Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Bu gün eziz Diýarymyz diňe bir ykdysady babatda ägirt uly ösüşleri gazanýan ýurt hökmünde ählumumy ykrarnama eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hökmünde-de giňden tanalýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, sport berk bedenliligiň, ýokary ruhubelentligiň, gaýratlylygyň düýp binýadyny emele getirýär. Halkymyzda berk bedenlilige, gujur-gaýratlylyga, şähdaçyklyga we ruhubelentlige hemişe aýratyn üns berlipdir. Toýlarda guralýan göreş tutmak, at çapmak, ýaglyga towusmak ýaly milli oýunlar ynsana beden saglygyny eçilýär.
Welaýatymyzda hem bedenterbiýäni we sporty ähli taraplaýyn ösdürmek, bu ulgamy adamlaryň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwürmek üçin ähli şertler döredilendir. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, ilkinji guramalarynyň hem-de olaryň işjeň agzalarynyň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek babatda alyp barýan işleri maksada okgunlylygy bilen tapawutlanýar. Hemişe bolşy ýaly, bu asylly işlerimizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem yzygiderli dowam etdirýäris. Türkmen sportunyň halkara derejede gazanýan üstünliklerini halk köpçüligine wagyz etmekde tagallalarymyzy gaýgyramzok.
Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde «Ruhy saglyk beden saglygynyň esasydyr, sagdyn ýaşaýşyň aýdyň ädimleridir», «Türkmen sporty dünýä ýaň salýar» atly şygarlar astynda welaýatyň edara-kärhanalarynyň, ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň wekillerinden düzülen toparlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça geçiren ýaryşlarymyz ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Welaýatymyzyň etrap-şäherlerindäki, oba-şäherçelerindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky döwrebap sport desgalarynyň, açyk asmanyň astyndaky sport meýdançalarynyň ýaşlarymyza sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, türgenleşmäge, ýurt we halkara derejedäki ýaryşlarda çykyş edip, baýrakly orunlary eýeläp, ýaşyl Tugumyzy belende götermäge giň mümkinçilikleri döredýändigini bolsa aýratyn nygtamak isleýäris. Sport ulgamynda alyp barýan işlerimizi mundan beýläk hem dowam etdireris. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň ruhy taýdan kämil, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin dünýä nusgalyk mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyzyň çägi ýok. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Guwanç Çendirow,
Türkmenistanyň Demokratik
partiýasynyň welaýat komitetiniň
başlygy, Türkmenistanyň
Mejlisiniň deputaty.