Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
29.12.2025

Parahatçylygyň şuglasy

 

     Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bita­rap­lyk sy­ýa­sa­ty äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün ed­ýän özgert­me­le­ri ama­la aşyr­maga giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Birle­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan üç ge­zek yk­rar edi­len Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy halkymyzyň beýik gym­mat­ly­gy bo­lup, tu­tuş dün­ýä­de asuda durmu­şy, halk­la­ryň dost-­do­gan­ly­gy­ny, yn­san­per­wer­li­gi, öza­ra bähbit­li hyz­matdaş­ly­gy hem-­de ösü­şi da­ba­ra­lan­dyr­ýan taglymatdyr.

     Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­saty göz­ba­şy­ny türk­men halky­nyň ta­ryhy we me­de­ni mi­ra­syn­dan, pa­ra­hatçy­lyk söýüjiligin­den, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ryn­dan alyp gaýd­ýar. 1991-nji ýyl­da ka­bul edi­len «Türk­me­nis­ta­nyň Garaş­syz­ly­gy we döw­let gur­lu­şy­nyň esas­lary ha­kyn­da», 1995-nji ýyl­da ka­bul edilen «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy ha­kyn­da», şu ýylyň 19-njy sent­ýab­ryn­da ka­bul edi­len «Bi­ta­rap Türkmenistanyň pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak sy­ýa­sa­ty­nyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Kons­ti­tu­si­on kanunla­ry­nyň  ka­da­la­ry  we ola­ryň  dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ugrunda ama­la aşy­ryl­ýan dip­lo­ma­tik-gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri döwleti­mi­ziň  he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gynyň mil­li hu­kuk ul­ga­my­na esas­lan­ýan ýörel­ge­di­gi­ni aý­dyň şöh­le­len­dir­ýär.  Şo­nuň bi­len birlik­de, 1995-nji  ýy­lyň  12-nji de­kabryn­da, 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da, 2025-nji ýy­lyň 21-nji mar­tyn­da ka­bul edi­len Birleşen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň  Baş  As­samble­ýa­sy­nyň «Türkmenistanyň hemişe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» atly Ka­rar­na­ma­la­ry, şeý­le-de ýurdumyzyň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň Baş Assambleýa­sy­nyň ag­za döw­let­le­ri­niň gol­da­ma­gy esa­syn­da 12-nji de­kab­ryň «Halka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni» diý­lip yk­rar edil­megi, 2025-nji ýyl — «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­megi  ba­ra­da­ky  Ka­rar­na­ma­la­ry  döw­le­ti­mi­ziň  he­mi­şe­lik  Bi­ta­rap­ly­gy­nyň  hal­ka­ra  hu­kuk bin­ýa­dy bo­lup durýar. Ýy­lyň şyga­ryn­da  para­hat­çy­lyk, öza­ra dü­şü­niş­mek, dostluk ýaly adamza­dyň  iň gym­mat­ly  yn­san­per­wer ýörelgeleri­niň öz beýany­ny tap­ma­gynyň he­mi­şe­lik Bitaraplygymy­zyň şan­ly 30 ýylly­gy­ny hem-de hal­ky­my­zyň gadym­dan gel­ýän pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­lilik, ynsanper­wer­lik we myh­man­sö­ýer­lik däp­le­ri­ni Ýer ýü­zün­de  şöhrat­lan­dyr­mak, ra­ýat­la­ry­my­zyň  watan­çy­lyk ru­hu­ny has-da belen­de  gö­ter­mek, ýaş ne­sil­le­ri­mi­zi    Türk­me­nis­tan Watanymy­za uly buý­sanç,  çäk­siz söý­gi  we wepa­ly­lyk ru­hun­da ter­biýe­le­mek babatda äh­mi­ýe­ti has-da uludyr. 

     Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň öňe sü­ren we çuň­ňur  paýha­syn­dan  göz­baş  al­ýan «Dia­log — pa­ra­hatçy­ly­gyň ke­pi­li» at­ly hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň tä­ze filosofiýa­sy  anyk  ugur­lar­da  ne­ti­je­li işle­re ça­gy­ryş bo­lup durýar. Türk­me­nis­ta­nyň  he­mi­şe­lik  Bi­ta­rap­ly­gy jem­gy­ýet­de dur­nukly­ly­gy we yla­la­şy­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, se­bitiň hem-de dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri bi­len dost­luk­ly we öza­ra bäh­bit­li gatnaşyk­la­ry  ösdür­mä­ge  gö­nük­di­ri­len içe­ri we da­şa­ry syýasatyň öze­ni bo­lup dur­ýar.

     Jem­gy­ýe­tiň esa­sy­ny düz­ýän tä­ze nes­liň aňyn­da­ky, kalbyndaky  ýag­şy  ni­ýet­ler, alyp bar­ýan ha­ýyr­ly iş­le­ri ýag­ty gel­je­giň  ke­pili­dir. Wa­tan­daş­la­ry­myz  öz  zäh­met­le­ri bilen döred­ýän  eş­ret­le­ri­niň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ýarlar. Er­tir­ki gü­ne, ne­sil­le­riň gel­jegi­ne ynam­ly ga­ra­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si üçin halkymyz  türk­men  hal­ky­nyň  Mil­li  Li­de­ri Gah­ry­man Arkadagy­my­za  hem-de  hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze çäk­siz alkyşla­ry­ny aýd­ýar.

 

Durdyguly MEREDOW, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýanynda­ky Döw­let gul­lu­gy  aka­de­mi­ýa­sy­nyň  diňleýji­si, Mejlisiň de­pu­ta­ty.