The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

02.10.2025

ASYLLY DÄBE EÝERIP

 

     Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň her bir güni zähmet üstünliklerine beslenip, şanly wakalary bilen dabaralanýar. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän guwançly wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň ösüş-özgerişli menzilleriniň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstümizdäki ýylyň taryhy wakasy bolandygy guwandyrýar. 

     Garaşsyz döwletimizde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýän, ýetilen belent sepgitleri, öňde durýan wajyp wezipeleri halk köpçüliginiň wekilleri bilen maslahatlaşmak hem-de oňyn netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek gadymy halkymyzyň asylly däpleriniň biridir. Golaýda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem ýokarda ýatlanan asylly ýörelgäniň dowam etdirilýändigini ýene-de bir gezek subut etdi. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly çykyşlary üns berlip diňlenildi we mejlise gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. 

     Hormatly Prezidentimiz çykyşynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýär. Munuň özi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda döwletimiziň maýa goýum syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen tutumly işleriň rowaçlanýandygyny nygtap geçdi. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünliklere, ykdysady ösüşiň depginini ýokarlandyrmak bilen bagly öňde durýan wajyp wezipelere ünsi çekdi. Mejlisde il-ýurt bähbitli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gazanylan üstünliklere seljerme berlip, abadan geljegimiziň wezipeleri kesgitlenildi. 

 

Atamyrat AMANDURDYÝEW. Mary etrabynyň S.Türkmenbaşy şäherçesindäki saglyk merkeziniň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty