The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Ynsan ömri pursatlardan emele gelýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyny halkymyza sowgat bermegi we bu kitabyň ýaşlara bagyşlanmagy türkmen ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak ajaýyp waka boldy.
Haýsy ýurtda adamyň eden işine, çeken zähmetine mynasyp baha berilýän bolsa, şol ýurduň raýatlary bagtyýar, geljege uly ynam bilen ýaşaýarlar. «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly gymmatly eseri ýüzüňe sylyp, okap başlanyňda, bu eser özüniň many-mazmun, bezeg aýratynlyklary bilen ýakymly duýgulary döredýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan döwrebap usulda neşir edilen hem-de bagtyýar ýaşlarymyzyň bagtly durmuş pursatlaryny görkezýän ýokary hilli fotosuratlara giň orun berlen bu eseriň ylym-bilimli, watansöýüji ýaşlary kemala getirmekdäki ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň çeper-dokumental kitabynda 2023-nji ýylyň dowamynda ylymda, döredijilikde, zähmetde, sportda, dürli ugurlarda döwlet we halkara derejelerde ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri, olar üçin döredilen mümkinçilikler mynasyp beýanyny tapýar. Kitabyň «Ýaşlar we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy» atly bölüminde guramanyň öňünde goýlan wezipeler barada giňişleýin durlup geçilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesliň wekilleriniň gazanan üstünliklerine, ýeten sepgitlerine aýratyn üns bermegi ýaş türkmenistanlylary täze rowaçly menzillere, buýsançly derejelere atarýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň ýankitabyna öwrülen ajaýyp eserindäki: «Ata-babalarymyz Watany belent başlarynyň mertebesi saýypdyrlar. Watan — adamzat ömrüniň manysy. Jandan eziz, ynamdan, ygrardan, gudratdan dörän, Hakyň nazary siňen ata Watan her bir ynsanyň kalbynda ebedi ýaşaýar» diýen sözleri watansöýüji nesli kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanmagy, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi türkmen ýaşlarynyň halkara derejede tutýan ornunyň has-da pugtalanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Şeýle-de «Dialog — parahatçylygyň kepili», Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara ýaşlar forumlarynyň geçirilmegi Türkmenistan döwletimizde ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasaty derejesinde alnyp barylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Türkmen ýaşlarynyň döwlet we halkara derejelerde geçirilýän sport ýaryşlaryna, ylym-bilim olimpiadalaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň mynasyp netijeleri berýändigini alamatlandyrýar.
2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi we bu şygaryň Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şygryndan gözbaş almagy halkymyzyň Magtymguly Pyraga goýýan uly hormatyndan nyşandyr. TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşi tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň kabul edilen kararnamasyna laýyklykda, Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara derejesinde-de ykrar edilýändigini görkezýär.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolan Ýaşlar guramasynyň Magtymguly atamyzyň adyny götermegi bu ýylda bizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň uzak möhletli maksatnamalaryny amala aşyrmakda türkmen ýaşlaryna uly işler garaşýar.
Türkmen ýaşlary bagtdan serpaýly ýaşlar. Biz hem ýaşlara bildirilýän belent ynamy baýdak edinip, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşandymyzy goşmak ugrunda jan aýaman zähmet çekeris. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.
Maksat JANMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň başlygy,
Mejlisiň deputaty.