Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy ýyla berýär. Tamamlanyp barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýokary üstünlikler gazanyldy. Ýetilýän belent sepgitler bolsa bagtyýar halkymyzy täze ösüşlere ruhlandyrýar. Ýakynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň wekilçilikli forumy uly dabaralara beslenip, ata Watanymyzyň halkara abraýyny ýene bir mertebe belende göterdi.
Bu ýyl halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin asylly işler dowam etdirildi. Maksatlar myrat tapyp, iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Ýurdumyzda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan köp sanly desgalar we binalar gurlup ulanmaga berildi. Şanly ýylymyzyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilen halkara forum bolsa iň täze taryhymyza möhüm sahypa bolup ýazyldy. Halkara forumyň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edilip, ol häzirki zaman dünýäsinde halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
Baýramçylyk günlerinde döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyz üçin buýsançly waka, şanly senelere mynasyp sowgat boldy. Çünki bu ajaýyp eserde türkmen Bitaraplygynyň geçen ýoly, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti giňden beýan edilýär. Şoňa görä-de, bu kitap mähriban halkymyz, şeýle hem dünýä jemgyýetçiligi üçin ylmy-edebi gollanmadyr.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3 sany Kararnamasy bilen berkidilen we ösdürilen pugta halkara hukuk binýady bar. Bu resminamalar Bitaraplyk doktrinasynyň syýasy ýörelgeden başlap, halkara diplomatiýanyň köpugurly guralyna çenli ösüşini beýan edýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir daşary syýasy hukuk derejesi bolman, eýsem, türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň, durnuklylygyň hem möhüm bölegidir. Halkara derejede ykrar edilen bu hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň dürli döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýän oýlanyşykly daşary syýasatynyň binýadyny emele getirýär.
Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň hemişelik, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygyndaky ornuny has-da berkitmek maksady bilen, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Şeýle hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly döredildi. Ýakynda bolsa ýurdumyzyň zähmetde tapawutlanan raýatlaryna bu ýubileý medalyň hem-de «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik altyn we kümüş nyşanlarynyň gowşurylmagy baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Munuň özi Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny dabaralandyrmakda, umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan halkara gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny has-da kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Görnüşi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýatdan çykmajak, şowly, üstünlikli ýyllaryň biri boldy. Goý, täze — 2026-njy ýyl hem iň ýakymly duýgularyň, belent ösüşleriň ýyly bolsun! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Täze ýyl her birimize rysgal-bereket getirsin!
Muhammetberdi GELDIMÄMMEDOW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy, Mejlisiň deputaty.