Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolan Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ähmiýet berip, häzirki wagtda ony syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hil taýdan täze derejä çykarmak ugrunda tagalla edilýär. Şunda ýokary derejeli syýasy dialoga uly orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda Ýaponiýada iki gezek saparda bolmagy bu dostlukly ýurt bilen özara gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýedigini görkezýär. Şu gezekki saparyň maksady bolsa ilkinji gezek ýokary derejede geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň sammitine gatnaşmakdan ybarat boldy. Onuň çäklerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz netijeli ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga bilen geçiren duşuşygynda soňky ýyllarda türkmen-ýapon parlamentara hyzmatdaşlygynyň durnukly, yzygiderli häsiýete eýe bolýandygyna üns çekildi. Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň arasynda döredilen dostluk toparlary hem bu işe goşant goşýar. Bu toparlar kanun çykaryjylyk işinde we ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary ýola goýmak, pikir alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, parlament diplomatiýasynyň häzirki döwürde barha artýan ähmiýetini nazara almak bilen, parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi.
2014-nji ýylyň maýyndan bäri üstünlikli hereket edýän parlamentara dostluk topary Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň arasynda kanun çykaryjylyk ulgamynda özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen geçiren duşuşygynda hem bu toparyň kanun çykaryjylyk işinde we ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary ýola goýmak, pikir alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtady.
Duşuşykda Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklarynyň has-da berkeýändigini, şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalaryna uly ornuň degişlidigini belledi. Çünki häzirki zaman dünýäsinde parlamentleriň orny barha ýokarlanýar. Parlament diplomatiýasy dünýä halklarynyň we ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Şoňa görä, duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň parlamentara forumyny geçirmek barada öňe süren başlangyjynyň ähmiýetine üns çekildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistan üçin Ýaponiýanyň ýokary tehnologiýaly ösüşiň, ykdysadyýete innowasion esasda çemeleşmegiň, senagat ösüşi bilen ekologik jogapkärçiligiň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň nusgasy bolup durýandygyny, ýapon kompaniýalarynyň ylym, senagat, önümçilik işlerini dolandyrmak, korporatiw menejment ulgamynda ýeten sepgitleriniň biziň üçin milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda hem-de onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda möhüm nusga bolup hyzmat edýändigini nygtaýar. Şu babatda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işlerine möhüm orun degişlidir. Birnäçe ýyl bäri «ITOCHU», «Kawasaki», «Mitsubishi», «Sojitz», «Toyo», «Mitsui», «Sumitomo», «Komatsu», «Toyota» ýaly kompaniýalar türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşup gelýärler. Soňky ýyllarda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda häzirki zaman iri senagat desgalary ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Marydaky we Garabogazdaky ammiak hem-de karbamid önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumlaryny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Çärjew etrabyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasyny görkezmek bolar. Ikitaraplaýyn esasda hereket edýän parlamentara dostluk toparlarynyň alyp barýan işi bolsa kanun çykaryjylyk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni alyşmak bilen bir hatarda, ykdysady taslamalary, medeni-ynsanperwer başlangyçlary durmuşa geçirmäge hem ýardam berýär.
Ýeri gelende bellesek, 2018-nji ýylyň oktýabrynda Türkmen-ýapon parlamentara dostluk topary bilen Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň arasynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi. Şonuň netijesinde kanun çykaryjylyk ulgamynda bilelikdäki hereketler has-da işjeň häsiýete eýe boldy. Bu resminamanyň maksady parlamentleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürmäge, işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, özara saparlaryň guralmagyna, kanun taslamalarynyň taýýarlanylmagy we kanunçylyk namalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin peýdalanylýan bilimleridir tejribeleri yzygiderli alyşmaga, özara kabul ederlikli çözgütleri tapmakda ikitaraplaýyn maslahatlaşmalary guramaga gönükdirilendir.
Häzirki wagtda türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklarynda tejribe alyşmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Parlament işiniň guralyşy bilen tanşylýar. Kanun çykaryjylyk işi boýunça tejribe alşylýar. Parlamentarileriň iş usullary öwrenilýär. Munuň özi dürli ugurlarda alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasy arkaly goldamaga, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny wagyz etmäge, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmäge goşmaça itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurda şu gezekki iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň düzüminde parlamentara ugur boýunça geçirilen gepleşiklere gatnaşmak bilen, iki tarapyň hem bu möhüm ugurda hyzmatdaşlygy has-da ilerletmäge gyzyklanmalarynyň bardygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Munuň özi ähli ulgamlar bilen birlikde, parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde-de täze gözýetimleri açyp, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmekde, bilelikdäki hereketleri kanunçylyk taýdan üpjün etmekde we goldamakda biz — deputatlaryň öňünde täze wezipeleri goýýar.
Annamuhammet SARJAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.