​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
03.07.2025

Ýokary işjeňlik görkezýärler

 

     Ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmek, telekeçiligiň gerimini giňeltmek syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Alnyp barylýan işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar, senagat önümçiliginiň netijeliligi we düşewüntliligi artýar hem-de ýurdumyzda hususy telekeçilik ösýär.

     Welaýatymyzda hem ýylyň islendik paslynda bereketli saçagymyzyň bezegi bolup durýan süýt we süýt önümlerini we gök önümleri öndürýän hususy kärhanalaryň birnäçesi işe girizilip, täze iş orunlary döredildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy bolan Gyzylarbat etrabynyň Paraw obasyndaky «Ýazlak» haryt nyşanly süýt we süýt önümleri öndürýän hususy kärhana hem şolaryň biridir. Bu ýerde bir ýylyň dowamynda süýt we süýt önümleriniň 700 tonnadan gowragy öndürilip, olar üç görnüşli gatyk, iki görnüşli uýadylan gaýmak, aýran, çig gaýmak, peýnir, içimlik süýt ýaly önümlerdir. Ol önümler ýurdumyzyň paýtagty

Aşgabat şäheriniň we welaýatymyzyň bazarlaryna, dükanlaryna ýörite awtoulaglar bilen paýlanýar. Kärhanada zähmet çekýän işgärleriň ählisiniň diýen ýaly ýaşlar bolmagy begendirýär. Olar öňde goýlan maksatlara ýetmek, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmak bilen bagly işlerde işjeňlik görkezýärler. 

     Telekeçiligi goldap, barha ösdürýän, söwda işini amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

 

Tuwakgylyç WElIÝEW,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň 

welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.