The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

08.02.2024

ŞYGRYÝETIŇ GENJI - HAZYNASY

 

Gadymy halkymyzyň asyrlar açyp, biziň günlerimize gelip ýeten örän baý edebi mirasy bar. Şu gymmatly mirasda Gündogaryň akyldary, filosof, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy uly orun tutýar. Magtymguly atamyzyň watansöýüjilige, mertlige, halallyga, zähmetsöýerlige ýugrulan öwüt-ündewli şygyrlary türkmen halkynyň ruhy baýlygyna öwrülendigi şübhesiz hakykatdyr. Dogrusy, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda näçe gürrüň etseň edip oturmaly. Mysal üçin, beýik söz ussady “Görüm görülmegen ýerde” atly goşgusynda: 

Akyl bolsaň söz aýtmagyn,

Nobat berilmegen ýerde —

— diýýär. Şu iki setirde köpçülikde, umuman durmuşda özüňi alyp barmagyň edep-terbiýesi tekrarlanýar. 

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagynda çuňňur many-mazmun bar. Çünki, 2024-nji ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram ediljekdigi il-günümizde guwanç duýgusyny döredýär. Bu senäniň dabaraly bellenilip geçilmegi Magtymguly atamyza, onuň döredijiligine goýulýan iňňän uly sylag-sarpadan aýdyň nyşandyr. Üns berýän bolsaňyz, haýsydyr bir zadyň şübhesiz hakykatdygy subut ediljek bolnanda: “Ynha, Magtymguly Pyragy bu babatda şeýle diýipdir ahyry” diýip, şahyryň goşgularyndaky setirlere ýüzlenilýär. Munuň özi akyldar şahyrymyzyň gadyr-gymmaty hemişeligine galjak şygyrlarynyň halkymyzyň ruhuna ymykly siňendigine şaýatlyk edýär. Magtymguly Pyragynyň dürli temalarda ýazan şygyrlary terbiýe mekdebi bolup hyzmat edip gelýär. Onuň goşgularyna düzülen aýdymlar belentden ýaňlanyp, il-günümize ruhy baýlyk paýlaýar. 

Halkymyz Magtymguly Pyragynyň arzuw eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni başdan geçirýär. Şeýle ajap zamanamyzyň häzirki günlerinde Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Halkara derejesinde geçiriljek bu dabaranyň ýaňynyň alyslara aşjakdygy guwandyrýar.

 

 Döwran HAPBAÝEW. 

Wekilbazar etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň müdiri, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.