriniň biridir. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň ähmiýeti uludyr. Gaznanyň işiniň döwrebap, anyk maksatlara gönükdirilip, netijeli alnyp barylmagyny üpjün etmek, çagalaryň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, hemaýatlary, goldawlary we howandarlygy bilen özlerini ýakyn hossarly duýmagy, bagtyýar ýaşamagy, sagdyn, ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. 

Biziň dünýäde ynsanperwerligi, sahawatlylygy bilen tanalýan ýurdumyzda hossarsyz, howandarsyz adam ýok. Bu günki gün ýurdumyz boýunça çagalaryň ençemesine Gahryman Arkadagymyzyň ady dakyldy. Olar häzirki wagtda döwrümiziň beýik Şahsyýetiniň adyny Arkadag ogly, Arkadag gyzy ýaly atlarda buýsanç bilen göterýärler. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň tutuş halkymyza howandarlyk, hossarlyk gözi bilen garaýandygyna aýdyň göz ýetirýäris. Nesip bolsa, bu nesiller ýurdumyzyň wepaly ogul-gyzlary, döwletimizi gülledýän, özgerdýän ýaşlar bolup ýetişerler. 

Bagtyýar çagalyk — bu biziň ertirki güne ynamymyzdyr, geljege bolan batyrgaý garaýşymyzdyr we buýsanjymyzdyr. Halkyň ynamy döwletiň goldawy bilen has-da berkeýär, her bir adamy täze üstünliklere iterýän güýç hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň çagalarynyň ýüzlerindäki bagtyýar ýylgyryşlar mähriban Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýaş raýatlaryň arzuwlarynyň hasyl bolmagyna, bagtyýar geljeginiň hemmetaraplaýyn üpjün edilmegine, olaryň saglygyna we abadançylygyna gönükdirip durmuşa geçirýän tagallalarynyň ýerine düşýändiginiň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan, hakykatdan-da, bagtly çagalygyň, iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurdudyr! Bu derejäni gazanmak, bu sepgide ýetmek aňsat iş däl. Bu diňe halkyň uzak geljekde bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmegi maksat edinen, Watanyny jandan söýýän, döwlet derejesinde beýik işleri amal edýän şahsyýetlere başardýar. 

Ýurdumyzyň körpe raýatlary üçin ähli mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza hem-de olaryň sagdyn, berk bedenli, kämil dünýägaraýyşly, döwrebap bilimli nesiller bolup ýetişmegi baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, giň gerimli işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýäris. 

 

Kasymguly BABAÝEW, 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň 

iş dolandyryjysy, Mejlisiň deputaty

22.11.2023 Details
1 ... 88 89 90 91 92 ... 104