The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

02.10.2025

BUÝSANJYMYŇ ÇÄGI ÝOK

 

     Eziz Diýarymyzyň her bir güni şanly senelere, taryhy wakalara, ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilip, onda taryhy çözgütler kabul edildi. Umumy milli forumyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy. Olaryň arasynda maňa-da Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň berilmegi meni täze üstünliklere galkyndyrdy. Eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerime ýokary baha berlip, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmagym meni, agzybir maşgalamy, kärdeşlerimi diýseň begendirdi, buýsandyrdy. 

     Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ýaşlar hakynda uly alada edilýär. Men hem öz gezegimizde ýaşlaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda, olary her işlerinde goldamakda, olaryň arasynda wagyz-nesihat edip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri hem daşary syýasatyny düşündirmekde yhlasymy gaýgyrman işlejekdigime ynandyrasym gelýär. 

 

Maksat JANMYRADOW. TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi.