The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk senesi giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly uly üstünliklere we taryhy wakalara beslenýär. Berkarar döwletimiz parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň ählumumy parahatçylyga, abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen syýasaty dünýäde giňden ykrar edilýär. Milli Liderimiziň başyny başlan beýik işleri bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiziň 20-nji awgustda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde döwletimiziň parahatçylyk, ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny, kadalaryny, esasy maksatlaryny, öňüni alyş diplomatiýasyny, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kanun arkaly berkitmek bilen bagly beren tabşyryklary netijesinde «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny işlenip taýýarlanyldy. Konstitusion kanun hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny, onuň halkara gatnaşyklarda durmuşa geçirilmeginiň ýörelgelerini hem-de maksatlaryny kesgitleýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubileýi bilen utgaşmagy ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýetlidir. Sebäbi bu taryhy sene Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýär. Geçen 30 ýylyň dowamynda Bitarap döwletimiz bu ugurda baý tejribe toplap, ylalaşygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi. Ýurdumyzyň durmuşyndaky bu taryhy senäni has-da dabaralandyrmak üçin «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygyndaky ornuny has-da berkitmek maksady bilen, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Konstitusion kanunda türkmen halkynyň nesilden-nesle geçip gelýän ynsanperwerlik ýörelgelerinden gözbaş alýan Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak çygryndaky döwlet syýasatynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna esaslanýandygy beýan edildi.
Kanunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky we 2025-nji ýylyň 21-nji martyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň üç gezek ykrar edilmeginiň hem-de parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen beýleki halkara hukuk resminamalarynyň onuň esasyny düzýändigi öz beýanyny tapdy. Şonuň ýaly-da, parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň esasy ýörelgeleri, maksatlary bolan «Dialog — parahatçylygyň kepili», ynsanperwerlik, öňüni alyş diplomatiýasy, parlament diplomatiýasy, Bitaraplygyň dostlary topary, halkara hyzmatdaşlyk hem-de ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan beýleki ugurlarynyň kadalary görkezildi.
«Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasynyň we parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmekde Bitaraplygyň dostlary toparynyň maksatlary hem-de parlament diplomatiýasynyň wezipeleri, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek babatda işiň esasy ugurlary Konstitusion kanunda anyk kesgitlenildi. Şonuň ýaly-da, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda ynsanperwerlik meseleleriniň çözülmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň ileri tutulýandygy beýan edilýär. Şeýle hem halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmegiň möhüm ugry hökmünde bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilmegi üçin şertleriň döredilmeginde Türkmenistan milli tejribesini ýaýbaňlandyrýar. Goňşy we sebit ýurtlary bilen ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary alyp barýar. Bu ugurda ýurdumyzyň adam hukuklarynyň goralmagy, medeni, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi, ynanyşmaga we birek-birege hormat goýmaga ýardam edýän çäreleriň geçirilmegi boýunça başlangyçlaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilen tagallalary goldaýandygy görkezildi.
Konstitusion kanunda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň öz ygtyýaryna girýän islendik meseleleri çözmekde onuň ileri tutulmagyny ykrar edýändigini hem-de ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün edýän, ähli hukuk ygtyýarlyklaryna eýe bolan ýeke-täk halkara gurama hökmünde onuň möhüm ornunyň berkidilmegini goldaýandygy beýan edildi. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi hem-de parahatçylygyň we özara ynanyşmagyň üpjün edilmegi boýunça daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy amala aşyrýandygy bellenildi. Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny wagyz etmek babatda halkara forumlaryň, maslahatlaryň umumy syýasy meýdançasy bolup durýar.
Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň durmuşa geçirilmegi babatda ykdysady, guramaçylyk we hukuk şertleriniň döredilmegine ýardam edýändigi we bu syýasatyň esaslarynyň amala aşyrylmagynda tagallalary birleşdirýändigi baradaky kadalar hem Konstitusion kanunda öz beýanyny tapýar.
Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, berkarar türkmen döwletiniň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha ýokarlanmagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň mundan beýläk hem belent bolmagyny, ähli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Ýusupguly EŞŞÄÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy