Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşlere beslenýär, türkmen halky bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Bu günki gün hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýy barha ýokarlanýar. Parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan hemişelik Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan hoşniýetli hyzmatdaşlyga, dost-doganlyga belent sarpa bilen garaýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň toýlanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda toýlarymyz toýlara ulaşýar. Ýakynda dünýä nusgalyk Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirilip, halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşdy. Munuň özi agzybir türkmen halkymyzyň parahat durmuşda, bagtyýarlykda ýaşaýandygyny, täze üstünliklere ruhubelentlik bilen barýandygyny alamatlandyrýar. Şunuň ýaly şanly wakalar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň toý-baýramlarydyr, täze üstünlikleriniň şuglasydyr.
Häzirki ajaýyp döwrümizde şanly wakalar dünýä ýaýylýar, dost-doganlyk ýoluny has-da berkidýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistan dost-doganlygyň, toý-baýramlaryň mekany hökmünde tanalýar. Ýurdumyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dostlukly gatnaşyklarymyzyň gerimini has-da giňeldýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda halkara maslahatlar, forumlar, daşary döwletleriň medeniýet günleri, şol döwletlerde Türkmenistanyň medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär. Döwletara gatnaşyklarda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerinden ugur alynýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäde parahatçylygy gorap saklamak we ony berkitmek maksatlaryna gulluk edýär. Bitaraplyk—agzybirligiň, abadançylygyň, asuda ýaşaýşyň, ýagty geljegiň berk binýady. Bitaraplyk parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, çalt we yzygiderli ösüşlere, şeýle-de milli däp-dessurlarymyzy döwrebap dowam etdirmegimize gönükdirilen tutanýerli özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzyň üstünlikleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy hakynda tüýs ýürekden beýan etmek örän ýakymlydyr. Çünki hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler şu günümiziň üstünliklere beslenýändigini, geljegimiziň has-da ösüşlidigini aýdyň beýan edýär. Bularyň ählisi geljek nesillerimiziň bagtyýar durmuşy üçin amala aşyrylan beýik işlerdir. Häzirki ajaýyp döwrümizde Arkadag şäheri dünýä nusgalyk «akylly» şäherdir. Döwrebap ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş desgalary sanly ulgam bilen berk baglanyşdyrylyp, «akylly» öýleriň nusgasyna öwrüldi. Ol jaýlar özleriniň döwrebaplygy, ähli şertleri bilen tapawutlanýar. Elbetde, şeýle döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we halkyň eşretli durmuşyna gönükdirmek ykdysady taýdan örän kuwwatlylygyň alamatydyr. Türkmen halkyna şeýle bagtyýarlygy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Zyba NEPESOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim,
medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky
komitetiniň baş hünärmeni.