The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

23.09.2025

AZYK BOLÇULYGY — YKDYSADY KUWWATLYLYK

 

     Bäs­deş­li­ge ukyp­ly oba­se­na­gat top­lu­my­ny ke­ma­la ge­tir­mek, azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek we eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir. Ýur­du­myz­da oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­ler ma­li­ýe-ykdysady taý­dan gol­da­nyl­ýar. Daý­han­la­ra dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy oba hoja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny we en­jam­la­ry­ny sa­tyn al­mak üçin ýeňil­lik­li esas­da karz­lar be­ril­ýär. Mu­nuň özi ola­ry tä­ze zäh­met üs­tün­lik­leri­ne ruh­lan­dyr­ýar, Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuwwatynyň pug­talan­dy­ryl­ma­gy­na, hal­ky­my­zyň dur­muş hal-ýag­da­ýy­nyň ýo­kar­landy­ryl­ma­gy­na goşant goşýar. 19-njy sentýabr­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len Halk Mas­la­ha­tyn­yň mejlisinde Milli Li­de­ri­miz hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz taryhy çykyşlar edip, Ga­raş­syz­lyk ýylla­ryn­da oba ho­ja­lyk işgärle­ri­niň uly zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ga­zanan­dyk­la­ry­ny bellediler. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň: «Biz oba hojalyk pu­da­gy­nyň işi­ni ylym hem-de ýo­ka­ry teh­no­logi­ýa­lar bilen bag­la­nyş­dy­ryp, gel­jek­de-de giň ge­rim­de ös­dü­re­ris» di­ýen söz­le­ri bol­sa zäh­met­keş hal­ky­my­zyň kal­byn­da buý­sanç duýgulary­ny dö­ret­di. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, mu­kad­des Garaşsyzly­gy­my­zyň şan­ly 34 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li oba zäh­metkeş­le­ri­niň en­çe­me­si­ne döw­let sy­lag­la­ry­nyň, Şa serpaýlary­nyň gow­şu­ryl­ma­gy ola­ry ýeneki zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dyr­dy. 

 

     Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda, oba hojalyk toplumyny ulgamlaýyn dolandyrmak, onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk we Ylmy-barlag pagtaçylyk institutlary döredildi. Ylym ulgamy oba hojalygyndaky meseleleriň iş ýüzünde çözülmegine gönükdirilýär. Bu ylmy-barlag institutlarynyň alymlary tarapyndan güýzlük bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ir bişip ýetişýän, ýokary hilli, bol hasyl berýän täze sortlaryny döretmek we olaryň ilkinji tohumçylyk işlerini ylmy esasda alyp barmak üçin degişli işler geçirilýär. Şu möwsümde bugdaýyň «Arkadag», «Serdar», «Pyragy» ýaly täze görnüşleri ekildi. Olar ýokary hasyllylygy, kesellere durnuklylygy we beýleki ýokary görkezijileri bilen tapawutlanýar. Bu bolsa oba hojalyk pudagynyň ylmy esasda ösdürilmegine, ýurtda azyk howpsuzlygynyň berkidilmegine, pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. 

     2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy ekerançylarda mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekmäge höwes döretdi. Şu ýyl edermen gallaçy daýhanlarymyz 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny Watan harmanyna tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öň­de goýlan wezipeler üstünlikli berjaý edilip, 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürildi. 10-njy sentýabrda bolsa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda pagta ýygymyna girişildi. Häzirki wagtda edermen daýhanlarymyz «ak altynyň» bol hasylyny ýygnamak işlerini üstünlikli dowam edýärler. Pagtaçylyk oba hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek we milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

     Obasenagat toplumynyň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmaga ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Şeýlelikde, ABŞ, Germaniýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy ýaly dünýäniň öň­debaryjy önüm öndürijilerinden täze traktorlar, kombaýnlar, ekskawatorlar, ýer tekizleýjiler satyn alynýar. Pudagy tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Konsepsiýasy esasynda täzeçil usulda ýerine ýetirilýär. Mysal üçin, ABŞ-nyň «John Deere», Germaniýanyň «CLAAS» ýaly ýokary öndürijilikli tehnikalary tapgyrlaýyn esasda dolandyryşyň telematik sanly elektron ulgamy bilen enjamlaşdyrylýar. Kärendeçileriň we beýleki önüm öndürijileriň zerur dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen bökdençsiz üpjün edilýändigini hem aýtmalydyrys. Oba hojalyk toplumynyň ähli düzümlerinde ýaýbaň­landyrylan giň möçberli özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, şol sanda içerki bazary özümizde öndürilýän önümler bilen doly üpjün etmek boýunça öň­de goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine giň ýol açýar. 

     Soň­ky ýyllarda maldarçylygy we guşçulygy ösdürmäge hem aýratyn uly üns we goldaw berilýär. 2025-nji ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa instituty döredildi. Ol maldarçylyk we guşçulyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek, weterinariýa barlaglarynyň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, öri meýdanlary rejeli peýdalanmak boýunça geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň, gaýtadan işlenilişiniň tehnologiýalaryny kämilleşdirmek ýaly maksatlary göz öňünde tutýar. Türkmenistanda maldarçylygy, dowardarçylygy, guşçulygy, düýedarçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary ýerli howa şertlerini we ot-iým üpjünçiligini göz öňünde tutmak, öň­debaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy gi­ňeltmek esasynda alnyp barylýar. 

     Döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň soň­ky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly suw serişdelerini rejeli ulanmak oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli meýilnamalaryň aýrylmaz bölegidir. Suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Onuň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna iri möçberli maliýe serişdeleri gönükdirilýär, ähli welaýatlarda täze gidrotehniki desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Olar suw akymlarynyň bellenen ugurlar boýunça bökdençsiz geçirilmegini üpjün edýär. Garagum sährasynyň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi möhüm ekologik, ykdysady we durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär. 

     Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede ilkinjileriň hatarynda utgaşdyran ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen oba hojalyk pudagy boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalygynda durnukly ösüşe ýardam bermek ýaly möhüm ulgamda tagallalary birleşdirmek köpugurly hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biridir. Soň­ky döwürde ýurdumyzyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygy täze mazmunda baýlaşdyrylýar. Bu gurama bilen bilelikde birnäçe taslamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygy ulgamynda sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen dürli çäreler BMG hem-de onuň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlygyň netijesidir. 

     Oba hojalyk pudagyny döwrüň talaplaryndan ugur alyp ösdürmegi nazarda tutýan Türkmenistanyň kanunlary, birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary bu pudagyň kanunçylyk esaslaryny düzýär. Ýakyn we uzak möhletlere niýetlenen maksatnamalaryň hem pudagy ösdürmekde aýratyn orny bardyr. Olarda azyk, guşçulyk, et we süýt önümçilik kärhanalarynyň senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin şertler döredilýär. Netijede, ýurdumyzda ekologik taýdan arassa gök önümleriň, miweleriň, bugdaýyň we pagtanyň bol hasyly ýetişdirilýär. 

 

Azat SEÝ­DI­BA­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Daş­ky gurşa­wy go­ra­mak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.