Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny, döwletli tutumlaryny ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi agzybir halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmäge, dünýäde parahatçylygy, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär. 2025nji ýylyň dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Munuň özi hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadynda durýan gymmatlyklaryň dünýäde giňden ykrar edilýändiginiň nyşanydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hemde hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde türkmen Bitaraplygy halkara giňişlikde uly gyzyklanma eýe bolýar. Ýakynda, has takygy, 21nji martda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79njy sessiýasynyň 61nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan üçünji gezek kabul edilmegi bagtyýar zamanamyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan buýsançly waka öwrüldi. Bu waka BMGniň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň sebitiň ýurtlary we dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde eýeleýän işjeň ornuny ykrar edýändigini tassyklaýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän iri forumlarda, maslahatlarda hem eziz Watanymyzyň köpugurly başlangyçlary, asylly maksatlary gyzgyn goldanylýar. Şu ýylyň 19njy martynda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu halkara forum ýurdumyzyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlarynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.
Agzybirligiň hem jebisligiň ýoly bilen ynamly ilerleýän türkmen halky Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny uly üstünliklere, taryhy wakalara besleýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent şanşöhratyny artdyrýar. Eziz Diýarymyzy ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan, berkarar Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza hemde Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.
Begenç GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky
komitetiniň agzasy.