Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
26.12.2025

SAGDYN NESIL — KÄMIL JEMGYÝET

 

     Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly kitabynda: «Dünýäde hiç haçan soňlanmaýan baýlyk ruhy baýlykdyr» diýip, jaýdar belleýär. Şoňa görä-de, bagt diňe beden we ruhy sazlaşygyň  jeminden  ybaratdyr. Her bir gymmatlygyň  gadyryny bilmegi üçin, ilki bilen, ynsana sagdyn düşünje we kämil aň gerekdir. Durmuşyň hözirini görmek, maksatlara ýetmek  we süýji durmuşyň mazasyny  duýmak diňe saglyk arkaly mümkindir. Saglyk iň uly baýlykdyr. Bu baýlyk diňe beden saglygy bilen çäklenmän, eýsem, ruhy sagdynlyk bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. 

 

     Bu gün jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň iň ýokary gymmatlygy adam diýlip ykrar edilen Türkmenistan döwletimizde  Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň taryhy-medeni geçmişine düşünýän, bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, buýsanýan, jemgyýete, maşgala, dogan-garyndaşa, dost-ýara wepaly, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwletimiziň baş maksady bolup durýar.

     Bu ugurda halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan baý  durmuş  tejribesine  daýanylyp, ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni aň-bilim, beden taýdan ösüşinde ýokary terbiýäniň, döwrebap bilimleriň berilmegine, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin hukuk, durmuş-ykdysady şertleri döretmäge, sagdyn  durmuş ýaşaýşyny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda adamzat nesline, ynsanyň saglygyna  we ömrüne  uly  howp bolup durýan zyýanly endikler, şol sanda neşekeşlik belasynyň ýurdumyzda ýaýramagyna garşy barlyşyksyz göreşiň alnyp barylmagynyň netijesinde Türkmenistan dünýäde neşeden we neşekeşlikden azat ýurt hökmünde tanalýar. 

     Bilşimiz ýaly, Milli Liderimiz tarapyndan XXI asyrda jemgyýetiň neşekeşlige garşy göreşmeginiň hil taýdan täze çemeleşmeleri, täze filosofiýasy işlenip düzüldi. Ýurdumyzda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy durmagyň çäreleriniň  hukuk  binýady  berkidilip, ýaşlary neşe serişdelerine  garşy  durýan  görnüşde  terbiýelemegiň we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň, milli gymmatlyklary wagyz etmegiň özboluşly ideologiýasy döredildi. 

     Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikdäki birnäçe gözleg işleriniň netijesinde bikanun dolanyşykdan alnan neşe hem-de beýleki serişdeleri ýakyp ýok etmek çäresi hem ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek babatda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyndan habar berýär. 

     Ekilmegi gadagan edilen we düzüminde neşe serişdeleri bolan ösümlikleri  gözläp  tapmak, ýörite çäreleriň, dessin-gözleg hereketleriniň geçirilmegi netijesinde elden alnan neşe serişdelerini ýok etmek boýunça şular ýaly yzygiderli işleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň neşekeşlige — adamy geljeginden, hünärinden, maşgalasyndan mahrum edip, diňe bir neşekeşiň däl-de, eýsem, onuň ýakynlarynyň hem durmuşyny kynlaşdyrmaga ukyply bolan bu zyýanly endige garşy aýgytly göreşýändigini tassyklaýar. 

     Mälim bolşy ýaly, neşe serişdeleriniň aýratyn howplulygy, köplenç halatda, bularyň täsirine ýaşlaryň, zähmete ukyply adamlaryň düşmeginden ybaratdyr. Bu zyýanly endik şol adamlary bagtyýar maşgala durmuşyny bozmaga iterýär. Çünki neşe  serişdeleri  jemgyýetiň sagdynlygynyň, ynsan durmuşynyň, çagalaryň bagtyýarlygynyň köküne palta urýan ägirt uly howp bolup, adamyň, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygynyň düýpli esaslaryny hem-de milletiň ahlak, durmuş, syýasy, ykdysady ýörelgelerini we genofonduny bozmaga ukyplydyr. 

     Geçirilen çäre diňe bir neşe we beýleki serişdeleriň ýok edilmegini alamatlandyrman, eýsem, ýaşlar üçin ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetine hem eýe. Şeýle hem ol parahatçylygy, durnukly ösüşi  berkitmek  işine Türkmenistanyň ygrarlylygynyň  nobatdaky subutnamasyny,  howpsuzlygy  üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalara täze anyk goşandyny alamatlandyrýar. 

     Gahryman Arkadagymyzyň  başlangyjy bilen binýady goýlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýän neşekeşlige  garşy  göreş  çäreleri her bir raýatyň erkin, bagtyýar, parahat we göwnejaý ýaşaýşy, Garaşsyz ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrundaky milli hereketdir. 

     Ýurdumyzda sagdyn  durmuş  ýörelgesiniň  dabaralanmagyna ýardam berýän maksatnamalaryň işlenip taýýarlanylmagy we ornaşdyrylmagy şu meseläni çözmegiň ugurlarynyň biridir. Bu syýasat adamyň saglygynyň diňe bir onuň  özüniň  däl-de, döwletiň, ýurduň,  ata Watanymyzyň  esasy gymmatlygy bolup durýandygy baradaky umumymilli başlangyjyň berkarar edilmegini öňe sürýär. 

     Hormatly Prezidentimiziň täze taryhy zamanada durmuşa geçirýän şeýle oňyn başlangyçlary dünýä  jemgyýetçiliginde hem uly goldaw tapýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimizde pugta ornaşdyrmak, ýaramaz endiklere garşy göreş  alyp barmak boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň  Mejlisiniň  deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, saglygy goraýyş işgärleri, şeýle hem il sylagly ýaşulular, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň, gazet-žurnallaryň üsti bilen we gönüden-göni halk köpçüliginiň arasynda  hem wagyz-nesihat  işleri  yzygiderli  geçirilýär. Çünki häzirki wagtda ýurdumyzda saglygy berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek esasy ugra öwrüldi. Şunda, şahsyýeti  ahlak  taýdan  terbiýelemegiň, onuň raýat hökmündäki dünýägaraýşyny kemala getirmegiň, jogapkärçiligini artdyrmagyň usuly hökmünde ýaşlaryň we ýetginjekleriň jemgyýete peýdaly zähmete çekilmegini işjeňleşdirmek möhüm ähmiýete eýedir. Şol sebäpli-de, jemgyýetiň esasy ünsi ýaşlaryň saglygynyň goralmagyna we pugtalandyrylmagyna, olara islendik ýaramaz endikleri ýazgarmagyň öwredilmegine gönükdirilýär. Döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, berk bedenli, sagdyn ruhly we döwrebap, bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli amatly şertler yzygiderli döredilýär. 

     Ýeri gelende bellesek, tamamlanyp barýan 2025-nji ýyl hem türkmen  ýaşlary  üçin belent maksatlara barýan ýoldaky iň ýagty menzilleriň biri boldy. Şu ýylyň dowamynda dünýä derejesindäki abraýly ders bäsleşiklerinde, halkara sport ýaryşlarynda üstünlik gazanan ýaşlaryň hormatly Prezidentimiziň elinden Şa serpaýyny almagy we mähirli sözlerini eşitmekleri ýaşlar üçin diňe bir sylag däl, eýsem, geljekki täze maksatlara, has uly sport, ylmy-döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýan egsilmez ylham çeşmesi boldy. Bu Şa serpaýy ýaşlaryň täze gözýetimlerini açyp, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrdy. Ýaşlaryň oňyn şertlerde ösüp-kemala gelmegi, olaryň watançylyk, ynsanperwerlik we milli ýörelgelere ygrarlylyk ruhunda terbiýelenmegi  ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun! 

 

Ýazpolat KERIÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty