The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

25.12.2025

Türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

                                                 

     Türk­me­nis­tan Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň öňde­ba­ry­jy ýurt­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Ýa­po­ni­ýa bi­len iki­ta­rapla­ýyn gatnaşyklary ös­dür­mä­ge äh­mi­ýet be­rip, hä­zir­ki wag­tda ony syýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­deni-yn­san­per­wer ulgam­lar­da hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­karmak ug­run­da ta­gal­la edil­ýär. Şun­da ýo­ka­ry de­re­je­li sy­ýasy dia­lo­ga uly orun degişlidir.  Hor­mat­ly  Pre­zi­den­ti­mi­ziň  Hal­ka­ra  pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak  ýy­ly­nyň  do­wa­mynda Ýa­po­ni­ýa­da iki ge­zek sapar­da  bol­ma­gy  bu dost­luk­ly  ýurt  bi­len  öza­ra gatnaşyklaryň yzygider­li hä­si­ýe­te eýe­digi­ni gör­kez­ýär. Şu gezekki  sa­pa­ryň  mak­sa­dy  bol­sa  il­kin­ji  ge­zek  ýo­ka­ry derejede  ge­çi­ri­len «Merke­zi Azi­ýa — Ýa­poni­ýa» dia­lo­gy­nyň  sam­mi­ti­ne  gatnaşmak­dan  yba­rat  boldy. Onuň çäk­le­rin­de Arka­dag­ly Gahry­man Ser­da­ry­myz ne­ti­je­li iki­ta­rap­la­ýyn duşuşyk­la­ry hem ge­çir­di. 

 

     Döw­let Baştutanymyzyň Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga bilen geçiren duşuşygynda soňky ýyllarda türkmen-ýapon parlamentara hyzmatdaşlygynyň durnukly, yzygiderli häsiýete eýe bolýandygyna üns çekildi. Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň arasynda döredilen dostluk toparlary hem bu işe goşant goşýar. Bu toparlar kanun çykaryjylyk işinde we ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary ýola goýmak, pikir alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, parlament diplomatiýasynyň häzirki döwürde barha artýan ähmiýetini nazara almak bilen, parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi.

     2014-nji ýylyň maýyndan bäri üstünlikli hereket edýän parlamentara dostluk topary Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň arasynda kanun çykaryjylyk ulgamynda özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen geçiren duşuşygynda hem bu toparyň kanun çykaryjylyk işinde we ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary ýola goýmak, pikir alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtady.

     Duşuşykda Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklarynyň has-da berkeýändigini, şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalaryna uly ornuň degişlidigini belledi. Çünki häzirki zaman dünýäsinde parlamentleriň orny barha ýokarlanýar. Parlament diplomatiýasy dünýä halklarynyň we ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Şo­ňa görä, duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň parlamentara forumyny geçirmek barada öňe süren başlangyjynyň ähmiýetine üns çekildi.

     Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistan üçin Ýaponiýanyň ýokary tehnologiýaly ösüşiň, ykdysadyýete innowasion esasda çemeleşmegiň, senagat ösüşi bilen ekologik jogapkärçiligiň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň nusgasy bolup durýandygyny, ýapon kompaniýalarynyň ylym, senagat, önümçilik işlerini dolandyrmak, korporatiw menejment ulgamynda ýeten sepgitleriniň biziň üçin milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda hem-de onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda möhüm nusga bolup hyzmat edýändigini nygtaýar. Şu babatda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işlerine möhüm orun degişlidir. Birnäçe ýyl bäri «ITOCHU», «Kawasaki», «Mitsubishi», «Sojitz», «Toyo», «Mitsui», «Sumitomo», «Komatsu», «Toyota» ýaly kompaniýalar türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşup gelýärler. Soň­ky ýyllarda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda häzirki zaman iri senagat desgalary ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Marydaky we Garabogazdaky ammiak hem-de karbamid önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumlaryny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Çärjew etrabyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasyny görkezmek bolar. Ikitaraplaýyn esasda hereket edýän parlamentara dostluk toparlarynyň alyp barýan işi bolsa kanun çykaryjylyk ulgamynda öň­debaryjy tejribäni alyşmak bilen bir hatarda, ykdysady taslamalary, medeni-ynsanperwer başlangyçlary durmuşa geçirmäge hem ýardam berýär.

     Ýeri gelende bellesek, 2018-nji ýylyň oktýabrynda Türkmen-ýapon parlamentara dostluk topary bilen Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň arasynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek barada özara düşünişmek  hakynda  Ähtnama gol çekilipdi.  Şonuň netijesinde  kanun  çykaryjylyk ulgamynda bilelikdäki hereketler has-da işjeň häsiýete eýe boldy. Bu resminamanyň maksady parlamentleriň  arasyndaky hyzmatdaşlygy birek-birege hormat goýmak we deň­hukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürmäge, işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, özara saparlaryň  guralmagyna, kanun taslamalarynyň taýýarlanylmagy we kanunçylyk namalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin peýdalanylýan bilimleridir  tejribeleri yzygiderli  alyşmaga, özara  kabul ederlikli çözgütleri tapmakda ikitaraplaýyn maslahatlaşmalary guramaga gönükdirilendir.

     Häzirki wagtda türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklarynda tejribe alyşmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Parlament işiniň guralyşy bilen tanşylýar. Kanun çykaryjylyk işi boýunça tejribe alşylýar. Parlamentarileriň iş usullary öwrenilýär. Munuň özi dürli ugurlarda alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasy arkaly goldamaga, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny wagyz etmäge, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmäge goşmaça itergi berýär.

     Hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurda şu gezekki iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň düzüminde parlamentara ugur boýunça geçirilen gepleşiklere gatnaşmak bilen, iki tarapyň hem bu möhüm ugurda hyzmatdaşlygy has-da ilerletmäge gyzyklanmalarynyň bardygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Munuň özi ähli ulgamlar bilen birlikde, parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde-de täze gözýetimleri açyp, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmekde, bilelikdäki hereketleri kanunçylyk taýdan üpjün  etmekde we goldamakda  biz — deputatlaryň öňünde täze wezipeleri goýýar.

 

Annamuhammet SARJAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.