Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
27.12.2025

ROWAÇLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLUNDA

 

     2025-nji ýyl — Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly tamam­la­nyp bar­ýar. Hemi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyllygy­nyň be­lent ru­hy bu ýy­la aý­ra­tyn maz­mun, ta­ry­hy hä­si­ýet ber­di. Bu ýyl türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gurama­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­sy bi­len üçün­ji ge­zek yk­rar edi­len ýy­ly hök­mün­de-de ta­ry­ha ýa­zyl­dy.

 

     Mälim bolşy ýaly, 12-nji dekabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda üstünlikli geçirilen halkara forum şanly ýylyň esasy, möhüm wakasy bolup, Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny has-da artdyrdy, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatyny ýene-de bir gezek dünýä ýaýdy. Taryhy ähmiýetli forumda kabul edilen çözgütler, onuň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy Türkmenistanyň bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, ynanyşmak esasynda gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerini has-da dabaralandyrýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly senesiniň  giň­den bellenilen günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň elimize gowuşmagy hem şanly ýylyň ruhy serpaýy hökmünde ähli halkymyzy buýsandyrdy. Ajaýyp eserde hemişelik Bitaraplygymyzyň  ähmiýeti  hem-de  dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giň­den beýan edilýär. 

     Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny köptaraply we çuň­ňur seljerýän täze eserinde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň esasy maksadynyň halkara borçnamalara, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda parahat durmuşy, döredijilikli ösüşi üpjün etmegi nazarlaýan geosyýasy, geoykdysady mümkinçiliklere gönükdirilendigini belleýär. Eserde türkmen Bitaraplygynyň taryhy köklerine aýratyn ähmiýet berlip, Türkmenistanyň häzirki zaman diplomatiýasynyň halkymyzyň taryhy mirasynyň täze döwrüň ruhuna kybap derejedäki dowamy hökmünde häsiýetlendirilmegi çuň­ňur mana eýedir. Eziz Diýarymyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jemleriniň jemlenmegi  hemişelik  Bitaraplygymyzyň  30 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe ajaýyp sowgat bolan kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýar.

     Durnukly ösüşi, abadan ýaşaýşy, kämil jemgyýeti berkarar etmek häzirki döwürde bütin adamzadyň ymtylýan belent maksatlarydyr. Şol maksatlaryň myradyna gowuşmagy üçin bolsa parahatçylyk, ynanyşmak, hyzmatdaşlyk, sazlaşyk ýaly gymmatlyklaryň  dabaralanmagy zerur. Ösüş-özgerişleriň röwşen ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün bütin dünýäde  parahatçylygy, birek-birege ynanyşmagy, gülläp ösüşi berkarar etmek ugrunda nusgalyk tagallalary bilen uly abraýa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz: «Biz hemişelik Bitaraplyk syýasatymyza hemişe ygrarly bolup, sebitde we dünýäde abadançylygy berkarar etmäge ýardam ederis» diýip bellemek bilen, Türkmenistanyň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatynyň baş ýörelgesini kesgitleýär. Häzirki döwürde Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, energetika, ulag, aragatnaşyk, söwda, işewürlik, daşky gurşawyň abadançylygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ýaly möhüm ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek ugrunda taryhy başlangyçlary öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ösüşiň täze belentliklerine ymtylýan Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär. 

     Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz daşary syýasy strategiýasynda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe sürýän başlangyçlarynda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerine gyşarnyksyz ygrarlydygyny görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Baş Assambleýanyň belent münberinden öňe süren garaýyşlarynyň, teklipleriniň hem nusgalyk taglymata eýerýändigi türkmen Bitaraplygynyň gymmatlyklarynyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, gülläp ösüşi üpjün etmekde  ýolgörkeziji  hökmünde çykyş edýändigini tassyklaýar. Hemişelik Bitaraplygyň oňyn ýörelgeleri döwletimiziň daşary syýasatdaky, halkara gi­ňişlikdäki ornuny kesgitleýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili»  diýen filosofiýa ýüze çykýan halkara we döwletara meseleleriň di­ňe dialog, ýagny gepleşikler hem-de syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmeginiň zerurdygyndan ugur alýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan teklip edilen parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesi dünýäde durnukly ösüşi gazanmagyň halklaryň hem-de döwletleriň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmak arkaly mümkindigi baradaky hakykata daýanýar. Bu başlangyçlar parahatçylygyň ösüşe ýol açýandygy, ynanyşmagyň bolsa howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkidýändigi baradaky çuň­ňur pikiri özünde jemleýän bitewi düşünjäni emele getirýär. Bu taglymatlar häzirki döwrüň şertlerinde  halklaryň  we döwletleriň  jebisleşmegi, parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň dünýä syýasatynyň derwaýys şerti hökmünde kesgitlenmegi üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň derejesinde öňe sürýän başlangyçlary arkaly bu gymmatlyklary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar.

     Hemişelik Bitaraplyk halkymyza egsilmez bagt eçilip, ýurdumyza sebitde we dünýäde parahatçylygyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmaga, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ýola goýmaga giň mümkinçilikleri açýar. Türkmen halky Bitaraplygyň döreden mümkinçiliklerinden peýdalanyp, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly ösüşlere eýe bolýar. Geçen 30 ýylda ykdysadyýet, syýasat, medeniýet we ylym-bilim ulgamlarynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Ýurdumyzda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi işewürlik gatnaşyklaryny, hususy telekeçiligi ösdürmekde hem oňyn mümkinçilikleri döretdi. Bu gün milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmekde, täze iş orunlaryny döretmekde hususy pudaga möhüm orun degişlidir. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler ýurdumyzda telekeçilik işini işjeň­leşdirmek arkaly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem hususy pudagyň işine döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw bermek wezipelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde işewürlik diňe bir ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň, dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň netijeli guralyna öwrülýär. Bu hakykaty türkmen telekeçileriniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara amala aşyran ýokary derejeli saparlaryna, köp sanly iri forumlara gatnaşyp, dostlukly döwletleriň işewür düzümleri bilen  netijeli  hyzmatdaşlygyň täze sahypalaryny ýazmaklary hem aýdyň­lygy bilen tassyklaýar.

     Bosagada - täze ýyl. 2026-njy ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýram ediljek ýyly hökmünde-de möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan, halkymyzyň agzybirliginden we tutanýerli zähmetinden günsaýyn gülleýän berkarar Watanymyz ösüşiň, rowaçlygyň täze menzillerini nazarlaýar. Asuda asmanyň astynda bagtyýar durmuşyň hözirini görýän halkymyzyň bagtyýarlygy, ýagty geljeginiň binýadyny berkidýän jemgyýetimiziň döredijilik kuwwaty, durnukly ösýän ykdysadyýet, dünýä döwletlerine uzaýan dostluk köprüleri Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň asylly maksatlarynyň myradyna gowuşýandygyny jümle-jahana äşgär edýär. Halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky köpasyrlyk arzuw-isleglerinden bina bolan eziz Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýädäki at-abraýynyň barha artmagy, ildeşlerimiziň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Halkymyzy belent maksatlar bilen röwşen geljegiň nurana ýolunda jebisleşdirip, ýurdumyzy baky bagtyýarlygyň mekanyna öwürýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Sa­par­my­rat OW­GA­NOW, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.