Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Bitaraplyk hukuk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Milletler Bileleşiginiň taryhynda möhüm sahypa öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Çünki bu başlangyçlar parahatçylyk we ynanyşmak arkaly durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Şu aýdýanymyza mysal hökmünde Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamalary ýatlamak bolar.
Garaşsyz Türkmenistanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň baýramy “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan ýylymyzyň taryhy wakasy bolup, şanly senäniň toý dabarasy dünýä dolar. Indi 30 ýyla golaý döwrüň içinde Türkmenistan döwletimiz möhüm wezipeleri halkara tagallalary birleşdirmek we syýasy-diplomatik şertleri döretmek üçin zerur çäreleri görüp, parahatçylykly ýol bilen çözülmegi ugrunda çykyş edip gelýär. Bu bolsa, döwletimiziň halkara abraýynyň täze belentliklere çykmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Ali RAHMEDOW.
Ýolöten etrap häkimliginiň bölüm müdiri,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.