Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen uly işler amala aşyrylýar. Şunda ýurdumyzyň zenanlaryna mynasyp durmuş we döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertleriň döredilýändigi, gender deňliginiň kanun arkaly üpjün edilýändigi aýratyn guwandyryjydyr.
Mälim bolşy ýaly, ilatyň durmuş taýdan abadançylygynyň ýokary derejesini gazanmak, durmuş kepilliklerini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem Mejlisiň deputatlary bilen geçirýän duşuşyklarynda, maslahatlarynda ýurdumyzyň hukuk binýadyny hil taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, ilkinji nobatda, her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwlet hökmünde raýatlarymyzyň durmuş esaslaryny kesgitleýän kanunlary kabul etmegiň zerurdygyny nygtaýarlar.
Häzirki wagtda durmuş ulgamyna degişli kanunçylyk namalarynyň birnäçesi hereket edip, şolaryň esasylarynyň biri-de Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksidir. Kodekse laýyklykda, döwletimiz tarapyndan aýallara çaga doglanda we oňa üç ýaşa çenli seretmek üçin döwlet kömek pullary, pensiýa ýaşyna ýetende, pensiýa ýa-da iş döwri bolmadyk ýagdaýynda durmuş kömek puly berilýär. Şeýle-de çaga doglanda berilýän bir wagtlaýyn kömek puly hem-de çaganyň üç ýaşy dolýança oňa seretmek boýunça kömek puly çaga seredýäniň işleýändigine ýa-da işlemeýändigine garamazdan tölenilýär. Hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk, 57 ýaşy dolanda aýal maşgalalara ýaşy boýunça pensiýa çykmaga bolan hukuk kepillendirilýär. Üç çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 20 ýyldan az bolmadyk aýal maşgalalar 56, dört çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 18 ýyldan az bolmadyk aýal maşgalalar 55, bäş, alty, ýedi çagany dogran ýa-da çagalygyndan maýyplygy bolan çagasy bar bolan (maýyplygy bolan çaga diýip ykrar edilen wagtyna garamazdan) hem-de sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 15 ýyldan az bolmadyk aýal maşgalalar 54, sekiz we şondan köp çagany dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 10 ýyldan az bolmadyk aýal maşgalalar 52 ýaşy dolanda pensiýa çykmak hukugyna eýedir.
Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksde köp çagaly aýal maşgalalara durmuş üpjünçiliginiň başga kepillikleri hem berkidilendir. Çaga doglanda, çaga seretmek boýunça, 18 ýaşa çenli maýyplygy bolan çagalara maýyplyk boýunça berilýän döwlet kömek pullaryny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary durmuş taýdan goramagyň çäreleri baradaky düzgünler bolsa bu hukuk resminamasynyň aýratyn maddasynda beýan edilýär. «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem köp çagaly maşgalalary goldamagyň hukuk esasy bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň maşgala ojagynda ene mähremligine aýratyn gadyr goýup, ony mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgelerinden ugur alyp, Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän nesli ösdürip ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň gujur-gaýratyna uly ornuň degişlidigini belleýär. Şoňa görä, 2008-nji ýylda kabul edilip, onda sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýelän, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere ýeňillikleri göz öňünde tutýan bu Kanuna Milli Liderimiziň enelerimize, mähriban zenanlarymyza goýýan sarpasynyň aýdyň nyşany hökmünde garamak bolar.
Her ýyl Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, zenanlaryň köpsanlysyna “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy indi asylly däbe öwrüldi. Bu at tapawutlandyryşyň beýik nyşanydyr, eneleriň jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitirýän hyzmatlarynyň hem-de Watanymyzyň rowaçlygyna, gülläp ösüşine goşýan goşandynyň ýokary derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 28-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, perzentlerine mynasyp edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmekde eziz enelerimize, zenanlarymyza uly ornuň degişlidigini, yhlasly zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýyny belende göterýän mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasynyň örän ýokarydygyny belläp, köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekmegi olaryň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy.
Ýeri gelende, «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlaryň hersine Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda Kodeksine laýyklykda, döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygyň 10 esse möçberinde bir wagtlaýyn pul baýragynyň berilýändigini nygtamaly. Şeýle-de Kodeksiň talaplaryna laýyklykda, çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi, her bir çaga üçin, onuň üç ýaşy dolýança, döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 75 göterimi möçberinde bellenilýär. Bulardan başga-da, olara pensiýalarynyň ýa-da çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň, maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň, döwlet durmuş kömek pulunyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär. Bularyň ählisi enelerimizdir zenanlaryň döwlet tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalýandygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek babatda edilýän tagallalaryň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň mysalydyr.Maşgalanyň sütüni hökmünde eziz enelerimiziň mertebesini belentde tutup, halkymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan milli ýörelgelerini has-da dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş
syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.