The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

03.02.2024

ARKADAG ŞÄHERI – NUSGALYK ŞÄHER

«Geljegiň şäheri adyny alan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň, onuň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Geljegiň şäherini has-da ösdürmek boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan işler ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar, eşretli, sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmeginiň döwlet syýasatynda hemişe esasy orundadygynyň güwäsidir.

Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň 6-njy iýunynda geçiren iş maslahatynda tebigatyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki arassa dag çeşmeleriniň ynsan saglygy üçin ýaramlydygyny, ösýän tebigy ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerine eýedigini aýratyn belläp geçdi. Şeýle-de, bu ugurda ylmy işleriň alnyp barylmagynyň, daşary ýurtlaryň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmagynyň möhüm wezipe bolup durýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Milli Liderimiz türkmen lukmanlarynyň we bu ugur boýunça iş alyp barýan alymlaryň degişli ylmy-seljeriş işlerini geçirmekleriniň zerurdygyny aýdyp, olaryň netijeleri boýunça dermanlyk serişdelerini, lukmançylyk önümlerini öndürmek boýunça halkara bäsleşigiň geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy. 

Gahryman Arkadagymyzyň her bir tabşyrygy ýurduň, halkyň bähbidinden ugur alyp, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi döwrümiziň ösüşlere beslenmegini üpjün edýär. Biz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 27-nji ýanwarynda Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly yglan edilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşmagynyň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirdik. Döwletimizde saglygy goraýşy we derman senagatyny ösdürmekde halkara tejribesinden giňden peýdalanylýandygynyň, halkyň saglygy hakyndaky aladanyň hemişe esasy üns merkezindediginiň aýdyň nyşany bolan bu duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bolsa ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmekde alnyp barylýan işleriň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşany boldy. 

«Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulan hemde bu baradaky güwänama eýe bolan Arkadag şäheriniň «ýaşyl» ugurlydygy hasaba alynmak bilen, onuň senagat zolagynda lukmançylyk senagatynyň, dermanlaryň, çagalar iýmitiniň aýry-aýry görnüşleriniň öndürilmegine gönükdirilen birnäçe kärhanalaryň gurluşygynyň göz öňünde tutulýandygy aýratyn bellärliklidir. Bu bolsa halk we onuň saglygy hakyndaky aladanyň netijesinde ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. 

Mahlasy, geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan hem-de häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir we diýseň uly işleriň amala aşyrylýan şeýle ajaýyp döwründe ýaşaýandygymyz, okaýandygymyz, işleýändigimiz, gurýandygymyz, döredýändigimiz üçin biziň buýsanmaga doly hakymyz bardyr. 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty

 baradaky komitetiniň baş hünärmeni.